SIZDEN GELENLER

Sagdynlyk bagtyýarlykdyr

Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň ta­gal­la­la­ry bi­len ýur­du­myz­da «II sag­ly­gy­ – ýurt baý­ly­gy» di­ýen pä­him­den ugur al­nyp, Türk­menis­ta­nyň Kons­ti­tu­si­ýa­syn­da jemgy­ýe­tiň we döw­le­tiň iň ýo­ka­ry gym­mat­ly­gy hökmün­de yg­lan edi­len adam sag­ly­gy­ny go­ra­mak ba­bat­da giň möç­ber­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Ila­tyň sag­ly­gy­ny go­ramak­da, ke­sel­le­riň öňü­ni almak­da we ola­ry ýok et­mek­de, sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty puda­gy­ny dün­ýä de­re­je­sin­de ös­dürmek­de ýur­du­myz­da uly ösüş­ler gazanyl­dy.

Be­ýik akyl­dar şa­hy­ry­myz Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň: «Sagly­gyň gad­ry­ny bil­gil, has­ta bol­mas­dan bu­run» diý­şi ýa­ly, ynsan saglygyny goramak, sag­ly­gyň ga­dy­ry­ny bil­mek hal­ky­my­zyň ga­dym­dan gelýän ýörel­ge­si­dir. Sag­lyk her bir ada­myň iň uly baý­ly­gy­dyr. Adam­la­ryň sagly­gy­ny go­ra­mak bol­sa döw­le­ti­mi­ziň baş ala­da­sydyr. Çün­ki her bir adam ha­kynda­ky ala­da, bu tu­tuş jem­gy­ýet ha­kyn­da­ky ala­da­dyr. Şun­dan ugur alnyp, halkymyza ýokary hil­li luk­man­çy­lyk hyz­mat­la­ryny et­mek, ra­ýat­la­ry­my­zyň ömür do­wam­ly­ly­gy­ny uzalt­mak döwlet sy­ýa­sa­ty­my­zyň ile­ri tu­tulýan ugur­la­ry­nyň bi­ri­ne öw­rül­di.

Bü­tin­dün­ýä Sag­ly­gy Go­ra­ýyş Gu­ra­ma­sy, UNI­SEF we beýleki halkara guramalar bilen hyz­mat­daş­lyk­da ýur­du­my­zyň sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­nyň iş­gär­le­ri­niň dün­ýä­niň ösen döw­let­le­ri­ne tej­ri­be we hü­när kämil­leş­di­riş okuw sa­par­la­ry ama­la aşy­ryl­ýar.

Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň 2019-­njy ýy­lyň 30­-njy aw­gus­tynda gol çe­ken Per­ma­ny­na la­ýyklyk­da, her ýy­lyň 10­-njy okt­ýabryn­da Türkme­nis­ta­nyň Sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty iş­gär­le­ri­niň gü­ni bel­le­nil­ýär. Bu bol­sa sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty iş­gär­le­ri­niň tu­tan­ýer­li zäh­me­ti­ni, ila­tyň sag­dyn dur­mu­şy­ny üp­jün et­mä­ge goş­ýan uly go­şant­la­ry­ny has­-da da­ba­ra­lan­dyr­ýar. Sag­ly­gy go­raýyş eda­ra­la­ryn­da zäh­met çe­kip, hal­kyň sag­ly­gy­ny go­ra­mak­da, sag­ly­gy go­ra­ýyş işi­ni ösdür­mekde go­şant go­şan ýo­ka­ry hü­när­li luk­man­la­ra «Türk­me­nis­ta­nyň halk luk­ma­ny» di­ýen hor­mat­ly at da­kyl­ýar.

Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ” Saglygyň gadryny bilgin, hassa bolmazdan burun” diýip belleýşi ýaly, Türkmenistan Watanymyzda halkymyzyň sagdyn durmuşda ýaşamagy, sagdyn nesilleriň kemala gelmegi ugrunda birnäçe maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. 1995-nji ýyldan bäri hereket edip gelýän “Saglyk” döwlet maksatnamasyna laýyklykda ilatyň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini üpjün etmek maksady bilen ýurdumyzyň milli saglygy goraýyş ulgamynda uly özgertmeler geçirildi hem-de oňa ilatyň durmuş taýdan goraglylygy boýunça köp maksatly ulgam derejesi berildi. Türkmenistan döwletimizde halkymyzyň saglygyny goramakda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Dünýä ülňülerine laýyk gelýän ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy okgunly ösýär.

Şeýle hem “Enäni we çagany goramak boýunça” maksatnamanyň durmuşa geçirilmegi döwlet syýasatynyň derejesine çykarylan saglygy goraýyş ulgamynyň düzüm bölegi bolup ol sagdyn bedenli we sagdyn ruhly nesilleriň kemala gelmeginde uly ähmiýete eýedir.Ýurduň ähli künjeklerinde ýokary derejede enjamlaşdyrlan «Ene mähri» merkezleriniň döredilmegi, enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy- kliniki merkeziň açylmagy we işjeň işlemegi, çagany ene süýdi bilen iýmitlendirmek we gan azlyk bilen göreşmek boýunça milli maksatnamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi iri halkara guramalary tarapyndan ýokary baha mynasyp bolýar.

Her bir ynsanyň saglygy onuň ýurdunuň baýlygy bilen deňelýär. Hormatly Prezidentimiz «Il saglygy – ýurt baýlygy» diýip aýtmak bilen halkymyzyň asuda, parahat durmuşda sagdyn bolup ýaşamaklary üçin uly tagallalar edýär. Gül Diýarymyzda berk bedenli, sagdyn ruhly nesilleri terbiýelemekde netijeli işleri alnyp barylýar. Şol sebäpden hem, ýurdumyzda saglyk üçin niýetlenilen dürli görnüşdäki sport toplumlarydyr, saglyk öýleri gurlup ulanylmaga berildi. Her ýylyň 7-nji aprelinde «Bütindünýä saglyk güni» uludan bellenilýär. Şonuň bilen birlikde biziň ýurdumyzda-da, bu dünýä möçberinde alnyp barylýan baýramçylygy tutuş türkmen halkymyz hem uly dabara bilen belleýär. Diýarymyzda «Aprel aýy – saglyk aýy» hasaplanylýar. Şol mynasybetli hem bu aýda ýurdumyzyň ähli edaradyr-kärhanalarynda, mekdeplerdir, ýokary okuw jaýlarynda sport çäreleri yzygiderli guralýar.

Türkmen topragy müň bir derde em boljak dermanlyk ösümliklere iňňän baýdyr we onda bitýän dermanlyk ösümlikleriň aýratyn bejerijilik ähmiýeti bolup, olar köp ýüzýyllyklaryň dowamynda dürli keselleri bejermekde möhüm serişde bolup hyzmat edipdir. Şolardan düzüminde gymmatly mikroelementler köp bolan türkmen buýany hili we ulanyş sypatlary boýunça dünýäde iň gowularyň biri hasaplanylýar. Şundan ugur alnyp, hormatly Prezidentimiziň öňde goýan tabşyryklary berjaý edilip, mundan beýläk-de geljek nesillerimiz üçin ýurdumyzyň tebigy baýlyklarynyň rejeli peýdalanylmagy, daşky gurşawyň goralyp saklanylmagy, Türkmenistanyň ösümlik dünýäsiniň mundan beýläk-de öwrenilmegi üçin dürli ugurlar boýunça ylmy-barlag işleri alnyp barlar.

Ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamy ösüşiň ýokary derejelerine çykýar. Ilata ýokary hilli bejeriş-öňüni alyş hyzmatlaryny ýola goýmak hem-de raýatlaryň saglygyny we abadançylygyny üpjün etmek, ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak boýunça düýpli işler amala aşyrylýar. Sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý etmek maksady bilen her bir ynsan özüniň we beýleki adamlaryň saglygy barada alada etmäge borçludyr.

Rähmet Çaryýew,

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Harby meýdan hirurgiýasy kafedrasynyň mugallymy.

Ýene-de okaň

Saglygyň gadryny bileliň!

“Hakyda göwheri” – paýhas düri

Baş maksat – ynsan saglygy

Sagdyn durmuş – sagdyn ýaşaýyş

Şöhratly taryhymyzyň beýany

Saglygymyz özümize bagly

Ata Watan Eserleri