SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Syýahatçylygyň ýitgisi has uly

Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan koronawirus ýokanjy sebäpli dünýä syýahatçylygynda 1,2 trillion dollarlyk ýitginiň bolup biljekdigi mälim edildi. Pudakda öňe gidişlik bolmadyk halatynda ýitginiň hem has ýokary boljakdygy habar berildi.

Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) Söwda we ösüş boýunça konferensiýasy (UNCTAD), koronawirusynyň täze görnüşi (Covid-19) sebäpli ýüze çykan ykdysady çökgünlik sebäpli dünýä syýahatçylyk pudagynyň şu ýyl 1,2 trillion dollar zyýan çekip biljekdigini habar berdi. Guramanyň taýýarlan hasabatyndan görnüşi ýaly, dünýä syýahatçylyk pudagynyň mart aýyndan bäri epidemiýa sebäpli ýüze çykan ykdysady pese gaçmagy sebäpli 2020-nji ýylda 1,2 trillion dollar ýitirip biljekdigi mälim edildi, bu bolsa dünýäniň jemi içerki önüminiň (JIÖ) 1,5 göterimine deňdir.

Hasabatda halkara syýahatçylygyndaky kynçylykly döwrüň 8 aý dowam eden ýagdaýynda bu pudakdaky ählumumy ýitginiň 2,2 trillion dollara çenli ýokarlanyp biljekdigi mälim edildi.

Syýahatçylyk pudagyndaky 12 aý dowam etjek kynçylygyň 3,3 trillion dollarlyk bir ýitgä sebäp boljakdygy hem bellenilip geçilýär.

Birleşen Milletler Guramasynyň Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasynyň (UNWTO) hasabatyna görä, soňky 20 ýylda gerimini üç esse artdyran we köp ýurtlaryň ykdysadyýetiniň esasy sütüni bolup durýan syýahatçylyk pudagy dünýädäki millionlarça adamyň girdeji gazanýan pudagydyr.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň raýatlarynyň dykgatyna: Türkiýäniň wizasy üçin täze bildiriş

Türkmenistan bilen Gazagystan uçar gatnawlaryny täzeden ýola goýmagy meýilleşdirýär

Ata Watan Eserleri

Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde çagalaryň 985-sine dikeldiş bejergisi geçirildi

Kolosseýde Göbekli depe Artefaktlaryna bagyşlanan sergi açyldy

Awiasiýa howpsuzlygy üpjün etmegiň Döwlet maksatnamasy taýýarlandy

Türkmenistanyň lukmançylyk uniwersiteti ylmy elektron žurnal çap eder