ATAWATAN ESERLERİ

Sanly ulgama geçiş döwründe täze hünärler

Ykdysadyýetiň sanly ulgama geçmegi zähmet bazaryna-da güýçli täsirini ýetirýär. Bütindünýä ykdysady forumynyň berýän maglumatlaryna laýyklykda, ýakyn ýyllarda sanly ulgamyň ornaşdyrylmagynyň netijesinde ozal bar bolan iş ýerleriniň 75 millionysy ýitiriler. Şol bir wagtda-da, täze iş ýerleriniň 133 milliony dörär. Ýagny ozalky hünärlere derek täzeleri peýda bolar.

Lukman, mugallym ýa-da suratkeş ýaly hünärler saklanyp galar. Emma tehnologiýalaryň täsiri bilen olaryň nähili özgerjekdigi heniz näbelli. Adamlar tehnologiýalary dolandyrar we algoritmlere boýun bolmaýan, döredijilikli zähmeti talap edýän işleri ýerine ýetirer. Meselem, ähli zady ýat tutup, okuwçylara degişli dersleri gürrüň berýän mugallymlara geljekde iş tapylmaz. Geljegiň mugallymynyň esasy wezipeleri okuwçylara ylham bermek we olary ugrukdyrmak bolar. Ýagny ol paragraflary gürrüň bermek bilen däl-de, okuwçylara halypalyk etmek bilen meşgullanar.

Geljegiň iň möhüm hünärleriniň sanawynda IT ulgamynyň hünärmenlerine bolan isleg ýokary bolar. Russiýa Federasiýasyndaky Internetiň ösüşiniň institutynyň berýän maglumatlaryna görä, soňky iki ýylda şeýle hünärmenlere bolan isleg 70 göterim ýokarlanypdyr. Şol institutyň Russiýada degişli ugurda ýöriteleşen ýokary okuw mekdepleriniň 85-sinde hem-de IT-kompaniýalaryň 60-synda geçiren pikir soraşmalarynyň netijesinde, IT-hünärmenleriň arasynda iň köp ýetmezçilik edýän ugurlaryň aşakdaky görnüşdedigi kesgitlenilipdir:

– oýlap tapyjy — 69%

– arhitektor — 57%

– bezegçi-dizaýner — 30%

– inžener — 30%

– ulgamlaýyn administrator — 30%

– synagdan geçiriji — 30%

– taslamalaryň menejeri — 24%

– seljeriji — 20%

Görşümiz ýaly, ykdysadyýetde sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy netijesinde käbir hünärlere bolan zerurlyk peselip, täze hünärleriň ähmiýeti barha ýokarlanýar.

Ilkinji nobatda howp abanýan hünärler:

Buhgalterler, notariuslar, kassirler, harytlary eltip berijiler, garawullar, sürüjiler, kätipler, tam süprüjiler, muzeý gözegçileri, syýahatçylyk agentleri, rieltorlar, sorag-jogap gullugynyň operatorlary, bank ulgamynyň käbir işgärleri, şeýle hem gazyp alýan we gaýtadan işleýän senagatda hem-de lomaý söwdada pes derejeli işleri ýerine ýetirýän işgärler we beýlekiler.

Ýokarda agzalan ugurlarda adamlary ýuwaş-ýuwaşdan robotlaşdyrylan gurluşlar we tehnologiýalar gysyp çykarýar.

Barha giň gerime eýe bolýan sanly ulgam käbir ugurlarda iş bilen üpjünçiligiň diňe gurluşyny üýtgetse, beýleki ugurlarda täze iş ýerlerini döreder. Ýene bir ugurda bolsa olaryň möçberini azaldar. Munuň sebäbi, esasan, şu tehnologiýalaryň ösmeginiň netijesi bolar:

– emeli aň;

– uly maglumatlar (big data);

– wirtual we goşulan hakykat (VR we AR).

Bu tehnologiýalar bilen işlemegi başarmak dürli ugurlardaky hünärmenler üçin esasy talaba öwrüler.

Indi bolsa, sanly ulgama geçişiň netijesinde geljekde ähmiýeti ýokarlanjak käbir hünärler we olaryň ýerine ýetirjek wezipeleri barada durup geçeliň.

IT-lukman

Ýerine ýetirmeli wezipeleri: fiziologik maglumatlaryň bazasyny işläp taýýarlamak, olary dolandyrmak, bejeriş we anyklaýyş enjamlary üçin programma üpjünçiligini döretmek.

Lukmançylykda maglumatlar ynsanyň uzak ömürliligini we sagdyn durmuşyny üpjün etmegiň möhüm çeşmesidir. Şonuň üçinem geljekde näsaglara kesel kesgidini goýmaga we bejergi saýlap almaga ýardam edýän täze amatly bazalar hem-de olary seljermegiň awtomatik gurallary gerek bolar.

Wirtual arhitektor

Ýerine ýetirmeli wezipeleri: wirtual hakykatda işlemek, okamak we dynç almak üçin ýörite çözgütleri taslamalaşdyrmak. Ulanyjynyň biologik we psihologik aýratynlyklaryny hasaba almak arkaly, maksatnamalary we enjamlary işläp taýýarlamak.

Häzirki wagtda wirtual hakykat, köplenç gymmat bahaly we gyzykly oýnawaç hökmünde peýdalanylýar. Emma ýakyn geljekde bu tehnologiýa edil häzirki samrtfonlar ýaly, işewürlik proseslerine hem-de ykdysadyýete güýçli täsir edýän elýeterli serişdelere öwrüler. Wirtual hakykat tehnologiýalarynyň kömegi bilen söwda bilen meşgullanýan telekeçiler dükanlary kärendesine almazdan, müşderilere öz harytlaryny wirtual usulda, onlaýn görnüşde hödürläp bilerler. Güýmenje we syýahatçylyk ugurlary has uly tizlikde özgerer.

Kiberfiziki ulgamlaryň dizaýneri

Ýerine ýetirýän wezipeleri: kiberfiziki ulgamlary anyk wezipelere laýyklykda taslamalaşdyrmak. Wirtual hakykatda nusgalary döretmek üçin emeli aň kömekçileri hem-de fizikler we metallurgiýa hünärmenleri bilen maslahatlaşmak.

Kiberfiziki ulgamlar (CPS) — “Senagat 4.0” zamanasynyň awtomatik fabrikalarynyň daýanjydyr. Olar fiziki jisimleri, elektron datçikleri hem-de emeli aňy birleşdirýärler. Häzirki döwrüň robotlaryndan tapawutlylykda, şeýle ulgamlar özlerini alyp baryşlaryny özbaşdak sazlamaga hem-de kesgitli maksada ýetmek üçin beýleki mehanizmler bilen aragatnaşygy ýola goýmaga ukyplydyr.

Maliýe ulgamynda kiberhowpsuzlyk boýunça hünärmen

Ýerine ýetirýän wezipeleri: kiberhowpsuzlyk bilen meşgullanmak, şahsy pul serişdelerini dolandyrmagyň awtomatlaşdyrylmagy, maşynara tranzaksiýalar (amallar), bulut tehnologiýalary bilen bagly howplardan gowy baş çykarmak, akylly şertnamalaryň kemçiligini ýüze çykarmagy başarmak.

Kiberhowpsuzlyk sanly tehnologiýalaryň täsiri bilen özgerýän dünýäniň iň möhüm ugurlaryň birine öwrülýär. Tehnologiýalaryň kämilleşmeginiň gowy tarapynyň bolşy ýaly, howply taraplary hem bolup bilýär. Ösen tehnologiýalar betpäl adamlara howply işleri etmekde hem ýardam edip bilýär. Şonuň üçinem sanly ulgama geçilende, ilkinji nobatda, howpsuzlygy üpjün etmek meselelerini çözmek wajypdyr.

Eýýäm häzirden bütin dünýäde dürli ugurlarda iş alyp barýan kompaniýalar sanly tehnologiýalardan we täzeçil çözgütlerden baş çykarýan, iş prosesleriniň, tehnologiýalaryň hem-de önümleriň öndürilişiniň düýpli özgerýän şertlerinde netijeli işläp bilýän hünärmenleri gözleýärler. Gynansak-da, şeýle hünärmenler örän az bolup, bu ugurda zähmet bazarynyň islegi doly kanagatlandyrylmaýar. Hut şonuň üçinem, aýratynam, ýaşlara özgerýän dünýäniň aýratynlyklaryny nazara alyp, dogry hünärleri saýlap almak we şol hünärlerde ussatlyga ýetmek üçin irginsiz zähmet çekmek gerek.

Peýdalanylan çeşmler:

  1. World Economic Forum. The Future of Jobs: Employment, Skills and Workforce Strategy for the Fourth Industrial Revolution.
  2. Thomas Frey, Futurist Speaker. 20 common jobs in 2040.
  3. Агентство стратегических инициатив, Московская школа управления «Сколково». «Атлас новых профессий».

 

Orazmuhammet Ataýew,

Aşgabat şäherindäki 53-nji orta mekdebiň mugallymy.

 

Sanly ykdysadyýetde  kiberhowpsuzlygyny peýdalanmagyň möhüm şertleri

 

 

 

Ýene-de okaň

“Ata Watan Eserleri” bäsleşigi üçin minnetdarlyk

Ata Watan Eserleri

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalyna minnetdarlygymyzy bildirýäris

Ýeňijilere baýraklary gowşurylýar

Ata Watan Eserleri

“Ata Watan Eserleri”: ÝEŇIJILER BELLI BOLDY

“Ata Watan Eserleri” bäsleşigi: ýeňijiler ertir belli bolar

“Ata Watan Eserleri”: 53 eser bäsleşýär

Ata Watan Eserleri