SPORT

Stambulda türkmen toparlarynyň futbol bäsleşigi geçiriler

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanyp, ýurdumyzyň Türkiýe Respublikasyndaky Baş konsullygy (Stambul şäheri) tarapyndan futbol boýunça ýaryş geçiriler. Futbol ýaryşy 2021-nji ýylyň 29-nji awgustynda geçiriler.

Futbol ýaryşyna gatnaşmak üçin toparyň kapitany, toparlaryň adyny 2021-nji ýylyň 22-nji awgusty sagat 17:00 çenli hasaba aldyrmaly.

Futbol ýaryşyna gatnaşmak we tomaşa etmek üçin ähli talyp we myhmanlary çagyrylýar.

Habarlaşmak üçin: Uktam Islamkulow: +90 553 525 46 75

Ýeri gelende bellesek, Stambul şäherinde hereket edýän Türkmenistanlylar Raýdaşlyk jemgyýeti tarapyndan 2019-nji ýylyň ahyrynda  Türkiýedäki Türkmenistanlylaryň arasynda “Atawatan futbol bäsleşigi” atly sport çäresini geçirilipdi we bu bäsleşige 16 topar gatnaşypdy. Her ýyl geçirilmegi meýilleşdirilýän bu bäsleşik geçen ýyl dünýäde emele gelen pandemiýa sebäpli geçirilmedi. Türkmenistanlylar Raýdaşlyk jemgyýeti tarapyndan habar berilişine görä, üstümizdäki ýylyň noýabr-dekabr aýlarynda “Ata Watan Futbol” bäsleşigi geçirilmegi meýilleşdirilýär.

 

Türkmenistanlylar raýdaşlyk jemgyýetiniň futbol bäsleşigi

 

Stambul şäherinde Türkmenistanlylar raýdaşlyk jemgyýeti döredildi

Ýene-de okaň

«Arkadag» topary AFK-2 Çempionlar ligasynda «Al-Ahli» bilen deňme-deň oýnady

Durant NBA taryhyndaky iň köp hak alýan basketbolçy bolar

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň başlygy FIFA-nyň Tehniki ösüş komitetiniň agzalyga saýlandy

Futbol boýunça dünýä çempionaty üçin 1 milliondan gowrak bilet satyldy

Ata Watan Eserleri

Ronaldo dünýäde iň köp hak alýan futbolçy boldy

Aziýanyň tennis federasiýasy Türkmenistanda tennisiň ösüşine ýokary baha berdi