JEMGYÝET

Russiýanyň wekiliýetiniň Türkmenistana sapary

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-rus hökümetara toparynyň rus böleginiň başlygy Alekseý Owerçugy kabul etdi. Myhman öz ýurdunyň hökümet wekiliýetine baştutanlyk edip, Aşgabada iş sapary bilen geldi.

Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip hem-de Russiýada Türkmenistan bilen gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna ähmiýet berilýändigini nygtap, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustiniň mähirli salamyny ýetirdi. Dostlukly döwletiň hökümet Baştutany döwlet Baştutanymyza hem-de onuň üsti bilen ähli türkmen halkyna türkmen-rus diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli gutlaglaryny, parahatçylyk we abadançylyk baradaky arzuwlaryny beýan etdi.

Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary mümkinçilikden peýdalanyp, Türkmenistanyň Baştutanyny saýlawlarda gazanan ynamly ýeňşi bilen gutlady hem-de hormatly Prezidentimize iň ýokary döwlet wezipesindäki giň gerimli işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýanyň ýokary ýolbaşçylaryna iň oňat arzuwlaryny aýdyp, iki goňşy halkyň bähbitlerine kybap gelýän strategik hyzmatdaşlygyň berk binýadynda ýola goýulýan döwletara gatnaşyklaryň gazanylan derejesini kanagatlanma bilen nygtady.

Biziň ýurtlarymyz ikitaraplaýyn görnüşde bolşy ýaly, halkara düzümleriň çäklerinde hem üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler. Munuň şeýledigine ählumumy hem-de sebit derejesindäki abraýly guramalaryň çäklerinde öňe sürülýän halkara başlangyçlaryň we teklipleriň özara goldanylmagy hem şaýatlyk edýär.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýakynda Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň ähmiýetini nygtady. Şonuň barşynda söwda-ykdysady, energetika, medeni-ynsanperwer we beýleki ulgamlarda iki dostlukly ýurduň gatnaşyklarynyň ösdürilişiniň oňyn depgini bellenildi, giň gerimli ugurlar, döwletara hyzmatdaşlygyň uly mümkinçiligini durmuşa geçirmek boýunça özara bähbitli gatnaşyklaryň hemmetaraplaýyn giňeldilmegine taýýarlyk beýan edildi.

Duşuşygyň barşynda hormatly Prezidentimiz hem-de Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşyp, söwda-ykdysady hem-de ýangyç-energetika toplumlary, oba hojalygy, ýeňil we gaýtadan işleýän senagat, ulag-aragatnaşyk hem-de birnäçe beýleki ileri tutulýan ulgamlar bilen birlikde esasy ugurlar boýunça gatnaşyklary ýygjamlaşdyrmak üçin uly mümkinçiligiň bardygyny bellediler. Şunuň bilen baglylykda, gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmegiň, özara bähbitli ykdysady gatnaşyklary giňeltmegiň we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň netijeli guraly hökmünde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň eýeleýän orny aýratyn bellenildi.

Duşuşygyň barşynda medeni-ynsanperwer ulgamda, şol sanda ylym we bilim, syýahatçylyk ugurlary boýunça döwletara gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge özara gyzyklanma beýan edildi. Ýurtlaryň ikisinde-de ösdürilmegine we höweslendirilmegine aýratyn ähmiýet berilýän sport ulgamynda-da netijeli gatnaşyklary giňeltmäge uly mümkinçiligiň bardygy bellenildi. Hormatly Prezidentimiziň bellenilişi ýaly, ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek bilen, biz doganlygyň we halklarymyzyň özara hormat goýmagynyň ozaldan gelýän däplerine, döwletlerimiziň parahatçylyk söýüjilik hem-de ynsanperwerlik ýörelgelerine ygrarlydygyna daýanýarys. Bu bolsa hyzmatdaşlyk etmek hem-de ählumumy we sebit derejesindäki möhüm ösüş meselelerine özara düşünişmek üçin oňat esasdyr.

Hormatly Prezidentimiz hem-de Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygyň dowam etdirilmegine iki döwletiň çuňňur gyzyklanýandygyny belläp, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, ilkinji nobatda, abraýly halkara guramalarynyň hem-de sebit düzümleriniň çäklerinde üstünlikli ýola goýulýan däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň yzygiderli pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdiler. Şeýle hyzmatdaşlygyň netijesinde soňky ýyllarda birnäçe iri taslamalaryň başy başlandy.

Hazar deňzini özleşdirmek babatda hyzmatdaşlyk etmek meselelerine aýratyn üns berildi. Hususan-da, söhbetdeşler gämi gurluşygy ulgamynda özara hereket etmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz hem-de Russiýanyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary uzakmöhletleýin geljek nazara alnyp ýola goýulýan özara bähbitli döwletara hyzmatdaşlygyň üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

 

Türkmenistanyň Prezidentiniň oba hojalyk we nebitgaz geňeşçileri wezipä bellendi

Ýene-de okaň

USAID-iň YDA taslamasy “TechYouth Bootcamp” maksatnamasynyň çäklerinde hyzmatdaşlyga çagyrýar.

«Türkmentel ─ 2024» atly XVII halkara sergisi we ylmy maslahaty açyldy

Birol Güwen: Türk dünýäsi bilen bilelikdäki filmleri surata düşürmek taslamamyz bar

Ata Watan Eserleri

Aşgabatda «Gorkut ata» atly halkara kinofestiwaly başlady

Ata Watan Eserleri

Baýraktar: Türkmenistanyň gazyny Azerbaýjanyň üsti bilen almak mümkin

Ata Watan Eserleri

Aşgabatda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi geçiriler