JEMGYÝET

Täjigistanda Prezident saýlawlary geçiriler

Täjigistanyň ýokarky we aşaky parlamentiniň deputatlarynyň bilelikdäki mejlisinde şu ýylyň 11-nji oktýabrynda prezident saýlawlaryny geçirmek barada karar kabul edildi. Bu barada ýurduň metbugat gulluklary habar berýär.

Täjigistanyň Prezidenti 7 ýyl möhlet bilen gizlin ses bermek arkaly saýlanýar. Dalaşgär soňky 10 ýylda bu ýurduň çäginde ýaşaýan, döwlet (Täjigistan) dilinde gürleýän, ýokary bilimli we ýaşy 30 ýaşdan az bolmadyk Täjigistanyň raýaty bolmalydyr. Saýlawlara gatnaşmak isleýän dalaşgär goldaýan saýlawçylaryň azyndan 5% -iniň gollaryny ýygnamaly.

Saýlawçylaryň 50%-den gowragy gatnaşan bolsa, saýlawlar geçirilen hasap edilýär. Dalaşgärleriň ýeňiş gazanmagy üçin 50%-den köp ses almagy gerek.

Täjigistanda iň soňky gezek prezident saýlawlary 2013-nji ýylyň 6-njy noýabrynda geçirildi. Ýurduň häzirki Prezidenti Emomali Rahmon Täjigistanyň Halk-demokrat partiýasynyň ýolbaşçysy bolmak bilen sesleriň 83,9 göterimi alyp, täzeden saýlanypdy.

Täjigistandaky Prezident saýlawlary ýurt garaşsyz bolanyndan soňra geçiriljek altynjy saýlaw bolar.

 

Ýene-de okaň

Türkiýäniň ilçisi: 2025-nji ýylda türkmen raýatlaryna takmynan 120 müň wiza berildi

Eswatini türkmen işewürligi üçin gapylaryny açýar: Premýer-ministr Dlamini bilen duşuşyk

Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynda desgalaryň 220-den gowragy gurulýar

BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynda Türkmenistanyň agzalygy

Türkmenistanyň işewür wekiliýetiniň Eswatini Patyşalygyna sapary

Türkmenistanyň Prezidenti Watan goragçylaryny hünär baýramy bilen gutlady