TEHNOLOGIÝA

Ses tizliginden ýokary bolan täze ýolagçy uçary

Uçarlar durmuşymyzda köp wagtdan bäri bar. Ýolagçy gatnawynda ulanylyp başlany bäri, uçarlar uzak aralyga syýahat etmek üçin zerur bolup durýar. Awtomobil ýa-da deňiz ulaglary bilen birnäçe gün dowam edýän saparlar uçarlar arkaly birnäçe sagadyň içinde geçip bolýär. Uzak aralykdaky saparlaryň wagtyny tygşytlamak we azaltmak üçin täze tehnologiýalar işlenip düzülýär.

“Boom Supersonic” kompaniýasy täze ýolagçy uçarynyň prototipini hödürledi. Şoňa laýyklykda, kompaniýanyň täze uçary sagatda 2 müň kilometrden ýokary tizlige ýetip biler. Başgaça aýdylanda, täze model Atlantik ummanyndan bary-ýogy 3,5 sagadyň içinde geçip biler.

Ýolagçy uçarlarynda täze döwrüň başlanýandygyny alamatlandyrýan bu täzeligiň 2029-njy ýylda ulanylmaga başlanmagy göz öňünde tutulýar.

Täze sesden hem çalt hereket etjek ýolagçy uçary halk köpçüligine halkara sergide görkezildi.

“Boom” kompaniýasy 60000 fut belentlikde uçup bilýän “Overture” atly ýolagçy uçary 65 bilen 80 aralygynda ýolagçy kabul edip biler. Şeýle hem kompaniýa täze ýokary tizlikli uçarlarynda “dünýädäki ilkinji ses azaltmak ulgamyny” ulanjakdygyny mälim etdi.

2025-nji ýylda “Overture” atly ýolagçy uçarynyň önümçiligine başlanar we 2026-njy ýylda synag ediler. 2029-njy ýylda bolsa, adatdan daşary tizlikde hereket etjek bu uçarda ýolagçylary gatnatmak meýilleşdirilýär.

 

Jo Baýden koronawirus bilen keselledi

Ýene-de okaň

Gresiýa 15 ýaşa ýetmedik çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan eder

Ermenistanda 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlara elýeterlilik çäklendiriler

NASA-dan taryhy ädim: 54 ýyldan soň Aýa ilkinji adamly uçuş başlady

Internet ulanyjylarynyň sany boýunça öňdebaryjy ýurtlar

Türkiýede 5G döwri başlady

Türkmenistanda 5G we 4G+ torlaryny ýaýbaňlandyrmak üçin bäsleşik yglan edildi