Aýratyn alnan şahsyýetden başlap, tutuş döwletiň durmuşyna degişli maglumatlaryň belli bir bölegi ähli döwürlerde-de aýratyn gymmata eýe bolup, örän berk goralypdyr. Şeýle maglumatlar saklanylanda ýa-da bir ýerden-başga ýere daşalanda olaryň goragyny üpjün etmek üçin özboluşly usullar oýlanyp tapylypdyr. Geçmişdäki hökümdarlaryň köşklerinde we gadymy ybadathanalarda ýörite zynjyrlar bilen baglanyp, möhürlenen gapylaryň aňrysynda saklanan kitaplardyr resminamalar gadymy zamanlarda hem maglumat howpsuzlygyna uly ähmiýet berlendigine şaýatlyk edýär.
Häzirki döwürde toplanýan maglumatlaryň möçberi olary gadymy usullar bilen saklamaga we goramaga mümkinçilik bermeýär. Maglumatlary goramak bu gün ylmyň aýratyn bir ugruna öwrülip, bütin dünýäde Internet ulgamyndaky wehimleriň öňüni almak we olar bilen göreşmek boýunça ýörite hünärmenler irginsiz iş alyp barýarlar. Biz maglumat howpsuzlygy bilen bagly meseleler gozgalanda, ilki bilen, «kiberhowpsuzlyk» adalgasy bilen ýüzbe-ýüz bolýarys. Bu adalga, köplenç, ylmyň sanly görnüşdäki maglumatlary goramak boýunça ýöriteleşen ugry hökmünde kesgitlenilýär.
Kiberhowpsuzlyk we onuň düzümleri
Kiberhowpsuzlyk ýa-da maglumat howpsuzlygy — kompýuterleri, serwerleri, mobil enjamlary, elektron ulgamlary, torlary we maglumatlary kiberjenaýatçylaryň hüjüminden goramak boýunça usullaryň hem-de tejribeleriň umumylygydyr. Kiberjenaýatçylar internet torunyň üsti bilen ulanyjylaryň maglumatlaryny ogurlamak, olara zeper ýetirmek, guramalaryň we kärhanalaryň işine zyýan ýetirmek bilen meşgullanýarlar. Bu gün kiberhowpsuzlygyň gazananlary her bir adamyň şahsy maglumatlaryny goramakdan başlap, işewürlik we ylmy syrlary goramak, edara-kärhanalaryň hem-de gulluklaryň kadaly işini üpjün etmek ýaly köp ugurlarda peýdalanylýar.
Kiberhowpsuzlygyň esasy ugurlaryny aşakdaky görnüşde tapawutlandyrmak bolar:
Torlaryň howpsuzlygy — kompýuter torlaryny dürli howplardan, mysal üçin, ýaramaz maksada gönükdirilen ýa-da zyýan ýetiriji maksatnamalardan goramak boýunça hereketler.
Goşundylaryň howpsuzlygy — enjamlary kiberjenaýatçylaryň maksatnamalarda gizleýän howplaryndan goramak. Çünki zeper ýetirilen goşundy öz goramaly maglumatlaryny kiberjenaýatçylar üçin elýeterli edip biler.
Operasion howpsuzlyk — maglumat işjeňlikleri bilen iş salyşmak we olary goramak. Muňa mysal edip, tora goşulmak üçin rugsatnamalary ýa-da maglumatlaryň nirede we nähili saklanyp biljekdigini kesgitleýän düzgünleri dolandyrmagy görkezmek bolar.
Habarlylygyň ýokarlandyrylmagy — ulanyjylaryň öwredilmegi. Bu ugur kiberhowpsuzlyk ulgamynda adam şertiniň täsirini peseltmäge ýardam edýär. Iňňän güýçli goralýan ulgam hem kimdir biriniň tötänleýin ýalňyşlygy ýa-da düşünmezligi zerarly kiberhüjüme sezewar bolup biler. Şonuň üçinem, her bir gurama öz işgärleri bilen okuw sapaklaryny yzygiderli geçirip, olara esasy howpsuzlyk düzgünlerini düşündirmeli.
Wehimleriň ýaýrawy we görnüşleri
Bu gün bütin dünýäde maglumat syzmalary bilen bagly wakalaryň sany ýylsaýyn artýar. Degişli ugurda ýöriteleşen halkara guramalarynyň berýän maglumatlaryna görä, her ýyl bütin dünýäde bolup geçýän maglumat syzmalaryň möçberi haýran galdyryjydyr. Olar milliardlara ýetýän möçberde aňladylýar we göterim mukdaryndaky görkezijileri barha ýokarlanýar.
Kiberhowpsuzlyk wehimleriň esasy üç görnüşi bilen göreşýär:
Kiberjenaýat — bir ýa-da birnäçe kiberjenaýatçy tarapyndan guralyp, haýsydyr bir ulgamyň işini bozmak ýa-da maliýe peýdasyny görmek maksady bilen, oňa hüjüm etmäge gönükdirilen hereketler.
Kiberhüjüm — maglumat toplamaga gönükdirilen hereketler. Olar, esasan, syýasy, ykdysady we harby häsiýetlerde bolýar.
Kiberterrorçylyk — gorkuly ýa-da aljyraňly ýagdaýy döretmek maksady bilen, elektron ulgamlaryň işini bozmaga gönükdirilen hereketler.
Kiberjenaýatçylar kompýuter ulgamlaryny dolandyrmagy öz ellerine almak üçin dürli görnüşli gurallary we tilsimleri peýdalanýarlar:
Zyýan ýetirýän maksatnama üpjünçiligi — kiberjenaýatçylaryň iň köp ýaýran guraly. Ol ulanyjynyň kompýuterine we ondaky maglumatlara zyýan ýetirmek ýa-da hatardan çykarmak üçin döredilýär. Zyýanly maksatnama üpjünçiligi göräýmäge zelelsiz faýllar ýa-da poçta hatlary görnüşinde ýaýradylyp, örän köp dürli görnüşlerde bolup bilýär:
Wiruslar — kompýuteriň, smartfonyň we beýleki enjamlaryň işini üpjün edýän faýllara zyýan ýetiriji kodlary ýokuşdyrýan maksatnamalar. Olar kompýuteriň içerki ulgamyna ýaýramak üçin öz-özleriniň nusgalaryny köpeldýärler.
Troýanlylar — öz adyny gadymy grek ozany Gomeriň meşhur poemasyndaky «Troýa atyndan» alan bu zyýanly maksatnamalar, göräýmäge, her birimiziň gündelik durmuşymyzda peýdalanýan adaty maksatnama üpjünçiligimiz we goşundylarymyz ýaly. Emma olar ulanyja bildirmezden, gizlin maksatlary hem ýerine ýetirýärler. Kiberjenaýatçylar hilä ýüz urup, ulanyjylary öz kompýuterlerine troýanlylary ýükläp almaga mejbur edip, olaryň kömegi bilen maglumatlary toplaýarlar ýa-da ýok edýärler.
Içaly maksatnama üpjünçiligi — gizlinlikde ulanyjynyň hereketlerine gözegçilik edýän we maglumatlary toplaýan maksatnamalar. Kiberjenaýatçylar olary öz bähbitleri üçin peýdalanyp bilerler.
Mejbur edip alyjy maksatnamalar — faýllary we maglumatlary şifrleýärler. Soňra kiberjenaýatçylar maglumatlaryň dikeldilmegi üçin ulanyjylardan töleg talap edip, öz talaplarynyň ýerine ýetirilmedik ýagdaýynda olaryň ýitiriljekdigi bilen gorkuzýarlar.
Bulardan başga-da, kiberjenaýatçylar goşundylaryň kemçiliklerini peýdalanyp, maglumatlary dolandyryş bazalaryna zyýanly kodlary ýaýratmak, elektron hatlaryň üsti bilen özlerini resmi guramalar hökmünde tanyşdyryp, ulanyjylaryň bank kartlarynyň belgileri we gizlin açar sözleri ýaly şahsy maglumatlaryna aldaw arkaly eýe bolmak, goragsyz «Wi-Fi» torlarynyň üsti bilen geçirilýän maglumatlary almak, ulgamlaryň torlaryna we serwerlerine artykmaç agram salmak arkaly olaryň kadaly işlemegini bozmak ýa-da möhüm böleklerini hatardan çykarmak ýaly dürli usullary peýdalanýarlar.
Ahyrky ulanyjylaryň goragy
Kiberhowpsuzlygyň iň möhüm wezipesi — ahyrky ulanyjylaryň, ýagny maksatnamany ýa-da ulgamy peýdalanýanlaryň we olaryň enjamlarynyň goragy bolup durýar. Köplenç halatda hut ahyrky ulanyjylar öz kompýuterlerine, noutbuklaryna ýa-da smartfonlaryna zyýanly maksatnamalary tötänleýin ýükläp alýarlar.
Kiberhowpsuzlygyň esasy gurallary bolan gorag maksatnamalary ahyrky ulanyjylary we olaryň enjamlaryny goramaga nädip kömek edýärler? Munuň üçin gorag serişdelerinde elektron poçtany, faýllary we beýleki möhüm maglumatlary şifrlemäge mümkinçilik berýän protokollar peýdalanylýar. Bu gurluşlar kiberjenaýatçylara maglumatlary ogurlamaga we olara elýeterlilige eýe bolmaga mümkinçilik bermeýär.
Kiberhowplardan goranmak boýunça maslahatlar
Kiberhowpsuzlygyň hünärmenleri täze howplary ýüze çykarýarlar we olary seljerýärler. Soňra olara garşy göreşmegiň usullaryny işläp taýýarlaýarlar. Hünärmenler zyýanly maksatnamalardan we kiberhüjümlerden goranmak üçin birnäçe peýdaly maslahatlary berýärler:
– Programma üpjünçiligini we operasion ulgamy yzygiderli täzeläp durmaly. Çünki täze maksatnama üpjünçiliginde howpsuzlygyň täze girizilen düzedişleri oturdylýar.
– Rugsatnamaly antiwirus maksatnamalaryny peýdalanmaly. Ýörite taýýarlanylan gorag çözgütleri howplary ýüze çykarmaga we aradan aýyrmaga kömek edýär.
– Ygtybarly açar sözlerini (parollary) ulanmaly. Maglumatlary goramak üçin bilinmesi aňsat bolan (öz doglan senäňi, adyňy we ş.m. maglumatlary saklaýan) açar sözlerinden gaça durup, çylşyrymlylaryny ulanmak maslahat berilýär.
– Elektron poçtaňyza näbelli salgylardan gelen hatlary açmaly däl. Olar maksatnama üpjünçiligi üçin howply bolup biler.
– Näbelli iberijilerden we web-sahypalardan poçtaňyza iberilen ugrukdyryjy salgylara girmeli däl.
– Jemgyýetçilik ýerlerinde goragsyz «Wi-Fi» torlaryndan gaça durmaly. Olaryň kömegi arkaly ulanyjynyň şahsy maglumatlary üçünji tarap üçin elýeterli bolup biler.
Dünýä tejribesinde kiberwehimlerden goranmak üçin guramalarda we edara-kärhanalarda başga-da birnäçe usullar ulanylýar. Meselem, kompýuterlerde diňe barlagdan geçen maksatnamalary oturtmak, ýagny näbelli maksatnamalary we goşundylary ýüklemegi gadagan etmek, hasaba alynmadyk sanly göterijileri (diskleri we fleş göterijileri) ulanmaga rugsat bermezlik, içerki faýllara elýeterliligi ýapyp, olara girmek üçin diňe guramanyň hususy poçtasyny ulanmaga rugsat berilýär. Şeýle-de yzygiderli üýtgedilip durulýan çylşyrymly açar sözlerini ulanmak, her bir ulanyja diňe öz işi üçin zerur bolan taslamalara elýeterliligi üpjün etmek, işgärler üçin basgançakly elýeterlilik ulgamyny ýola goýmak ýaly öňüni alyş çärelerden peýdalanylýar.
Muhammetnur Ýazgeldiýew,
Neşirýat-çaphana orta hünär okuw mekdebiniň talyby.
“Ata Watan Eserleriâ€: baýrakly makala ýaryÅŸy dowam edýär