JEMGYÝET

Sport media-forumy geçirildi

Şu gün paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň «Sport» myhmanhanasynda «Durnukly ösüş ugrunda sportuň tutýan orny»  atly media-forum geçirildi. Oňa ýurdumyzdaky metbugat wekilleri, ýokary okuw jaýlarynyň Žurnalistika hünärlerinde bilim alýan talyplar, ilçihanalaryň wekilleri gatnaşdy. Şol sanda, daşary ýurt neşiri bolan «Atawatan Türkmenistan»  halkara Žurnalynyň wekilleri hem bu forumda boldular. Maslahatda Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministriniň orunbasary P.Agaýew, Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň prorektory G.Sähedow, Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň Ýokary netijeli sport we olimpiýa hereketini utgaşdyryş bölüminiň başlygy A.Akmämmedow, Türkmenistanyň Ýokary sport ussatlygy mekdebiniň direktory N.Matnepesow, Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebiniň  direktory J.Jumaýew, Milli Olimpiýa Komitetiniň wekili, Türkmenistanyň Welosport federasiýasynyň başlygy W.Zasepi, Türkmenistanyň Agyr atletika federasiýasynyň baş kätibi Ç.Mämmedow, Türkmenistanyň Boks federasiýasynyňn baş kätibi D.Annaýew, Türkmenistanyň Ýeňil atletika federasiýasynyň başlygy D.Hangeldiýew, Türkmenistanyň Suwdaky sport görnüşleriniň federasiýasynyň başlygy G.Atanyýazow, Türkmenistanyň Sport göreş federasiýasynyň baş kätibi B.Orazmämmedow dagylar çykyş etdiler.   Bu media-forumyň gysgaça mazmuny – sport ulgamyna gönükdirilip, bu ulgamyň ösüşde tutýan ornuny kesgitlemek barada bolup durýar.

Ýene-de okaň

Oguljahan Atabaýewa BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Merkezi Aziýanyň Baştutanlarynyň 7-nji konsultatiw duşuşygy Daşkentde geçiriler

Aşgabatda “Türkmentel-2025” we “ITTC-2025” forumlary geçirilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Aziýanyň ösüş bankynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

Çagalar we ulular üçin “Makul Sözlük” IOS ulgamynda hem elýeterli boldy

Dr.Döwran Orazgylyjov

Türkmen halkynyň Milli Lideri köpçülikleýin bag ekmek dabarasyna gatnaşdy