ABŞ-nyň “Virgin Galactic” kompaniýasy sesden çalt gitjek uçaryň taslamasyny hödürledi. Bu barada kompaniýanyň metbugat gullugy habar berýär.
Metbugat gullugynyň berýän habaryna görä, takmynan 18 kilometr belentlikde ses tizliginden üç esse ýokary tizlikde uçup bilýän ýokary derejeli uçary döretmek göz öňünde tutulýandygy bellendi. Kompaniýa bu uçaryň sygymynyň 9 adamdan 19 adama çenli aralygynda bolmagy ugrunda iş alyp barýar.
Bu barada “Rolls-Royce” kompaniýasy bilen özara düşünişmek babatda ähtnama gol çekildi. Bu kompaniýa ýokary tizlikli uçarlar üçin hereketlendirijiler taýýarlar.
Kompaniýanyň habar bermegine görä, taslamanyň indiki tapgyrynda inženerler birnäçe möhüm meseläni çözmeli bolarlar. Olaryň arasynda uçaryň ýylylyk ulgamyny gözegçilik etmek göz öňünde tutular. Sebäbi şeýle tizlikde enjam gaty gyzýar. Sesden ýokary tizlige ýetilende emele geljek ses we urgy tolkunlarynyň üstünde işlemek meýilleşdirilýär.
Bu taslama durmuşa geçirilen halatynda Londondan Sidneýe bary-ýogy 5 sagadyň içinde baryp bolar. Adaty ýagdaýda uçar bilen bu aralyk 21 sagatdan hem gowrakdyr. Häzirki wagtda bu aralygy durmazdan 19 sagatda geçmek başartdy.
Şeýle hem Londondan Nýu-Ýorka 2 sagadyň dowamynda barlar. Adaty ýagdaýda uçar bilen bu aralygy 7 sagatdan gowrak wagtda geçmek bolar.