SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Stambul-Türkmenbaşy-Stambul ugry boýunça ýörite uçar gatnawy meýilleşdirilýär

Türkiýäniň “Türkhowaýollary” kompaniýasynyň Aşgabat şäherindäki şahamçasy tarapyndan  “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyna gelip gowşan  täze maglumata görä, bu kompaniýa şu ýylyň 24-nji oktýabrynda Stambul-Türkmenbaşy-Stambul ugry boýunça ýörite uçar gatnawyny amala aşyrmagy meýilleşdirýär.

Türkiýäniň “Türkhowaýollary” kompaniýasyndan täze gelip gowşan habara görä, ozal habar beren 24-nji oktýabrdaky uçar gatnawy 27-nji oktýabra geçirilipdir.

Ozal hem habar berşimiz ýaly, Türkiýäniň “Türkhowaýollary” kompaniýasy öňümizdäki döwürde 4 sany ýörite uçar gatnawyny amala aşyrmagy göz öňünde tutýar. Ine, şol gatnawlaryň biriniň şu ýylyň 24-nji oktýabrynda däl-de, 27-nji oktýabrda ýerine ýetirmek meýilnamalaşdyrylýar.

Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Konsullyk gullugynyň “Telegram” jemgyýetçilik torundaky hasabynda hem maglumat ýerleşdirilipdir. Şol maglumata görä, Türkiýäniň üsti bilen Russiýa gitmek isleýänleriň bu gatnawdan peýdalanyp biljekdigi bellenilýär.

Hususan-da, Russiýa Federasiýasyna gitmäge esasnamasy bolan Russiýanyň we daşary ýurduň raýatlarynyň şu gatnawdan peýdalanyp biljekdigi aýdylýar. Şeýle hem maglumatda bu barada has içgin maglumat almak üçin “Türkhowaýollary” kompaniýasy kassasyna ýüt tutulyp bilinjekdigi bellenilýär.

Russiýa gitjekler üçin wiza almagyň düzgünleriniň Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň resmi internet sahypasynda ýerleşdirilendigi habar berlipdir.

Soňky gezek “Türkhowaýollary” kompaniýasy 2021-nji ýylyň 3-nji oktýabrynda Stambul-Türkmenbaşy-Stambul ugry boýunça ýörite gatnawy amala aşyrypdy.

Şu gün habar berşimiz ýaly, Russiýanyň “S7” awiakompaniýasy Türkmenabat-Moskwa ugry boýunça nobatdaky 23-nji ýörite gatnawyny amala aşyrdy.

Siz halkara uçar gatnawlary baradaky we beýleki habarlary gyzgyny bilen okamak üçin “Google Plaý Marketden” şu ýere basyp “Atavatan APP” Applikasiýasyny ýükläp alyň!

Atavatan TV” YouTube kanalymyzdaky täze show gepleşigimize tomaşa etdiňizmi?  Show gepleşigimize şu wagta çenli Söhbet Kasymow, Ahmet Atajanow, Kerim Hally, Perhat Ataýew we Jelil Atajykow hem-de beýleki sungat ussatlary myhmançylykda boldy. Siz ähli gyzykly we güldürýän show gepleşiklerimizi şu ýere basyp tomaşa edip bilersiňiz!

Biz indi rus dilindäki habarlary hem yzygiderli Size ýetirip durýarys we saýtymyzdaky rus dilindäki habarlary okamak ùçin şu ýere basyñ.

Siz biziñ @atavatanturkmen Instagram sahypamyzdan saýtymyza girilen Türkmen dilindäki habarlary okap bilersìñiz.

Rus, Inlis we Türk dilindäki Instgaram habarlarymyz ùçin @atavataninternational hasabymyzy yzarlaň!

Android ulgamynda işleýän Google Plaý marketde hereket edýän Makul Sözlük  Applikasiýasyny” göçürip almak üçin şu ýere basyň!

E-mail salgysy : makulhyzmat@gmail.com

 

“Makul Terjime”  telefony:

+993 63 78 96 73 & : + 993 12 96 48 55

Aşkabat, Oguzhan (Aýtakow)-Ankara (Ýubileýni) köçesi, A Blok, Makul Hyzmat Ofis, 4-nji gat, 401

E-mail salgysy : makulhyzmat@gmail.com

 

 

16-njy oktýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň awiasiýa howpsuzlygy boýunça Döwlet maksatnamasy tassyklandy

Ata Watan Eserleri

Hytaý emeli adada dünýäniň iň uly howa menzilini gurar

Türkmenistanyň raýatlarynyň dykgatyna: Türkiýäniň wizasy üçin täze bildiriş

Türkmenistan bilen Gazagystan uçar gatnawlaryny täzeden ýola goýmagy meýilleşdirýär

Ata Watan Eserleri

Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde çagalaryň 985-sine dikeldiş bejergisi geçirildi

Kolosseýde Göbekli depe Artefaktlaryna bagyşlanan sergi açyldy