Russiýanyň täze işläp düzen “Sputnik Laýt” sanjymynyň halkara kliniki synaglaryna başlandy. Bu barada metbugat gulluklary habar berýär. Bu sanjymyň ilkinji synaglary geçirildi.
Ol hem “Sputnik V” sanjymy ýaly, Russiýanyň Gamaleý adyndaky instituty tarapyndan işlenip düzüldi. Täze sanjymyň “Sputnik V” sanjymyndan tapawutly tarapy bir gezek sanjym etmek ýeterlik bolýar. “Sputnik V” sanjymyny bolsa belli bir aralykda 2 dozadan sanjym etmek göz öňünde tutulypdy. Immunitet bir hepdeden emele gelip başlaýar we bir aýdan soň iň ýokary derejä ýetýär. Täze sanjymyň çak edilýän netijeliligi 85 göterime deňdir.
Moskwa şäheriniň häkimi Sergeý Sobýanin täze sanjymyň kliniki synaglarynyň Russiýadaky bölegi Moskwa şäherindäki 10 şäher saglyk öýünde geçiriljekdigini belledi.
– Islendik uly ýaşly raýat oňa gatnaşyp biler. Elbetde, “Sputnik V” bilen sanjym edilmedik bolsa we başga garşylyklary ýok bolsa –diýip, Sergeý Sobýanin belläp geçdi.
Sanjym koronawirusyň iň ýokary derejesini başdan geçirýän ýurtlar üçin wagtlaýyn çözgüt hökmünde eksporta niýetlenip işlenip düzülýär.
Russiýanyň çäginde “Sputnik V” sanjymyny sanjym etmek işleri dowam edýär. “Sputnik V” sanjymy dünýäniň köp sanly ýurdunda, şol sanda Türkmenistanda hem bellige alyndy.
“SPUTNIK LAÝT” SANJYMY BARADA…
- “Sputnik Laýt” sanjymy “Gamaleya” merkezi tarapyndan işlenip düzülen we dünýäde koronawirusa garşy ilkinji hasaba alnan sanjym bolan “Sputnik V” sanjymyň “ýeňil” görnüşidir. Diňe bir (birinji) komponentden durýar, şonuň üçin ikisine derek diňe bir sanjym talap edýär.
- “Sputnik Laýt” -yň halkara kliniki synaglary 18-nji fewral, penşenbe güni Moskwada başlandy. Olaryň rus bölegi on şäher saglyk öýünde geçiriler, oňa 3 müň adam gatnaşmaly.
- Birleşen Arap Emirliklerinde geçiriljek synaglara ýene 3 müň adam gatnaşar.
Tirkeş Mätnazarow: Maksadym şowsuzlyklardan ýokarda