JEMGYÝET

Täze çagalar dynç alyş seýilgähi gurlar

Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde täze binagärlik we şähergurluşyk ulgamyny kemala getirmek hem-de berk bedenli, sagdyn ýaş nesli terbiýeläp ýetişdirmek, şeýle hem çagalaryň dynç alyş şertlerini has-da gowulandyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Daşoguz welaýatynyň häkimligine S.A.Nyýazow adyndaky etrapda çagalar üçin döwrebap dynç alyş seýilgähiniň taslamasyny düzmek we ony ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak barada “Ajaýyp gurluşyk” hususy kärhanasy bilen şertnamany baglaşmaga ygtyýar berildi.

Resminama laýyklykda, gurluşyk işlerine 2021-nji ýylyň awgust aýynda başlamak we seýilgähi 2022-nji ýylyň iýun aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

Tokio-2020: medal üçin iň köp pul sylagyny berýän ýurtlar

 

 

 

Ýene-de okaň

Ýusuf Azmun: täze kitap iňlis we türkmen dili üçin gymmatly gollanma

Donald Tramp Türkmenistanyň Prezidentini Nowruz baýramy bilen gutlady

Gruziýa türkmen gazyny we nebitini üstaşyr geçirmekde goldaw bermäge taýýar

Türkmenistan Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň Müdiriýetiniň mejlisine gatnaşdy

Aziýa Kubogy–2027: ertir Türkmenistan Tailand bilen duşuşar.

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarynyň Gruziýanyň Premýer-ministri bilen duşuşygy