PEÝDALY MASLAHAT

Sarymsakly, badamjanly, kömelekli işdäaçar

Gerekli önümler:

400 gram kömelek

2 sany ýaşyl burç

2 sany gyzyl burç

1 sany sogan

2 sany pomidor

1 sany badamjan

2 diş sarymsak

1 çaý çemçesi burç pastasy

1 çaý çemçesi gara burç, duz, gyzyl burç

Ereme peýniri (gyrgyçdan geçirilen)

Taýýarlanyşy:

Ilki bilen badamjany arassalalyň, soň kub görnüşinde, kömelekleri ýarym aý görnüşinde, burçlaryda kub görnüşinde kesişdireliň. Pomidor we soganlary hem kub görnüşinde dogramaly. Tabany gyzdyryp üstüne ýag guýýarys we badamjanlarymyzy gyzartmaga goýalyň. Soňra ýene üstüne biraz ýag guýup, soganlary we sarymsaklary gowurmaga goýalyň we üstüne burçlary goýup, 5 minutlap gowurmaga goýalyň. Burçlaryň üstüne kömelekleri goşup ýumjşaýança bişirýäris, soň pomidorlary we duz-burç goşup garyşdyrýarys. Bir-iki sapar garyşdyryp, oduň aşagyny öçürýäris. Işdäňiz açyk bolsun!

Ermenistan täze prezidentini saýlaýar

 

Ýene-de okaň

«Ýazga durmak» hyzmaty dolulygyna sanlylaşdyryldy

“Mosaic Visa” Türkiýäniň Türkmenistandaky täze wiza operatory bolar

Ata Watan Eserleri

12-18-nji ýanwar: Türkmenistanda maýyl howa garaşylýar

Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň bildirişi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan 2026-njy ýylyň önümçilik senenamasyny tassyklady

Döwlet notaruislary hyzmatlaryň täze töleg möçberi tassyklanyldy

Dr.Döwran Orazgylyjov