SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Sanjym boýunça hyzmatdaşlyga 172 ýurt goşuldy

Ähli ýurtlary koronawirus sanjymy bilen deň derejede üpjün etmek maksady bilen döredilen “COVAX” halkara mehanizmine 172 ýurt goşuldy. Bu barada Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Baş direktory Tedros Adan Gebreýesus habar berdi.

Geçen hepde ähli ýurtlara koronawirusa garşy sanjymlaryň ösüşini çaltlaşdyrmak üçin hyzmatdaşlyga goşulmagyny haýyş edip iberen haty barada durup geçen Gebreýesus: “Şu güne çenli ählumumy “COVAX” mehanizmine 172 ýurt gatnaşýar. Häzirlikçe 9 sanjym bar. Biz ähli sanjym öndürijileri bilen bu tagallalara öz wagtynda goşulýan ähli ýurtlaryň ygtyýarly we tassyklanan sanjymlara deň hukukly elýeterliligini üpjün etmek üçin işleýäris” – diýip belledi.

Baş direktor ýurtlaryň “COVAX” mehanizmine gatnaşmagynyň sanjym bahalaryny mümkin boldugyça pes saklamaga mümkinçilik berjekdigini belledi. Şeýle hem Gebreýesus sanjymlar bilen üpjün edýän ýurtlaryň sany az boldugyça, pandemiýanyň has uzaga çekip biljekdigini aýtdy.

Baş direktoryň aýtmagyna görä, sanjym çäkli bolan halatynda ilkinji bolup, saglygy goraýyş işgärlerine sanjym edilmelidigini belläp, olaryň bu epidemiýa garşy göreşde öňdäki orunlarda durýandygyny belledi. Şeýle hem ol 65 ýaş we şondan ululara, bu ýokanjy agyr derejede geçirýänlere sanjym edilmeginiň möhümdigini aýtdy.

Ýene-de okaň

BSGG-niň ýolbaşçysy çagalar üçin sosial torlarda ýaş çäklendirmelerini girizmäge çagyrdy

Alymlar Nipah wirusyna garşy sanjym işläp düzdüler

“Türkmenistan” awiakompaniýasy halkara uçuş tertibini täzeledi

Türkmenistanda syýahatçylyk kärhanalarynyň sany 250-ä golaýlady

“Türkmenistan” awiakompaniýasy çagalar üçin ýeňillikli uçuşlary yglan etdi!

Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Aýurweda okuw otagy açyldy