JEMGYÝET

Saýlaw-2022: Türkmenistan daşary ýurtlarda 41 saýlaw uçastogy döretdi

27-nji fewralda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky diplomatik korpusy bilen duşuşyk geçirdi.

2022-nji ýylyň 12-nji martynda geçiriljek Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi bilen bagly meseleleriň hemmetaraplaýyn ara alnyp maslahatlaşylmagy göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen nobatdaky duşuşygyň esasy temasy boldy.

Beýan edilişi ýaly, häzirki wagtda ýurduň Prezidentiniň saýlawlaryna görülýän işjeň taýýarlyklaryň barşynda Türkmenistanyň dünýäniň 30 ýurdunda ýerleşen ilçihanalarynda we konsullyklarynda 41 sany saýlaw uçastoklary döredildi.

Bu hem öz nobatynda Türkmenistanda demokratiýanyň ýokary derejesine laýyk gelýän saýlaw ulgamynyň kemala getirilendigini hem-de raýatlaryň hukuklarynyň doly göwrümde üpjün edilýändigini aýdyň subut edýär.

Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy
2022-nji ýylyň 27-nji fewraly.

Türkmenistanyň we Türkiýäniň Prezidentleriniň telefon söhbetdeşligi

Ýene-de okaň

Donald Tramp Türkmenistanyň Prezidentini Nowruz baýramy bilen gutlady

Gruziýa türkmen gazyny we nebitini üstaşyr geçirmekde goldaw bermäge taýýar

Türkmenistan Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň Müdiriýetiniň mejlisine gatnaşdy

Aziýa Kubogy–2027: ertir Türkmenistan Tailand bilen duşuşar.

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarynyň Gruziýanyň Premýer-ministri bilen duşuşygy

Jalpa Ratna: ÝUNISEF Türkmenistanyň haýyr-sahawat gazna bilen hyzmatdaşlygyny berkider

Ata Watan Eserleri