SIZDEN GELENLER

Sanly tehnologiýalaryň möhüm ähmiýeti

Bedew bady bilen öňe barýan eziz Diýarymyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly syýasaty esasynda ähli ulgamlarda bolşy ýaly, ylym-bilim ulgamynda hem uly ösüşler gazanylýar. Döwrebap tehnologiýalaryň mümkinçiliklerine daýanyp, sanly bilim ulgamyny ösdürmek esasy wezipeleriň hatarynda durýar.

Ylmyň gazananlarynyň ykdysadyýetiň pudaklaryna ornaşdyrylmagy we netijeli peýdalanylmagy jemgyýetiň aň-düşünjesini, dünýägaraýşyny has-da ýokarlandyrmakda täze mümkinçilikleri açýar. «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» bu ugurda strategik ähmiýetli resminamadyr. Onuň esasy maksady bilim bermegiň ähli basgançaklarynda okatmagyň maksatnamalaryny ýokary hilli elektron maglumatlary bilen üpjün etmek hem-de uzak aralykdan bilim bermek arkaly degişli ulgamyň kämilleşdirilmeginden ybaratdyr.

Mobil ulgamlarynyň gündelik durmuşymyzy herekete getirip, sanly ykdysadyýeti ýeňilleşdirýän möhüm sosial hadysa öwrülendigine şaýat bolduk. Maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalar pudaklaryň ösüşini barha güýçlendirýär. Tolkun aragatnaşygy, tor kodlaşdyryşy, hereketi dolandyrmak ýaly öňdebaryjy usullar ulgamda täze çemeleşmeler bolup durýar.

Simsiz zerurlyk maglumatlaryň bilim derejesini ýokarlandyrmak, bilimleriň peýdaly bolmagy we jemgyýetiň dürli pudaklarynda ýokary derejeli buýruklary üpjün etmek üçin gerek bolýar. Birikdirilen dürli enjamlardan alnan maglumatlar hyzmatlary bermek üçin çykdajylary peseldýär, köp halatda netijeliligi gazanmaga ýardam edýär. Simsiz giň zolakly aragatnaşygyň gowulaşmagy ykdysadyýete peýda getirýär, adamlaryň durmuşyny aýdyp bolmajak usullar bilen gowulandyrmaga, oňyn özgertmäge ukyply bolýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sanly ykdysadyýeti kemala getirmek, ähli ulgamlary sanlylaşdyrmak, ykjam kompýuter aragatnaşygyny ýola goýmak babatda maksatnamalaýyn işler üstünlikli amala aşyrylýar. Bu bolsa milli ykdysadyýetimizi innowasiýa ösüş ýoluna geçirmek işini çaltlandyrmaga, önümçilige öňdebaryjy tehnologiýalary, sanly ulgamy, elektron resminamalar dolanyşygyny giňden ornaşdyrmaga oňyn ýardam edýär.

Şunuň bilen baglylykda, sanly ulgam diýlende internet tory hem ähmiýetli bolmagynda galýar. Arkadagly Serdarymyzyň ýurdumyzyň ykdysadyýetini sanly görnüşdäki ösüşlere gönükdirmek we şunuň bilen baglylykda Internet ulgamynyň hyzmatlaryny has-da ýaýbaňlandyrmak baradaky parasatly tabşyryklaryndan ugur alyp, «Aşgabat şäher telefon ulgamy» ÝGPJ hem-de «Türkmentelekom» aragatnaşyk kärhanasynyň hödürleýän internet hyzmatlaryny häzirkisinden arzan bahalarda halk köpçüligine ýetirýär.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da «Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy: Türk­me­nis­ta­ny 2022 — 2052-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň Mil­li mak­sat­na­ma­sy» üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Bu mak­sat­na­ma­nyň esa­sy ugur­la­ry­nyň bi­ri hem pu­dak­lar­da san­ly ul­ga­my has-da ös­dür­mek bi­len bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Şun­da ýaş hü­när­men­le­ri taý­ýar­la­mak, san­ly ul­ga­my ös­dür­mek esa­sy ugur bo­lup dur­ýar. San­ly teh­no­lo­gi­ýa­lara oňat dü­şün­ýän ýaş­lar bu ug­ruň gel­jek­de hem ös­dü­ril­me­gi­ne giň müm­kin­çi­lik­le­ri dö­red­ýär.

Jennet Berdimyradowa,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň

Maglumat ulgamlary we tehnologiýalary kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi.

Ýene-de okaň

Sport saglygyň gözbaşy

Mekdebe çenli bilim: geljegiň binýady

Türkmen halk döredijiligi: milli ruhumyzyň çeşmesi

Bitaraplyk-mukaddes gymmatlyk

Energetika howpsuzlygy – ýangyç-energetika toplumynyň möhüm ugry

Ýangyç-energetika toplumy — ykdysady ösüşiň binýady