Saud Arabystany Patyşalygy bilen Eýran Yslam Respublikasynyň hökümeti iki ýurduň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň täzeden dikeldilmegi babatda ylalaşdy. Bu barada Eýranyň metbugat neşirleri habar berýär.
Metbugat neşirleriniň habar bermegine görä, Saud Arabystany Eýran bilen gepleşikleri täzeden ýola goýamaga taýýardygyny mälim etdi. Şeýle hem taraplar iki ýurtda hem ilçihanalaryň işleriniň täzeden ýola goýulmagy babatda ylalaşdylar.
– Geçirilen gepleşikleriň netijesinde Eýran Yslam Respublikasy we Saud Arabystany Patyşalygy diplomatik gatnaşyklaryny dikeltmek we iki aýyň içinde ilçihanalaryny we diplomatik wekilhanalaryny täzeden açmak barada ylalaşdylar – diýlip, Hytaýyň Pekin şäherinde geçirilen gepleşikleriň jemleri boýunça kabul edilen bilelikdäki beýannamada bellenilip geçildi.
Pekin şäherinde Eýranyň milli howpsuzlyk boýunça Ýokary geňeşiniň sekretary Ali Şamhani bilen Saud Arabystanynyň milli howpsuzlyk boýunça geňeşçisi Musaid al-Aýbanyň arasynda gepleşikler geçirildi.
Mundan soňra Eýranyň we Saud Arabystanynyň daşary işler ministrleri duşuşyk geçirip, ilçileri ibermek boýunça ylalaşyk gazanarlar.
Iki ýurduň arasyndaky gepleşikleri 2021-nji we 2022-nji ýyllarda degişlilikde Yrakda we Omanda geçirildi. Bu gepleşikleriň jemleýji tapgyry bolsa, Hytaýda boldy.
