SIZDEN GELENLER

Saglygym-baş baýlygym

Hormatly Prezidentimiz: «Halkymyzyň saglygy, abadan we bagtyýar durmuşy biziň alyp barýan döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir» diýmek bilen, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu ugurda ägirt uly işleri durmuşa geçirýär. Ýurdumyzda baş baýlygyň halkyň saglygy bolup durýandygyna biz ajaýyp zamanamyzda gurlup ulanmaga berilýän saglygy goraýyş merkezleriniň, hassahanalaryň, şypahanalaryň, sagaldyş we dynç alyş merkezleriniň, dürli sport desgalarynyň mysalynda hem aýdyň göz ýetirýäris. Ýaş nesilleriň beden we ruhy taýdan sagdyn, ruhubelent, giň gözýetimli adamlar bolup ýetişmeklerini gazanmakda alnyp barylýan işler bolsa aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.

«Il saglygy — ýurt baýlygy», «Saglygym bar — baýlygym bar», «Saglygym — baş baýlygym», «Saglyk — beglik» ýaly pähimleri miras galdyran pederlerimiz sagdyn durmuş ýörelgesine eýerilip, uly işler amala aşyrylýar.

Saglygy goraýyş ulgamynda düýpli özgertmeler geçirilip, ilatyň ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlaryna elýeterliligini üpjün etmekde möhüm ädimler ädilýär. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde dünýäniň abraýly önüm öndürijileriniň döwrebap enjamlary bilen üpjün edilen täze hassahanalar we saglyk merkezleri açylyp, hyzmatlaryň hili has-da ýokarlandyrylýar. Munuň özi jemgyýetiň iň ýokary gymmatlygy bolan adamyň saglygyna berilýän aýratyn ünsüň aýdyň güwäsidir. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna dürli görnüşli lukmançylyk enjamlarynyň yzygiderli satyn alynmagy, ýüzlerçe çaga çylşyrymly operasiýalaryň üstünlikli geçirilmegi il-halkymyzda çuňňur kanagatlanma döredýär.

Ýurdumyzda ynsan saglygyny goramak we berkitmek maksady bilen ýörite meýilnama kabul edildi. «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ýyllaryň dowamynda öz miwesini hem berdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, geçirilen giň gerimli işleriň netijesinde ýurdumyzda drakunkulýoz, poliomiýelit, gyzzyrma keselleriniň ýok edilendigini, unuň demir we foliý turşusy bilen baýlaşdyrylandygyny, nahar duzunyň ýodlaşdyrylandygyny tassyklaýan möhüm resminamalar döwletimize gowşuryldy. Bu bolsa halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak, saglygyny berkitmek, saglygy goraýyş ulgamyny has-da kämilleşdirmek ugrunda geçirilýän işleriň halkara derejesinde ykrar edilýändigini aýdyň görkezýär.

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda 2021-nji ýylyň mart aýynda Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy döredildi. Munuň özi ýurdumyzda ýaş nesliň saglygyny dikeltmek işlerinde döwlet derejesinde alada edilýändiginiň nobatdaky güwäsine öwrüldi. Gaznanyň serişdeleriniň hasabyna etrap hassahanalaryna we iri saglyk merkezlerine «Tiz kömek» awtoulaglary hem-de birnäçe lukmançylyk enjamlary berildi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyndan biziň hassahanamyza hem Germaniýanyň «B-Braun» öndürijisiniň Dialog+ kysymly 2 sany emeli böwrek enjamy sowgat berildi.

Ýurdumyzda adam we onuň saglygy baş gymmatlyk hökmünde kesgitlenmek bilen, ynsan saglygyny goramak boýunça düýpli işler durmuşa geçirilýär. Täze hassahanalaryň, merkezleriň, saglyk öýleriniň, sport desgalarynyň gurulmagy, bu ugurda badalga berlen giň gerimli özgertmeler, işlenip düzülen maksatnamalar   «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ynsanperwer taglymatlar esasynda ýurdumyzda adam hakynda uly alada edilýändigini görkezýär.

Täze taryhy döwürde hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda häzirki zaman saglygy goraýyş ulgamynyň kanunçylyk binýady täze kanunlaryň kabul edilmegi we hereket edýän kanunlara döwrebap üýtgetmeleriň, goşmaçalaryň girizilmegi bilen has-da kämilleşdirilýär. Olaryň maksady raýatlaryň saglygynyň goralmagyna we jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgesiniň emele getirilmegine, ornaşdyrylmagyna gönükdirilmek bilen, ýaramaz endiklere garşy göreş çärelerini öz içine alýar.

Saglygy gözüň göreji deý goramak, onuň gadyryny bilmek biziň her birimiziň özümize baglydyr. Bu baradaky paýhasly pikirler il arasynda dilden-dile geçip, biziň günlerimize gelip ýetipdir. «Saglyk — baýlyk», «Saglyk başyň täjidir» diýen sözler, hakykatdan hem, ähli zadyň sakasynyň saglykdygyny äşgär edýär. Häzirki döwürde döwrebap hassahanalaryň, anyklaýyş merkezleriniň, saglygy goraýyş edaralarynyň gurlup, halka ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlarynyň edilmegi babatda durmuşa geçirilýän işler aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitaby bolsa halkymyz üçin bahasyna ýetip bolmajak gollanmadyr.

Goý, halkymyzyň ruhy we beden saglygyny ähli zatdan ileri goýýan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutumly işleri rowaç bolsun!

 

Çaryýarguly Nepesow,

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň

Lukmançylyk gullugynyň guralşy we usulyýeti kafedrasynyň mugallymy.

Ýene-de okaň

«Hakyda göwheri» – gymmatly hazyna

Saglygyň gadryny bileliň!

“Hakyda göwheri” – paýhas düri

Baş maksat – ynsan saglygy

Sagdyn durmuş – sagdyn ýaşaýyş

Şöhratly taryhymyzyň beýany