Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli saglygy goraýyş ulgamynyň halkara derejede ýola goýulmagy, ulgamyň işiniň döwrebap sanly tehnologiýalar esasynda alnyp barylmagy giň gerimli maksatnamanyň çäklerinde amala aşyrylýan toplumlaýyn özgertmeleriň biridir. Bilşimiz ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzda döwrebap hassahanalar, saglyk öýleri, merkezleri gurlup ulanmaga berilýär. Türkmenistanda ilata edilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň ýokary derejesini üpjün etmäge, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň ornaşdyrylmagyna amatly şertleri döretmäge gönükdirilen «Saglyk» Döwlet maksatnamasy we beýleki milli maksatnamalardyr taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär.
«Saglyk» Döwlet maksatnamasyndan ugur alyp hem-de ýurdumyzyň lukmançylyk edaralaryny ekologik taýdan arassa, hil babatda halkara görkezijilere doly laýyk gelýän, ýerli çig mallardan öndürilýän lukmançylyk serişdeleriniň möçberini artdyrmak, saglygy goraýyş edaralarynyň bu serişdelere bolan zerurlyklaryny kanagatlandyrmak maksady bilen, köp işler durmuşa geçirilýär.
Şol işleriň başynda bolsa, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen Arkadag şäherindäki «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasy hem bar. Bu kärhanada saglygy goraýyş ulgamynda gündelik peýdalanylýan lukmançylyk serişdeleriniň görnüşleri, şol sanda ýokary ekologik talaplara laýyk gelýän pamyklary, dokalmadyk matadan bir gezeklik agyz-burun örtükleri, başgaplary, halatlary, ýorgan-düşek daşlyklaryny, aýakgap örtüklerini, hassahanalar üçin zerur bolan saglyk maksatly serişdeleri öndürmek işi ýola goýuldy. Bu günki günde bu düzüm tarapyndan öndürilýän önümleriň görnüşlerini artdyrmak babatda ylmy taýdan esaslandyrylan işler alnyp barylýar.
Häzirki wagtda «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasy tarapyndan 6 aýdan uly bäbejikler üçin goşmaça iýmit bolan süýtli çaga şülesiniň 4 görnüşiniň önümçiligine badalga berildi. Has takygy, tüwüli, tüwüli we bananly şüle, manny ýarmasy we ary bally şüle, däneli ösümlikleriň şülesi ýaly görnüşlerini taýýarlamak işi doly ýola goýlup, olar ýurdumyzyň degişli edaralary, ak bazarlary, söwda merkezleri arkaly satuwa çykarylýar. Bu önümleriň düzümi mikro we makro elementlere, witaminlere baýdygy, taýýarlanylyşynyň aňsatdygy bilen tapawutlanýar.
Şeýle hem golaýda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň Aşgabat we Arkadag şäherleriniň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gulluklarynyň barlaghanalaryna hil ulgamynyň laýyklyk güwänamasy berildi. Berlen güwänamalar degişli düzümlerdäki işleriň TDS ISO 9001 standartynyň bellenen talaplaryna laýyk gelýändigini tassyklaýar. ISO 9001 dünýäde hili dolandyrmak boýunça ykrar edilen standart bolup, ähli ölçeglerdäki edaralara, pudaklara işlerini kämilleşdirmäge, bildirilýän talaplary ýerine ýetirmäge, hil boýunça ygrarlylygyny görkezmäge ýardam edýär.
Aşgabat şäheriniň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň işiniň baş maksady ilatyň sanitariýa-epidemiologik taýdan abadançylygyny üpjün etmek babatda çäreleri guramakdan, utgaşdyrmakdan we gözegçilik barlagyny amala aşyrmakdan ybaratdyr. Onuň düzüminde dünýä ülňülerine laýyk gelýän, ygtybarly enjamlar bilen enjamlaşdyrylan bölümler bolup, olarda birnäçe bölümçeler we barlaghanalar hereket edýär. Gullugyň işi arassaçylyk-gigiýena, bakteriologiýa barlaghanalary hem-de olaryň düzümlerindäki degişli bölümçeler tarapyndan alnyp barlyp, ýerine ýetirilýän işleriň ýokary halkara talaplara laýyk gelmegine aýratyn üns berilýär. Munuň özi «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň işlenip taýýarlanylmagynyň gözbaşynda duran Gahryman Arkadagymyzyň, onuň häzirki wagtda üstünlikli durmuşa geçirilmegini gazanmak ugrunda tagallalaryny gaýgyrmaýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bildirýän talabydyr.
«Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde, ilatyň saglyk abadançylygyny üpjün etmek maksady bilen, keselleriň öňüni alyş çäreleri hem yzygiderli alnyp barylýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ak patasy bilen ulanmaga berlen welaýat köpugurly we onkologiýa hassahanalarynda döwrebap lukmançylyk enjamlarynyň kömegi bilen dürli keselleriň öňüni almaga ähli mümkinçilikler döredilendir. Şeýle hem bu lukmançylyk enjamlaryna erk edýän hünärmenleriň daşary ýurtlarda kämilleşdiriş okuwlarynda bolandygyny hem aýratyn nygtamak gerek.
Saglyk bagtly ýaşaýşyň, eşretli durmuşyň kepilidir. Ata-babalarymyzyň «Saglyk bolsa, beglik bolar» diýen dana pähimi her bir ynsanyň durmuş ýörelgesine öwrülendir. Täze taryhy eýýamda il saglygynyň ygtybarly goragyny üpjün etmekde beýik işleri amala aşyrýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Muhammetnazar Nurnazarow,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň
Harby gigiýena, epidemiologiýa we toksikologiýa kafedrasynyň müdiri.