SIZDEN GELENLER

Sagdynlyk – kämilligiň gözbaşy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe raýatlaryň saglygy, abadan we bagtyýar durmuşy hakda uly alada edilýär. Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisindäki çykyşynda: “Halkymyzyň saglygyny goramak, ýurdumyzyň abadançylygyny gazanmak biziň iň uly maksadymyzdyr” diýip bellemegi hem ýurdumyzda ynsan saglygyna aýratyn ähmiýetiň berilýändigini görkezýär.

Jemgyýetiň we döwletimiziň iň ýokary gymmatlygy bolan adamyň saglygyny goramak Türkmenistanda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, ynsan saglygyny goramak, sagdyn durmuş ýörelgelerini rowaçlandyrmak, bedenterbiýäni we köpçülikleýin sporty işjeňleşdirmek babatda bitirilýän beýik işler häzirki wagtda özüniň oňyn netijelerini berýär. «Ene mähri», Gaýragoýulmasyz «Tiz kömek» merkezleri, Köpugurly hassahanalar, şypahanalar, derman serişdelerini öndürýän kärhanalar guruldy. Keselleri anyklamak, bejermek, olaryň öňüni almak boýunça öňdebaryjy usullary we innowasion tejribeleri işe ornaşdyrmakda, ynsan ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak, elýeterli hem-de ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlaryny üpjün etmek babatda ýokary netijeler gazanyldy.

«Saglyk» Döwlet maksatnamasy, halkymyzyň bagtyýar we abadan ýaşaýşyna gönükdirilen netijeli işleriň, şeýle hem «Döwlet adam üçindir!» diýen şygar esasynda alnyp barylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasy bolup durýar.

Güneşli Diýarymyzyň mukaddes topragynda bitýän ösümlikleriň-de aglaba bölegi dermanlyk häsiýete eýe. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda şeýle ösümlikleriň bejerijilik häsiýetleri hakda giňişleýin maglumat berilýär. Milli Liderimiziň bu ösümlikler baradaky ylmy pikirleri, olaryň dermanlyk häsiýetleri, olardan taýýarlanylýan melhemler diňe bir ylmy lukmançylykda däl, eýsem, her bir okyjyda-da uly gyzyklanma döredýär. Sebäbi gürrüňi edilýän kitapda beýan edilýän çogan, ýowşan, düýedaban, üzärlik, öldürik, çomuç, demirtiken, yşgyn, göýül ýaly ösümlikler bejerijilik häsiýetleri boýunça aýratyn gymmatlydyr. Şonuň üçin-de olar halk lukmançylygynda giňden peýdalanylýar.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ata Watanymyzda raýatlaryň saglygynyň goralmagyna, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgesiniň emele getirilmegine we ornaşdyrylmagyna gönükdirilen tutumly işler demokratik, hukuk, dünýewi döwletimizde jemgyýetiň hem-de döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolan adam we onuň saglygy hakyndaky aladanyň nyşanydyr.

Ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamy bilen bir hatarda himiýa senagaty ösdürilýär. Şunuň bilen baglylykda, himiýa senagatynyň ösdürilmeginiň netijesinde, täze saglyk maksatly önümçilikler ýola goýulýar. Lukmançylyk we saglygy goraýyş, agyr we ýeňil maşyngurluşygy, durmuş himiýasy, mebel önümçiligi, azyk senagaty we iň täze ylmy pudaklaryň ählisi ol ýada beýleki derejede himiýa önümleriniň önümçiligine bagly bolup durýar. Himiýa ylmyny we tehnologiýalary 2021-2025-nji ýyllarda toplumlaýyn ösdürmegiň döwlet maksatnamasynyň esasynda bu ugurda giň gerimli işler alnyp baryldy.

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen kabul edilen Maksatnamanyň baş maksady ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli ulgamlarynda özgertmeler durmuşa geçirilende, ylmyň eýeleýän ornuny artdyrmakdan, ekologiýa taýdan arassa we daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmekde himiýa ylmynyň mümkinçiligini peýdalanmakdan, täzeçil we sanly tehnologiýalary peýdalanmak bilen, dünýä bazarlarynda ýurdumyzyň himiýa önümleriniň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmakdan ybaratdyr.

Türkmenistanyň himiýa senagytynyň kuwwatlyklarynyň artdyrylmgy täze ylmy açyşlar we ýurdumyzyň tebigy serişdeleriniň özleşdirilmegine ähmiýetli çemeleşmeler arkaly berkedilýär. Häzirki döwürde himiýa institutynyň hünärmenleri özboluşly lukmançylyk seridelerini döredýärler hem-de önümleriň ekologiýa ulgamyna we onuň önümçiliginde galyndysyz pudagyň emele gelmegine möhüm üns berip, täze görnüşli serişdeleriň önümçiliginiň tehnologiýasyny işläp taýýarlamaga işjeň gatnaşýarlar.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň hünärmenleriniň täze işläp taýýarlamalary ýurdumyzyň derman senagatynyň ösüşine mynasyp goşant we daşary ýurtlardan getirilýän serişdeleriň ornuny tutmagyň hasabyna uly bähbitli bolup durýar hem-de eksport mümkinçiliginiň ýola goýlan pursatynda giň möçberli girdejileriň gazanylmagyna ýol açar. Bu bolsa türkmen alymlarynyň hormatly Prezidentimiz tarapyndan başy başlanan degişli döwlet maksatnamalaryna iş ýüzündäki jogabydyr.

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasynyň işiniň üstünlikli ýola goýulmagy ulgamyň senagat mümkinçilikleriniň barha artýandygyny görkezýär.

Saglyk bagtly ýaşaýşyň, eşretli durmuşyň kepilidir. Ata-babalarymyzyň «Saglyk bolsa, beglik bolar» diýen dana pähimi her bir ynsanyň durmuş ýörelgesine öwrülendir. Täze taryhy eýýamda il saglygynyň ygtybarly goragyny üpjün etmekde beýik işleri amala aşyrýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

Humaý Saparowa,

Myrat Garryýew adyndaky Türkmen döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň

Medisina himiýa kafedrasynyň mugallymy. 

Ýene-de okaň

Bagtyýar çagalar-geljegiň nury

Bilim – üstünligiň binýady

Ata Watan Eserleri

Arkadagyň ýoly — parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýoly

Salamlaşmak edebi – özboluşly sungat

Ata Watan Eserleri

Döwrüň öçmez çyragy — söz ussady Pyragy

Ylymlaryň şasy – matematika