ÝAKYMLY ÝATLAMALAR

Sapargeldi Annasähedow: «Müň bir gijäniň» goşgularynyň terjimeçisi

Belli ýazyjy Sapargeldi Annasähet Iner ogly hakynda söz açdyk. «Sapargeldi aga 2003-nji ýylda dünýeden gaýtdy» diýdiler. Beýle bolmaga haky ýok. Sebäbi men onuň bilen 2004-nji ýylda ilkinji gezek gürrüňdeş bolupdym. Şol gün redaksiýa makala tabşyrmaga bardym. Bir ýaşuly döredijilik bölüminiň otagyna geldi. Ýaşuly adam bolansoň, baş atyp salam berdim.

— Gurgunçylykmy? — diýdi-de,  ýaşuly sag eliniň süýem barmagyny çommaldyp: «Men seniň ýazýan zatlaryňy okaýandyryn» diýip güldi. Soňra-da:

— Etaž jaýda ýaşaýaňyzmy? — diýip sorady.

— Ýok, howluda ýaşaýas — diýdim.

— Berekella, howluda ýaşap, etaž jaýyň meselesini duýup bilýän ekeniň — diýip, «Edebiýat we sungat» gazetinden «Düýpli bejergi» atly degişmämi okandygyny aýdypdy. Şol degişmäniň mazmuny şeýle:

«Bir obaly daýza şäherde ýaşaýan oglunyň öýüne myhmançylyga gelýär. Soýuz döwründe gurlan köp gatly ýaşaýyş jaýlaryň otaglaram, aşhanasam häzirki gurulýan jaýlaryňky ýaly giň  däl-dä.  Onsoň ýaňky daýza oglundan:

— Oglum, birhili, öýüň öňküsinden giňän ýaly-la? — diýip soraýar. Onda ogly:

— Eje, öýmüzde düýpli bejeriş işlerini geçirdik. Aşhana bilen uly zalyň arasyndaky diwary söküp aýyrdyk — diýip düşündirýär. Ejesi:

— Bolaýypdyr, balam, tüweleme, nesip etsin — diýeninden ogly ýene-de:

— Biz şeýdip bejergi etdik welin, ähli goňşularymyzam halady. Indi olaram şeýdip,  aşhanalaryny giňeldýärler — diýenden,  daýzanyň zähresi ýarylýar. Ol:

— Wiý, balam, her goňşyňyz bir diwary aýyrsa, basym jaýy tutuşlygyna-da söküp gutararsyňyz — diýipdir».

Kiçi göwünli, pes päl, uly ýazyjynyň sanaýmalyja setirlerde beýan eden şojagaz degişmämi okap, döredijilige ruhlandyrmagy göwnümi göge ýetirdi.  Şol ýaşuly eserleriniň sözbaşysyny okanymda awtorynyň ykbal ýoluny öwrenmäge gyzyklanma döredýän, «Sapargeldi Annasähet Iner ogly» diýip gaýybana tanap ýören ýazyjymdy. Gazetiň şol sany şahsy arhiwimde häzirem bar. Senesini gözden geçirdim. 2004-nji ýylyň awgust aýynyň 6-syna çap bolupdyr. Şundan çen tutsak Sapargeldi aganyň bakyýete göç eden senesi gabat gelenok. Onsoň ol barada halypalardan sorap başladym. Goňşymyz şahyr Azat Rahmanow: «Sapargeldi aga juda sowatly, belent adamkärçilikli ýazyjydy. Ömrüniň soňky wagtlarynda metbugatda çap bolan eserlerini toplap, şahsy arhiwi üçin taýýarlan kitaplaryny-da okamaga beripdi. Onuň dünýeden gaýdanyny eşitmändim. Haýsy ýyldygy anyk ýadymda däl. Kakamyň dogany ýogaldy, ýerlemäge gonamçylyga barsak, agamyň guburynyň gapdalyndaky guburda Sapargeldi aganyň ady ýazylgy dur. Süňňüm sarsyp gitdi. Gözüme ýaş dolanyny duýman galdym» diýip, damagy dolup gürrüň berdi.

Soňra ol barada başga-da halypalardan soradym. Ählisem Sapargeldi aga hakynda diňe öwgüli sözler aýtdylar. Onsoň Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasyndan ol barada maglumat topladym. Öň onuň ýurt Garaşsyzlygymyzy alaýan wagtlarymyz «Diýar» žurnalynda çap bolan «Duşuşykdan soňky oýlanma» atly makalasyny okanym ýadymda. Ilki bilen şol makalany tapyp gaýtadan okadym hemem käbir böleklerini göçürip aldym. Žurnalyň 1993-nji ýylyň 8-nji sanynda çap bolupdyr.

«…Ýazyjy hökmünde aýtsam, meniň şu belliklerim diňe edebiýatymyza degişli bolup, hususanam onuň kyssa žanry baradadyr. Çeper edebiýatymyzyň düýnki obrazyny aýagy duşakly, agzy agyzdyrykly, jylawy berk gaňtarylgy bedew at hökmünde göz öňüne getirsem diýýän. Giň sährada bendiwan galan bu behişdi janawer duşagymy gyryp çarpaýa galsam, älemi ýaňlandyryp kişňesem, beýewany sarsdyryp çar ýana çapsam diýen arzuw-armanda. Ine, ahyryn türkmen çölüniň üstünde Garaşsyzlygyň altyn kuýaşy parlap galdy, taryhymyzda täze eýýam başlandy. «Hany, indi bedewimiz näderkä?» diýip, uzaga üşerilip diň salýan. Bir dükürdi baram ýaly. Bir haýkylyk eşidilýän ýaly…» diýýär welin, birhili özüňem diňşirgenip duran ýaly duýgyny başdan geçirýäň. Ol ýene şol makalasynda:

«Dünýä möçberindäki uly ýazyjynyň aýdan bir sözi maňa iňňän güýçli täsir edipdi: «Sadalygyň, dogruçyllygyň hem adalatyň ýok ýerinde beýikligem ýokdur».Ýazyjynyň şahsyýetiniň keramatly öwlüýä ýaly beýik bolmalydygyny biz Magtymguly bilen Döwletmämmet Azadynyň mysalynda aç-açan görmeýäsmi? Olaryň beýikligi nämeden ybarat diýip oýlanalyň. Köwsar suwy ýaly jana tenekar akyl-paýhasy, ata-enäň mähri ýaly inçe duýgulary öz milletiniň üstüne saçyp gidenliginden ybarat bolsa gerek. Ýene aýtsak, öz zamanasynyň hupbatlaryndan mähriban milletini goramak üçin kökenek gerendiginden, azatlyk hem garaşsyzlyk ýoluny gözläp her ýana elewrändiginden, jöwlan uranlygyndan ybarat bolsa gerek. Şeýdibem bular ýetimleriň howandary, misginleriň medetkäri bolmakdan pähimleriň patyşasy, akyllaryň hökümdary diýen belent derejä galdylar.

Hakyky beýiklige çykylýan köteliň basgançaklaryna öten zamanda-da, şu döwürde-de, sadalyk, dogruçyllyk, adalatlylyk diýlip at berilmelidir. Munuň başga hili adynyň bolmaga haky ýokdur…».

Ynha, Sapargeldi aganyň diňe şu makalasyndanam öte sowatly ýazyjydygyny görmek kyn däl. 2003-2004-nji ýyllarda onuň bilen «Edebiýat we sungat» gazetinde bileräk kän çykyş edipdik. Ikisem ussat terjimeçiler. Bäşim Ataýew bilen Sapargeldi aganyň bilelikde terjime etmeklerinde «Müň bir gije» eserden bölekler dowamly okyjylara ýetirilýärdi. Bu barada halypa şahyr Hemra Şirowyň «Türkmen dili» gazetinde uly göwrümli gowy makalasy çap bolupdy. Şol makaladaky:

«Müň bir gije» barada gürrüň gozgalanda, gowy ýazyjy, tapbiler adam Sapargeldi Annasähedi ýatlaman geçmek bolmaz. Sebäbi onuňam «Müň bir gijäniň» «Müň bir gije» bolmagyna goşan goşandy az däl. Ünsüz okyjy ähmiýetem bermez welin, «Müň bir gijäniň» on üçünji sahypasynyň aşagynda ownuk harplar bilen «Kitabyň içindäki goşgy setirlerini terjime eden Sapargeldi Annasähedow» diýen ýazgy ünsli okyjynyň gözünden sypmasa gerek. Ine, Sapargeldi aganyň «Müň bir gijä» saldamly goşandy şondan başlanýar. Asla men Sapargeldi Annasähede diňe bir «Göroglynyň gözleginde», «Beýtullanyň synmagy» ýaly nusgawy kyssa eserleri döredendigi üçin däl,  «Müň bir gijedäki» juda çylşyrymly mesnewilerdir gazallary ussatlyk bilen terjime edendigi üçinem sarpa goýýardym» diýip, ýazan ýatlamalary hakydama geldi. Onsoň oňa jaň aýlap Sapargeldi aga hakynda makala ýazmak pikirimiň bardygyny aýtdym. Ol:

— Sapargeldi aga ýazylmaga-da, ýatlanmaga-da gaty mynasyp ýazyjydyr. Biz olar bilen 2004-nji ýyla çenli goňşurak oturdyk. Agşamlaryna galam işinden ýadan kellesine dynç bermek üçin, bir salym gezelenç etmegi gowy görerdi. Milli edebiýatyň häzirki derejesine ýetilýänçä görlen görgüler, çekilen azaplar barada, hut öz işinde bolan wakalary delilleýin, magadyna ýetirip gürrüň bererdi. Bir gezek ol gürrüňçilik edebiýatyň terjime ulgamyna syrygyp, bu ugurda soňky ýyllarda depginiň gowşandygyny, dünýä edebiýatynyň täze döreden kämil eserleriniň türkmençä geçirilip halkymyza ýetiriliş derejesiniň peselendigini gynanç bilen belläp: «Iň bärkisi, Nobel baýragyna mynasyp bolan ne gözel romanlardyr powestlerem terjime edilenok» diýdi. Ol bu barada gürlemäge hakly adamdy. Döredijilik ömrüniň belli bir bölegini terjimeçilik işine bagyşlapdy. «Türkmenistan» neşirýatynyň dünýä ýazyjylarynyň kämil eserlerini aýagaldygyna terjime etdirip, okyjylara ýetirýän geçen asyryň ýetmişinji ýyllarynda neşirýatyň terjime bölüminiň müdiri bolup oturan adam, elbetde, bu hysyrdyly işi ussatlyk bilen guran Sapargeldi Annasähediň özüdi.

Ol ömrüniň soňrakky ýyllary adynyň yzyna ata-baba sarpalanyp tutulýan ady hem tirkäp, eserlerini «Sapargeldi Annasähet Iner ogly» diýip çapa berýärdi. Sapargeldi aga täze-täze romanlar, powestler, hekaýalar bilen kyssa edebiýatymyzy baýlaşdyryp, tüýs iner ogludygyny, ruhunyň hem edebi gaýratynyň bekdigini subut edip gitdi. Bir gürrüňdeşligimizde Sapargeldi aga «Müň bir gijedäki goşgulary ezberlik bilen terjime edendigini, olaryň gadymy tilsimde ýazyp, şygyrlaryň nusgalyk terjimesi derejesine ýetirilendigini aýdanymda: «Hä, seniň gözüňe ilipdir-ow» diýip hoşal bolupdy. Şu makalamy taýýarlaýarkam, men Sapargeldi aganyň terjime eden şol goşgularyny sanap çykdym. 1100 setir. Az-küç däl ekeni.  Özbaşdak şygyr kitabynyň möçberi. Onda-da kyssawy tekstiň içinde mana baglanyşyp gelýän çylşyrymly klassyky tilsimdäki şygyrlar» diýip gürrüň berdi. Hemra aganyň şol makalasy gazetiň 2011-nji ýylyň 19-njy ýanwar sanynda «Ussat terjimeçiler» ady bilen çap bolupdyr. Makaladan käbir parçany göçürip aldym:

«1978-nji ýylda gowy bezegler bilen, daşy gaty sahaply, 604 sahypalyk möçberdäki «Müň bir gije» kitabynyň çapdan çykmagy terjime edebiýatymyz üçin uly baýramçylyk bolupdy.

Baryp-ha, otuz ýyl gowrak mundan ozal çap edilen «Müň bir gijäniň» terjimesiniň azaply taraplarynyň kän bolandygyny, rusça terjime edilen sekiz  tomluk «Müň bir gijeden» bary-ýogy bir kitap möçberi saýlap almakda, haýsy ertekilere «gol ýapylsa» gowudygy barada köp oýlanyşylandygyny Sapargeldi aga birin-birin gürrüň berdi: «Şonda Bäşim Ata sekiz tomy hem terjime etdirilen bolsa, gör, nähili gowy bolardy.  «Indi bolsa: «Terjime ediň diýlende-de Bäşim Ata ýok. Hany, onuň ýaly terjimeçi?» diýip, Bäşim aga belent sarpa goýýandygyny aýdypdy. «Terjimä kynlyk bilen baş berýän, gahrymanlaryň özara derejeli gatnaşyklaryny aňladýan, yşk-söýgüli pursatlary sypatlandyrýan sözleri jüpüne düşürip, şirelilik bilen terjime edişine haýranlar galaýmaly!» diýdi. Soňra: «terjimäniň redaktory «eli gül» Rejep Allanazaryň hem «Müň bir gijäniň» türkmen eseri derejesine ýetmeginde goşandy az däl…» diýdi».

Hemra aganyň şu gürrüňlerindenem Sapargeldi aganyň edebiýata söýgüsini, kärdeşleriniň zehinine hormat goýşuny görüp bolýar. Arhiw maglumatlaryň arasynda  Sapargeldi aga barada ýurdumyzyň şol wagtky Karl Marks adyndaky döwlet kitaphanasy tarapyndan 1990-njy ýylda çap bolan «Türkmenistanyň ýubilýar ýazyjy-şahyrlary»  atly bibliografiýa gabat geldi. Onda ýazyjynyň terjimehaly şeýle: «Sapargeldi Annasähet Iner ogly 1930-njy ýylyň 16-njy ýanwarynda Aşgabat şäherini ýakalap duran Köşi obasynda doglan. Onuň kakasy Annasähet Iner Türkmenistanda Sowet häkimiýetiniň düýbi tutulýan döwründe on ýyl bassyr atly-ýaragly gezip, Garagum çölünde, Horezmde, Lebapda, Owganystanda haý-haýly wakalara gatnaşan adamdy. Il içinde «owgan» lakamy bolan esgeriň, berýän täsirli gürrüňleri ýazyjy bolup ýetişjek oglanyň kalbynda çuňňur täsir galdyrýar. «Salgymdaky köşkler» powestiniň mazmuny ýazyjynyň kakasynyň gatnaşmagynda bolan wakalar bilen gös-göni baglydyr. Sapargeldi Annasähedowyň gadymyýeti, musulman din taglymatyny oňat bilýänligi onuň «Göroglynyň gözleginde», «Şeýtanyň hekaýasy», «Zalymlyk», «Mürewwet» ýaly eserlerinde-de göze-para görnüp durandyr. Muňa-da ýazyjynyň kakasy sebäp bolupdy. Annasähet Ineriň öýünde her gün agşam diýen ýaly «Kasasul-Enbiýa», «Bahardanyş», «Hikmeti Hoja»,  «Ahmet ýasawy», «Muhtadul-jenan», «Nowaýy», «Meşrep» ýaly köne kitaplar sesli okalýardy.

Beýik Watançylyk urşy döwründe Sapargeldi Annasähedow ýetginjek oglandy. Şonda ol öz obadaşlarynyň söweş meýdanyndan gaýdyp gelmändigine, ýek-tük gelenleriň bolsa maýyp-müjrüp bolup gaýdanyna, köp öýlerde agy sesiniň eşidilendigine, kolhozçylaryň bar ýetişdiren gallasyny front üçin döwlete tabşyryp, özleriniň açlykdan horlanandygyna, käbirleriniň bolsa ölendigine şaýat bolupdy. Halkyň bu kynçylyklara mertlik bilen döz gelişi barada ýazyjy «Ygrar» atly uly roman döretdi.Ýazyjy 1946-1951-nji ýyllarda Aşgabadyň demirýol tehnikumynda, 1951-1956-njy ýyllarda bolsa Türkmen döwlet uniwersitetiniň ýuridiki fakultetinde okady.1956-1969-njy ýyllarda «Türkmenistan» neşirýatynda redaktor hem redaksiýanyň müdiri bolup işledi. Şol döwürde esasan rus klassyklarynyň eserlerini terjime etmeklige hem-de terjimeleri redaktirlemäge köp zähmet siňdirdi. «Göroglynyň gözleginde», «Bagt hakynda rowaýat», «Mukaddes daragt», «Şireje» ýaly eserler ýazdy. 1969-1975-nji ýyllarda ýazyjy Türkmenistan SSR-niň Ýokary Sudunyň çleni bolup işlemek bilen, jenaýatly wakalary öwrenmäge hem çözmäge gatnaşdy. «Adalatyň mizany», Prokuroryň perzi gambiti», «Jamlygala tragediýasy», «Ak döwüň aýasynda» ýaly sud oçerklerini çap edip, bigünä sud bolanlaryň azatlyga çykarylmagyny gazandy. 1976-1979-njy ýyllarda ýazyjy partiýa işlerinde işledi. 1979-1987-nji ýyllarda Annasähedow Gazagystandaky zähmet-düzediş lagerinde ejir çekip, durmuşyň «çöwre tarapyny» hem ymykly öwrendi. Häzir ol «Türkmenistan» neşirýatynda baş redaktor bolup işleýär» diýip maglumat berlipdir. Bu ýazgyny okamsoň, ýazyjynyň maşgala agzalary bilen söhbetdeş bolmaga höwesim hasam artdy. Sorap-idäp ahyry  öý salgysyny tapdym. Ýazyjynyň ýan ýoldaşy Ogulbossan eje bilen gürrüňdeş bolduk. Onuň gysgadan manyly gürrüňleri diýseň täsir etdi. Onsoň oňa:

—  Bossan eje, özüňiz haýsy ýokary okuw mekdebi gutardyňyz? — diýdim. Men ýokary bilimli däl, ýöne agalarym Aman hem Şaly Kekilow dagy ýazyjydy — diýdi. Şol pursat Sapargeldi aganyň «Nesil» gazetiniň 1992-nji ýylyň 3-nji dekabr sanynda çap bolan «Annasoltan hakynda söz» atly makalasy hakydama geldi. Şol makaladan gysgajyk bölek: «Belkäm, Annasoltan hakykatdanam däli bolandyr?» diýmegiňiz mümkin. Meniň özüm tussaglykda mahalym 1980-nji ýylda türme keselhanasyndakam Annasoltanyň saklanýan psihhanasynyň öňki wraçy bilen gürrüňdeş boldum hem-de ondan Annasoltanyň kesellidigi çynmy diýip soradym. Wraç güldi-de: «Biz bir krowada daňyp, ataşly ukollar edip başlaly, sen onsoň däliremäbilseň dälireme!» diýdi.

Annasoltanyň çagalygy, ýaşlygy, asla bütin ömri meniň gözümiň öňünde geçdi. Halalhon daýhan Seýit Kekiliň maşgalasy biziň duldegşir goňşymyzdy. Obanyň ýaşululary: «Bularyň hemmesi şahyrdyr» diýerdi. Annasoltanyň kakasy şu wagtam göz öňümde diri duran ýaly. Ol agşamlaryna öýümize kakamyň okaýan köne kitaplaryny diňlemäge gelerdi. Jady-tilsimli rowaýatlara gyzygyp, ileri-ileri süýşerdi. Onuň «dürsdür-dürsdür» diýip, gaýtalamak endigi bardy. Annasoltanyň ejesi Ogulsähet daýza diýseň şahandaz, degişgen, şahyrana aýaldy. Goşgy, şygyr diýlen zat öz-özünden diline gelibererdi. Ogulsähet eje öý hojalygyny örän oňat alyp barardy. Onuň gapysy mydama goýun-guzuly, sygyr-göleli, towuk-jüýjeli bolardy. Çagalaryny hor etmezdi. Onuň üç gyzy, birem oguljygy bardy. Körpeje ogullarynyň ady Durdydy. Şol neressejigiň kiçijikkä aýrylmagy maşgalanyň tragediýasyna öwrülipdi. Hyýalbent Ogulsähet eje Durdyjygyň o dünýäde eýjejik akja guşa öwrülip, jennet bagynda uçup-gonup ýörendigini gözi bilen gören ýaly edip gürrüň bererdi. Goňşy öýleriň çagalary — biz akja guş hakdaky hyýaly gürrüňe gara çynymyz bilen ynanardyk. Durdyjygyň ölümi garabagyr enäniň kiçijik gyzyna bolan mähir-muhabbetini öňküdenem güýçlendirdi. Annasoltan ogul deregine görülýän lälik gyzdy. Özem ol maşgaladaky üç gyzyň körpesidi. Ejesi onuň şanyna uzyn-uzyn çeper goşgular goşardy. Annasoltanyň joşgunly, göçgünli, hyýalbent, batyrgaý gyz bolup ýetişmeginde ejesiniň roly gaty uly bolsa gerek.

Annasoltan Kekilowanyň şygyrlary 60-njy ýyllaryň poeziýasyna köwsarlap girdi. Geň ýeri şol şygyrlar bu günem könelmändir. Olaryň ömrüniň uzaklygyna näme sebäp bolduka diýip oýlanýarsyň. Elbetde, olara çuňňur ynsan duýgularynyň hem pikirleriniň siňenligi, olarda hiç wagt solup saralmaýan ynsan gymmatlyklarynyň barlygy. «Akja kebelek» goşgusyny okanymda, öz-ömrümden bir sahypa göz öňüme gelýär…» diýip, ol bendilikde ýatyrka gözenegiň içine kebelegiň deregine gök siňek girendäki geçiren ahwalatyny çeper beýan edipdir. Biraz oýlanyp oturşyma Bossan ejeden Sapargeldi aga bilen bagly ýatlamalaryny gürrüň bermegini haýyş etdim Ol:

— Sapargeldi bilen 1958-nji ýylda durmuş gurduk. Dört gyz, üç ogul perzendimiz bardy, ýöne 1971-nji ýylda doglan körpe oglumyz Allanur 2018-nji ýylda ýogaldy. Çagalarymyzdan ýigrimiden gowrak  agtyklarymyz, kyrkdan gowrak çowlugymyz bar. Sapargeldi 2005-nji ýylyň 6-njy iýulynda dünýeden gaýtdy. Onuň bilen kyrk ýedi ýyl ömür sürdük. Durmuşyň ýagty günlerem, garaňky günlerem bolýar. Men olaryň iki tarapynam başymdan geçirdim. Kakam urşa gidip dolanyp gelmedik. 1944-nji ýylda öldi haty gelipdi. Kän ýyl geçensoň, žurnalist Baýram Sähedow uruşda dereksiz ýitenleri gözläp ýörkä kakamyň Smolensk şäherindäki gonamçylykda jaýlanandygy barada gazete ýazypdyr. Şondan soň Sapargeldi meni şol şähere äkitdi. Bile kakamyň mazaryna gül desselerini goýduk. Sapargeldi ýazyjylygynyň daşyndan foto suratçydy. Ynha, şu albomdaky foto suratlar Sapargeldiniň düşüren suratlary. Sapargeldiniň birnäçe kitaplary okyjylara ýetirildi. «Azatlygyň arzuwynda», «Otuz ýedinji ýyl» atly käbir ýygyndylaryny, «Müň bir gijäniň» ýene käbir terjimelerini özi şahsy arhiwi üçin kitap edip taýýarlap goýdy. Bu kitaplaryndaky eserleriniň köpüsi metbugat sahypalarynda çap bolupdy, ýöne kitap görnüşinde okyjylara ýaýramady. Men onuň käbir eserlerini elde ýazyp göçürişýärdim.

Öň Aşgabatda ýazyjylara berlen jaýda 32 ýyl ýaşadyk. Ynha, şu ýaşap oturan jaýymyza 2005-nji ýylda göçüp geldik. Sapargeldi bu jaýymyzda üç aý töweregi ýaşady. Maşgalamyzda yzyny ýöretjek ýok bolansoň, ol: «Gijeler ýatman, lupa bilen gözümiň köküni gyryp ýazan eserlerimiň ykbaly men gidemsoň, nähili bolarka?» diýip alada ederdi. Onsoň özi bolmansoň, onuň ähli arhiw ýazgylaryny, resminamalaryny ýurdumyzyň döwlet arhiwine tabşyrdyk.

Sapargeldiniň özünden başga üç erkek, bir aýal dogany bardy. Häzir diňe aýal dogany Durna bar. Durnanyň özi tara dokardy, ýöne kitap okamagy juda gowy görýär. Bularyň ählisiniň edebiýata söýgüsi uludy. Boş wagt tapsalar kitap okardylar. Kitap okaýanlaram gowy görerdiler. Oglum orsýetde gulluk edipdi. Onuň komandirem kitap okamagy gowy görýän eken. Bir gezek oglum bu barada hat ýazdy. Onsoň Sapargeldi bir topar daşary ýurt ýazyjylarynyň kitaplaryny ýörite poçta bilen iberipdi — diýip gürrüň berdi.

Sapargeldi aganyň entek çap bolmadyk kitaplaryny gözden geçirdim. Bir kitabynyň birinji sahypasyna gazetden gyrkylyp alnan şeýle ýazgy ýelimlengi eken: «Belli ýazyjy Sapargeldi Annasähet Iner ogly geçen ýyl okyjylara «Ygrar» atly romanyny hödürledi. Iki tom möçberindäki kitap ýaýran badyna towus göterildi, häzir ol gözlenip okalýan esere öwrüldi. «Bagt hakynda rowaýat»,   «Zalymlyk» ýaly powestdir hekaýalary bir okan adam ýadyndan çykarmasa gerek. Otuz ýyl mundan ozal ýazylan «Göroglynyň gözleginde» çaklaňja eserem bolsa, biziň edebiýatymyzda öz ornuny eýeledi. Altmyş ýaşy arka atan ýazyjy şu günlerem öndümli işleýär. Partiýa häkimýetiniň höküm süren zamanynyň garaňkysy syrylyp, milli Garaşsyzlyk daňynyň atmagy ony täze garaýyşlar bilen täze eserler döretmäge joşdurýar. Ýazyjynyň özüni gepletseň «Biz täze edebiýatyň bosagasynda» diýip, entegem köp işler bitirmek hyýalynyň bardygyny aňdyrýar.

Sapargeldi Annasähet Iner oglunyň «Beýtullanyň ýumrulmagy» diýen powestinde türkmen halkyna soňky ýüz ýyl içinde urlan iki sany rehimsiz zarba — Gökdepe urşy hem Otuzynjy ýyllaryň pajygaly wakalary barada gürrüň gozgalýar. Gazetimiziň okyjylaryna täze powestden bölekleri hödürlemegi makul bildik. Şu eser ussatlyk kämilligine bireýýäm ýeten awtoryň okyjylar auditoriýasynyň çägini mazaly giňeltse gerek. Meniň Alladan dilegim şu ýazyja saglyk bilen rowaçlyk hergiz ýar bolsun! Aşyrberdi Kürt».

Sapargeldi aganyň eserleri hakynda şunuň ýaly ýazylan ýazgylar az däl. Olaryň ýene-de käbirlerinden mysal hökmünde gysgajyk bölekleri göçürip aldyk: Awtory Öwezmyrat Babaýew. «Haýyrly gözlegler» atly makaladan: «Neşirýatda işleýärkäm, Sapargeldi powest ýazýanyny aýdanda:

— Oň bolsun, ýöne oň ady näme? — diýdim. Ol:

— «Göroglynyň gözleginde» — diýipdi. «Agtaran tapar» diýen nakyly hakydamda aýladym. Ine-de, onuň şol powesti. Göräýmäge, bu kitap çaklaňja ýaly, ýöne onuň XVIII asyr türkmen durmuşynyň gowgaly günleriniň suratyny janlandyryşyna telpek goýýarsyň». Bu bolsa, ýene bir okyjy Aýjan Ataýewanyň «Gaty gowy kitap» atly seslenmesinden: «Sapargeldi Annasähedowyň «Göroglynyň gözleginde» atly çaklaňja kitabyny elime alamda, munuň içinde beýle çuň manyly giň älem ýerleşendir öýtmändim. Birinji sahypasyny okap başlanymdan tolgundym…».

Ynha, şol kitap barada ýene bir okyjy Döwletmyrat Jumaberdiýewiň «Höwri köp bolsun!» atly ýazan makalasyndan: «Göroglynyň gözleginde» atly powestinde Sapargeldi Annasähedow Magtymgulyny ýaşlygyndan şeýle gumanist, arly-namysly edip görkezmek bilen gaty dogry iş edipdir. Özüniň agras hereketi bilen, obrazly sözleri bilen sahypanyň ýüzünde bada-bat ör boýuna galan beýik adamyň — Magtymgulynyň Magtymguly bolmagynda uly rol oýnan Döwletmämmet mollanyň obrazynyň berlişem juda göwnüňden turýar. Onuň: «Kyrk oglum bolan bolsa, kyrkysynam şu ýola ýollardym!» diýip, iň keramatly dogasyny sanap durşy soň-soňlaram göz öňüňden gidenok. Eseriň kompozisiýasynyň yzygiderliligi, obrazlaryň indiwiduallaşdyrylyşynyň janlylygy, aýratynam diliniň sadadan lezzetliligi ýaş awtoryň ussatlygyna şaýatlyk edýär…».

«Agyz dolduryp aýtmaga…» atly makalanyň awtory bolsa, Nury Atdaýew. Bu okyjy hem öz pikirini şeýle beýan edipdir: «…Awtor on dört ýaşly Kiçijik mollanyň häsiýetini teswirleýän şol hadysalaryň köpüsini ynandyryjylykly beripdir. Olarda diňe şahyryň, ony gurşap alan adamlaryň şekilini däl, hat-da şol döwür türkmen durmuşyna mahsus bolan esasy aýratynlyklary hem aňlamak bolýar.

Annasähedowyň türkmeniň beýik ogly Magtymgulynyň obrazyny döretmek barada alyp baran gözlegleri döredijilikli bolupdyr, gowy netije beripdir diýip, agyz dolduryp aýtmaga esas bar…» diýlip öwgüli sözler aýdylýar.

Bu ýazgylaryň köpüsi Sapargeldi aganyň başlangyç ädimlerindäki  döredijiligine ýaş ýazyjy hökmünde berlen bahalar. Ýazyjynyň eserleri barada şeýle öwgüli sözler bilen ýazylan seslenmeler, uly göwrümli makalalar entegem kän. Başardygymyzdan bir makala käbir bölekleri ýerleşdirdik. Iň esasy ýeri Sapargeldi agany ýatladyk. Maşgala agzalary bilen tanyşdyk. Ussat şahyr,  zehinli ýazyjy, meşhur terjimeçi, Sapargeldi Annasähet Iner oglunyň ruhy şat bolsun!

         Akgül Saparowa.

Ýene-de okaň

Bally Hajyýew: gaýtalanmajak zehin

 Annadurdy Almämmedow: Ak daglaryň aýdymyny ýazan hudožnik

Ata Watan Eserleri

Atamyrat Şagulyýew: halypalaryň mekdebinde taplanan halypa

Atajan Annaberdiýew: hakydadan çykmajak halypa

Tokar Tugurow:reňklerden owaz eşiden hudožnik

Ata Watan Eserleri

Şöhrat Myratgulyýew: küşdi Kasparow bilen oýnasym gelýärdi

Ata Watan Eserleri