BILIM

«Sanly çözgüt – 2025» innowasion bäsleşigiň ýeňijileri yglan ediler

Häzirki wagtda global sanly ykdysadyýetiň möhüm ugurlary, telekommunikasiýa ulgamlarynda iň oňat tehnologik çözgütler, şeýle hem sebit we dünýä ulag pudagynyň logistika strategiýalary ýurdumyzyň ykdysady durmuşyna işjeň goşulýar.

Türkmenistanyň sanly ykdysadyýetini we ulag ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Aşgabat şäherinde 12-14-nji noýabrda «Türkmentel-2025» atly halkara sergi we ylmy maslahat, şeýle hem «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş – 2025» atly halkara maslahat we sergi geçiriler.

«Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş – 2025» atly forumyň çäklerinde möhüm ugurlar boýunça tanyşdyrylyşlar guralar. Olar ulag ulgamynyň geljekki konsepsiýasyny, sebit özara baglanyşygyny we multimodal infrastruktura geçelgelerini, howa ulagynyň durnuklylygyny, ulag-logistika zynjyrlary üçin innowasion çözgütleri we olara maýa goýumlaryny çekmek mümkinçiliklerini öz içine alýar.

Şunuň bilen birlikde, şu ýyl ýurdumyzda tapgyrlaýyn esasda «Sanly çözgüt – 2025» atly giň gerimli innowasion bäsleşigiň geçirilendigini, oňa milli hünärmenleriň gatnaşyp, maglumat dünýäsiniň dürli ugurlary boýunça 362 taslamany degişli bilermenleriň garamagyna hödürländiklerini bellemelidiris. Munuň bilen baglylykda, öňde boljak halkara çäreleriniň meýdançasynda bäsleşigiň netijeleri jemlenip, iň oňat işläp taýýarlamalar saýlanylyp alnar.

Innowasion bäsleşiginiň ýeňijileri dabaraly ýagdaýda diplomlar we gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglanar.

Ýene-de okaň

Aşgabatda Lu Ban ussahanasyny açmak boýunça iş maslahaty geçirildi

Türkmen mugallymy Hytaýda türkmen dili dersi boýunça talyplara bilim berýär

Türkmenistan halkara matematika olimpiadasynda 211 medal gazandy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň intellektual eýeçilik ulgamyny ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Konsepsiýasy tassyklanyldy

Ykdysady taslamalar boýunça Startup bäsleşigi geçirildi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň bilim ministri Parižde GEM 2026 hasabatynyň tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşdy