SIZDEN GELENLER

Saglyk – iň uly maksadymyz

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüni bedew batly ösüşlere besleýän hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň baş ugry adam hakdaky alada gönükdirilendir. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen işlenip düzülen «Saglyk» Döwlet maksatnamasynda ýurdumyzyň her bir raýatynyň sagdyn ýaşaýşyny üpjün etmäge gönükdirilen wezipeleriň uly toplumy bellenendir.

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen ýola goýlan saglygy goraýyş ulgamynyň maddy-üpjünçilik binýadyny düýpli kämilleşdirmek işleri bu gün köpugurly we netijeli häsiýete eýe bolýar. Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda, Arkadag we Aşgabat şäherlerinde döwrüň ösen lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen döwrebap hassahanalardyr saglygy goraýyş merkezleri yzygiderli gurlup, halkymyzyň hyzmatyna berilýär.

Hormatly Prezidentimiz Halk Maslahatynyň mejlisinde eden taryhy çykyşynda saglygy goraýyş ulgamynda ýetilen sepgitler barada hem belläp geçdi. Halkymyzyň saglygy, abadan we bagtyýar durmuşy biziň alyp barýan döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Saglygy goraýyş ulgamynda halkymyza dünýä ülňülerine laýyk gelýän, elýeterli hem-de ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlary edilýär. Ýurdumyzda «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasynyň döredilmegi bilen, dürli görnüşli lukmançylyk serişdeleriniň önümçiligi ýola goýuldy. Saglygy goraýyş ulgamynda yzygiderli ulanylýan, ekologik taýdan arassa ýerli çig mallardan öndürilýän bu önümler geljekde dünýä bazarlarynda uly orny eýelär, diýmek bilen hormatly Prezidentimiz ýakyn wagtda Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli Aşgabatda Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki we Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezlerini dabaraly ýagdaýda ulanmaga bereris. Şeýle hem Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde buýan kökünden derman serişdesini öndürmäge niýetlenen döwrebap kärhana işe giriziler. Häzirki wagtda paýtagtymyzda Halkara pediatriýa, Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezleriniň we Stomatologiýa merkeziniň gurluşygy ýokary depginde dowam edýär. «Arçman» şypahanasynda 400 orunlyk goşmaça binalar toplumynyň gurluşygy alnyp barylýar. Ýakyn geljekde biz Mary, Balkan we Lebap welaýatlarynda halkara derejeli onkologiýa merkezlerini, Daşoguz welaýatynda Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezini gurmagy göz öňünde tutýarys. Bu işleriň ählisi keselleriň öňüni almak, anyklamak we bejermek boýunça öňdebaryjy tejribeleriň milli saglygy goraýyş ulgamyna giňden ornaşdyrylýandygyny görkezýär. Halkymyzyň saglygyny goramak, ýurdumyzyň abadançylygyny gazanmak biziň iň uly maksadymyzdyr – diýip belledi.

Hakykatdan hem halkyň saglygy ýurdumyzyň uuly maksadydyr. Hormatly Prezidentimiziň häzirki wagtda paýtagtymyzda Halkara pediatriýa, Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezleriniň, Stomatologiýa merkeziniň gurluşygynyň, “Arçman” şypahanasynda goşmaça 400 orunlyk binalar toplumynyň gurluşygynyň alnyp barylýandygy, ýakyn geljekde Mary, Balkan we Lebap welaýatlarynda halkara derejeli onkologiýa merkezlerini, Daşoguz welaýatynda Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezini gurmagyň göz öňünde tutulýandygy hakdaky aýdanlary hem saglygy goraýyş işgärleri bilen bir hatarda ähli watandaşlarymyzda uly buýsanç döretdi.

Hormatly Prezidentimiz «Halkymyzyň saglygyny goramak, ýurdumyzyň abadançylygyny gazanmak biziň iň uly maksadymyzdyr» diýip belleýär. Raýatlarymyzyň saglygyny goramakda öz kärine ussat hünärmenleri kemala getirmeklige, saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleriniň hünär kämilliginiň yzygiderli ýokarlandyrylmagyna hem möhüm ähmiýet berilýär. Bu ugurda ýurdumyz dünýä döwletleriniň ençemesi bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy alyp barýar. Her ýylyň 10-njy oktýabrynda ýurdumyzda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni döwlet derejesinde bellenilip geçilýär. Bu hünär baýramçylygy mynasybetli birnäçe ylmy-amaly maslahatlaryň geçirilmegi, saglygy goraýyş ulgamynda işinde tapawutlanan işgärlere döwlet sylaglarynyň gowşurylmagy biz — lukmanlary mundan beýläk hem göreldeli zähmet çekip, ýurdumyzda halkymyzyň bagtyýar ýaşaýşyna gönükdirilen asylly maksatlara mynasyp goşantlarymyzy goşmaga ruhlandyrýar.

Hormatly Prezidentimiziň “Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýen baş ýörelgesinden ugur alyp durmuşa geçirýän döwletli işleri häzirki we geljek nesilleriň sagdyn durmuşda, baky bagtyýarlykda ýaşamagynda möhüm ähmiýete eýedir. Ynsan saglygy we bagtyýar durmuşy hakdaky aladany döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwren Arkadagly Gahryman Serdarymyza we Gahryman Arkadagymyza alkyşlarymyz çäksizdir.

Jemile Hudaýberdiýewa,

Myrat Garryýew adyndaky Türkmen döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň

Kliniki farmakologiýa okuwly gospital terapiýa kafedrasynyň mugallymy. 

Ýene-de okaň

Bagtyýar çagalar-geljegiň nury

Bilim – üstünligiň binýady

Ata Watan Eserleri

Arkadagyň ýoly — parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýoly

Salamlaşmak edebi – özboluşly sungat

Ata Watan Eserleri

Döwrüň öçmez çyragy — söz ussady Pyragy

Ylymlaryň şasy – matematika