SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Stambul-Türkmenbaşy ýörite uçar gatnawy amala aşyryldy

Türkiýäniň “Türkhowaýollary” awiakompaniýasynyň Aşgabatdaky şahamçasynyň Halkara “Atavatan Türkmenistan” žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyna beren maglumatyna görä, Türkiýäniň “Türkhowaýollary” awiakompaniýasy 8-nji aprelde Stambul-Türkmenbaşy-Stambul ugry boýunça ýörite uçar gatnawyny amala aşyrdy.

Bu barada ozal hem size habar beripdik. Şoňa laýyklykda,  türk awiakompaniýasy nobatdaky ýörite uçar gatnawyny ýerine ýetirdi.

Ozal hem habar berşimiz ýaly, Türkiýäniň “Türkhowaýollary” awiakompaniýasy 9-njy martda Stambul-Aşgabat-Stambul, 14-nji we 26-njy martda bolsa, Stambul-Türkmenbaşy-Stambul ugry boýunça gatnawlary ýerine ýetirdi.

Şu ýerde ýene-de bir zady bellemek gerek. Ýakyn wagtda Türkiýäniň “Türkhowaýollary” awiakompaniýasy ýene-de bir ýörite uçar gatnawy amala aşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada hem size ýakyn wagtda habar bereris. 

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com saýtynda ýerleşdirilýän ýurdumyzyň täzelikleri, bäsleşikler, tenderler, uçar gatnawlary we beýleki habarlardan habarly bolmak isleseňiz, onda, mobil goşundymyzy şu aşakdaky linke basyp ýükläp alyp bilersiňiz.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Bütindünýä saglyk gününi sport çäreleri bilen bellär

Özbegistanda syýahatçylyk çalt ösýär: täze strategiýa ykdysady ösüşi güýçlendirýär

Türkmenistanda “Turkmentravel-2026” atly halkara syýahatçylyk sergisi geçiriler

Alanýa sizi ultra trail halkara marafona çagyrýar

«ITB BERLIN – 2026» halkara sergisinde Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçilikleri tanyşdyryldy

Daşary ýurt awiakompaniýalary Türkmenistanyň üsti bilen üstaşyr gatnawlary artdyrýarlar