BILIM

Täjigistan 12 ýyllyk bilim ulgamyna geçmegi meýilleşdirýär

Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon hökümete 12 ýyllyk bilim ulgamyna geçmek üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Ol ýyllyk ýüzlenmesinde Täjigistanyň bilim ulgamyny mümkin boldugyça tiz halkara bilim giňişligine girizmek maksady bilen, 2004-nji ýylda paýtagtdaky ýokary okuw mekdeplerinde kredit ulgamyna geçmegiň başlandygyny, 2014-nji ýylda bolsa bu ulgamyň ähli degişli okuw mekdeplerinde ornaşdyrylandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, indi bu ulgamyň ähli oňyn we oňaýsyz taraplaryny seljermek we jemlemek wagtynyň gelendigini aýtdy.

— Seljermegiň netijesine görä, geljekki 25 ýylda Täjigistanda okuwçylaryň sany dört milliona ýeter. Şonuň üçin biz mugallymlaryň sanyny köpeltmek, okuw jaýlaryny gurmak we bilim ulgamyny dünýä standartlaryna laýyk getirmek, ýagny 12 ýyllyk okuw ulgamyna geçmek boýunça çäreleri görmelidiris — diýip, Emomali Rahmon belledi.

Ol ýurduň hökümetine 2030-njy ýyla çenli niýetlenen Bilimi ösdürmegiň milli strategiýasynyň ýerine ýetiriliş ýagdaýyny hemmetaraplaýyn gözden geçirmegi we ony täze maksatlara laýyklykda kämilleşdirmegi tabşyrdy.

— Biz döwletiň we milletiň geljeginiň göni manyda bilimli, sowatly, hünärli, ýeterlik derejede aň-bilimli we medeniýetli, watançylyk ruhunda terbiýelenen we ýokary milli duýga eýe bolan nesle baglydygyny ýatdan çykarmaly däldiris — diýip, Täjigistanyň Prezidenti aýtdy.

Ýene-de okaň

Aşgabatda Lu Ban ussahanasyny açmak boýunça iş maslahaty geçirildi

Türkmen mugallymy Hytaýda türkmen dili dersi boýunça talyplara bilim berýär

Türkmenistan halkara matematika olimpiadasynda 211 medal gazandy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň intellektual eýeçilik ulgamyny ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Konsepsiýasy tassyklanyldy

Ykdysady taslamalar boýunça Startup bäsleşigi geçirildi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň bilim ministri Parižde GEM 2026 hasabatynyň tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşdy