Dünýäniň iň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan Stanford University kitaphana ulgamynyň resmi katalogyna “Makul English–Turkmen Dictionary: General, Law, Business, Medicine, AI, Sports” atly sözlük girizildi.

Stanford uniwersiteti ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatynyň Stanford şäherçesinde ýerleşýär we dünýä derejesinde ylmy-barlag işleri, tehnologiýa hem-de hukuk, lukmançylyk, ykdysadyýet ýaly ugurlar boýunça öňdebaryjy merkezleriň biri hökmünde tanalýar. Uniwersitetiň kitaphana ulgamy millionlarça kitap, ylmy žurnal, sanly maglumat bazalary we seýrek neşirleri öz içine alýar. Stanford Libraries dünýäniň dürli ýurtlaryndan neşir edilen ylmy işleri, sözlükleri we ýöriteleşdirilen neşirleri resmi katalog arkaly alymlara hem-de talyplara elýeter edýär. Bellemeli zat, dünýäniň iň abraýly uniwersitetleriniň biri bolan Garward uniwersiteti hem öz kitaphanasynyň katalogyna “Makul English–Turkmen Dictionary” sözlügini girizipdi.
“Makul English–Turkmen Dictionary” 16,500-den gowrak iňlisçe sözi türkmen diline terjime edip, diňe bir umumy sözleri däl, eýsem hukuk, işewürlik, ykdysadyýet, lukmançylyk, sport hem-de emeli intellekt ýaly ýörite ugurlary hem öz içine alýar. Bu aýratynlyk ony diňe dil öwrenijiler üçin däl, eýsem hünärmenler we ylmy işgärler üçin hem peýdaly çeşmä öwürýär.
Sözlügiň şeýle abraýly halkara uniwersitetiň kitaphanasynyň katalogyna girizilmegi türkmen diliniň halkara ylmy giňişlikdäki ornunyň güýçlenýändigini görkezýär. Şeýle ädimler türkmen dilindäki ylmy neşirleriň dünýä derejesinde tanalmagyna we elýeterliliginiň artmagyna möhüm goşant goşýar.
Sözlügiň Stanford katalogyndaky ýazgysyna şu baglanyşyk arkaly girip bolýar:
https://searchworks.stanford.edu/view/in00001005941
Redaksiýa topary we dizaýn
Sözlügiň taýýarlanmagyna birnäçe alymlar we hünärmenler gatnaşdy. Redaksiýa toparynyň düzümine aşakdakylar girýär:
Amangeldi Baýgeldiýew — Filosofiýa ylymlarynyň kandidaty
Azat Nazarow — Dilçi
Şamil Roznazarow — “Makul Hyzmat” Terjime merkeziniň direktory
Dowran Orazgylyjov — Hukuk ylymlarynyň doktory, awtor we baş redaktor
Kitabyň kompýuter dizaýny ýaş hünärmen Ysmaýyl Orazgylyjov tarapyndan ýerine ýetirildi. Neşir işi “Makul Hyzmat” Terjime merkezi tarapyndan goldanyldy.
Halkara ykrar edilmegi
Sözlügiň giriş sözi halkara derejede tanalýan alymlar we resmi şahslar tarapyndan berlen pikirler bilen baýlaşdyryldy.
S. Frederick Starr (ABŞ-nyň Daşary syýasat geňeşinde Ýewraziýa boýunça barlagçy, Johns Hopkins uniwersitetiniň professory) bu sözlügiň “türkmen diliniň halkara derejede öz mynasyp ornuny eýelemegi üçin şert döredýändigini” belläp, ony “dilleriň arasynda möhüm köpri” hökmünde häsiýetlendirdi.
Eric Stewart (ABŞ–Türkmenistan Işewürlik geňeşiniň ýerine ýetiriji direktory) bolsa şeýle diýdi:
“Açyk aragatnaşyk söwda we maýa goýumlaryň binýadydyr. Bu kitap ýurtlarymyzyň arasynda uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň giňelmegine goşant goşar.”
“Amazon” arkaly elýeterli
“Makul Sözlügi” häzirki wagtda dünýäniň iň iri onlaýn kitap platformasy bolan “Amazon” arkaly hem satyn almak üçin elýeterlidir:
👉 https://www.amazon.com/dp/B0FQ1D2KRN
“Makul Sözlük” Garward uniwersitetiniň kitaphana katalogyna girizildi
