JEMGYÝET

S.Berdimuhamedowyň Ýaponiýanyň Premýer-ministri bilen duşuşygy boldy

Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherinde geçirilýän tomusky Olimpiýa oýunlarynyň resmi açylyş dabarasyna gatnaşýan Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň Ýaponiýanyň Premýer-ministri Ýosihida Suga bilen duşuşygy boldy. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçildi.

Türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidentiniň iberen mähirli salamyny hem-de XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynyň başlanmagy mynasybetli gutlaglaryny beýan etdi.

Bu ýerdäki duşuşykda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. “Merkezi Aziýa+Ýaponiýa” gatnaşyklarynyň işeň häsiýete eýedigi, ony söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça mundna beýläk-de ösdürmegiň möhüm guralynyň işlenip taýýarlanmagynyň wajypdygy bellenildi.

Taraplar Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň döwlet hem-de hususy düzümleriň wekilleriniň ýygjam gatnaşyklarynyň ähmiýetlidigini bellediler. Gazhimiýa, ulag we oba hojalyk pudaklarynda başy başlanan meýilnamalaryň amala aşyrylmagyna gönükdirilen gatnaşyklaryň esasy ugurlaryny kesgitlediler.

Wise-premýer Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Premýer-ministrini we bu ýurduň wekilçilikli toparyny “Sumitomo Corporation” kompaniýasynyň gurluşygyny alyp barýan, kuwwaty 432 MWt bolan gazturbinaly elektrik stansiýasynyň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyna açylyp ulanmaga berilmegi mynasybetli guraljak dabaralara gatnaşmaga çagyrdy. Çakylyk hoşallyk bilen kabul edildi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Ýaponiýanyň işewür düzümleri bilen hem duşuşyklar geçirdiler we onuň netijesinde birnäçe ylalşyklara gol çekildi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň Ýaponiýanyň Imperatory Naruhito bilen hem duşuşygy boldy.

Şeýle hem Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Tokio şäheriniň Olimpiýa stadionynda Olimpiýa oýunlarynyň resmi açylyş dabarasy boldy. Dabara türgenleriň ýörişi bilen açyldy. Dünýäniň güýçli türgenleriniň hatarynda Watanymyzyň Tugy astynda Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary hem geçdiler. Sportuň 4 görnüşi boýunça çykyş edýän türgenleriň 9-sy bar.

 

S.Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Imperatory bilen duşuşdy

Ýene-de okaň

Täze ýyl arçasyny bezemegiň düzgünlerini berjaý edeliň!

Awtomobil sport toplumynyň täze binalar toplumy gurlar

Malaýziýanyň Premýer-ministri: Magtymgulynyň goşgulary malaý diline terjime edilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan-Malaýziýa gepleşikleri: möhüm resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň Premýer-ministri bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidentiniň Malaýziýa ilkinji resmi sapary başlandy

Ata Watan Eserleri