SIZDEN GELENLER

Sanly ykdysadyýet – ösüşleriň binýady

Mälim bolşy ýaly, XX asyryň ikinji ýarymynda ykdysadyýetiň dürli pudaklary boýunça tehnologik açyşlaryň ençemesi edildi we olaryň önümçiligi ýola goýuldy. Bu döwürde ylmy-tehnologik ösüşiň hem-de senagatlaşma prosesiniň çuňlaşmagy innowasion tehnologiýalar bilen önümçiligiň arasyndaky baglanyşygy ýokary derejä çykardy. Şonuň bilen baglylykda, maglumat tehnologiýalary bilen sanly tehnologiýalaryň ösüşi has-da güýçlendi we giň gerime eýe boldy. Bu bolsa daşary ýurtlarda sanly tehnologiýalara esaslanýan innowasion ykdysadyýeti kemala getirmek boýunça ykdysadyýetiň sanly ulgama geçirilmegini we iň kämil döwrebap tehnologiýalary halk hojalygyna ornaşdyrmagy derwaýys etdi.

Bu gün milli Liderimiz milli ykdysadyýetimiziň sanly ulgama geçirilmegine hem-de onuň pudaklaryna maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary bilen bir hatarda kämil innowasiýalaryň ornaşdyrylmagyna aýratyn üns berýär. Degişli ugurda ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmekligiň döwlet syýasaty maksatnamalaýyn esasda durmuşa geçirilýär we bu babatda uly üstünlikler gazanylýar.

Häzirki döwürde milli ykdysadyýetimizi sanlylaşdyrmak iki ugur bilen bagly bolup durýar. Bir tarapdan, elektron hökümeti döretmek we sanly resminamalar dolanyşygyny ýola goýmak arkaly döwlet dolandyryşy kämilleşdirilýär hem-de hökümetiň raýatlar we işewürler bilen gatnaşyklary ösdürilýär. Beýleki tarapdan, hususy ulgamdaky edaralar we kärhanalar sanly ulgama birikdirilýär. Munuň özi ýurtda innowasion ykdysadyýeti ösdürmäge, öndürilýän harytlaryň hil taýdan kämilleşmegine we sanynyň hem-de olaryň eksport edilýän möçberiniň artmagyna we hyzmatlar ulgamynyň sanlylaşmagyna ýardam berýär.

Sanlylaşdyrma reformasyny üstünlikli amala aşyrmak milli ykdysadyýetimiziň hünärmenler hem-de innowasiýalar bilen üpjünçiligine hem bagly bolup durýar. Bu zerurlyk döwrebap tehnologiýalara çalt uýgunlaşýan hünärmenleri taýýarlamagy we halk hojalygyna innowasiýalary giňden ornaşdyrmagy talap edýär. Şoňa görä-de, ýurdumyzda «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» bilen «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» utgaşyklylykda üstünlikli durmuşa geçirilýär hem-de olara laýyklykda halk hojalygynyň we ylym-bilim ulgamynyň innowasion üpjünçiligi has-da ýokarlandyrylýar.

Sanly tehnologiýalaryň iň soňky gazananlaryny özleşdirmek we sanly ykdysadyýete geçmek ýurtda durnukly ösüşi gazanmaga şert döredýär. Olar barada aýdanymyzda Watanymyzda täze önümçilikler ýola goýulýar hem-de öndürilýän harytlaryň mukdary köpelýär we döwletiň dünýä bazaryndaky orny hasam berkeýär. Bulardan başga-da, nagt däl hasaplaşyklar kämilleşdirilýär, gündelik durmuş hajatlary üçin sarp edilýän wagt tygşytlanýar hem-de ýokary derejeli hünärmenler taýýarlanylýar. Munuň özi ýurdumyzda halkymyzyň abadan durmuşy üçin ajaýyp mümkinçilikleri açar we  durnukly ykdysady ösüşe ýetmäge ýardam eder.

 

Begmyrat ATAÝEW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy.

 

Akmuhammet Hanow: Bagtyma şaýat bolan Sungat

 

Ýene-de okaň

Saglyga sarpa – durmuşa sarpa

Saglyk – bagtyýar ýaşaýşyň gözbaşy

2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly

Ata Watan Eserleri

Ajaýyp zamananyň bagtly nesilleri

Ata Watan Eserleri

Sport – sagdynlygyň çeşmesi

Ata Watan Eserleri

Rus dili – dünýäniň täsirli dilleriniň biri

Ata Watan Eserleri