JEMGYÝET

Şarl Mişel: Türkmenistan bilen ýakyn hyzmatdaşlyga ygrarlydyrys

Ýewropa Geňeşiniň Başlygy Şarl Mişel Türkmenistanyň Prezidentine gutlag hatyny iberdi. Şarl Mişel öz gutlag hatynda  Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistan bilen ýakyn hyzmatdaşlyga ygrarlydyygyny belledi.
Bu gutlag hatynda şeýle diýilýär:

– Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli Sizi tüýs ýürekden gutlaýaryn we Size üstünlik, ýurduňyzyň halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk arzuw edýärin.

Türkmenistan Garaşsyzlyk ýyllary içinde döwlet we milli gurluşynda uly ösüşleri gazandy hem-de döredijilikli zähmeti bilen parahatçylygyň, durnuklylygyň, durmuş-ykdysady ösüşiň bähbidine belent sepgitlere ýetdi. Ýewropa Bileleşigi uzak möhletleýin hyzmatdaş hökmünde syýasy gepleşikler, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn taslamalar arkaly Siziň ýurduňyz bilen hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge ygrarlydyr. Noýabr aýynda Aşgabatda geçiriljek “ýaşyl” energetika hem-de metanyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça bilelikdäki maslahat Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistan bilen ýakyn hyzmatdaşlyga ygrarlydygynyň subutnamasy bolar. Biziň dialogymyzyň, şol sanda adam hukuklary boýunça gatnaşyklarymyzyň we hyzmatdaşlygymyzyň Türkmenistanyň mundan beýläkki ösüşine, ýurduňyzyň ähli raýatlarynyň ykdysady, durmuş mümkinçilikleriniň ýokarlanmagyna ýardam berjekdigine tüýs ýürekden umyt edýärin.

Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistan bilen gatnaşyklary pugtalandyrmaga ygrarly bolup galýandygyna Sizi ynandyrmak isleýärin. Biz Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça Strategiýasynyň çäklerinde Türkmenistanyň “Ýewropa Bileleşigi — Merkezi Aziýa” görnüşindäki hyzmatdaşlyga taýýardygyna ýokary baha berýäris hem-de bu görnüşde netijeli pikir alyşmalara garaşýarys.

Pursatdan peýdalanyp, Size we Türkmenistanyň ähli raýatlaryna ýene-de bir gezek tüýs ýürekden parahatçylyk, abadançylyk arzuw edýärin.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti türkmen halkyny Gadyr gijesi bilen gutlady

Türkmenistan Eýrana ynsanperwerlik kömegini iberdi

Türkmenistanyň Prezidenti we türkmen halkynyň Milli Lideri agzaçar sadakasyna gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Taryhy gymmatlyklarymyz Rimiň Kapitoliý muzeýinde görkezilýär

Türkmenistanda 21-nji martda ählihalk bag ekmek dabarasy geçiriler

Türkmenistan Eýrana ynsanperwer kömegini iberýär