SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Russiýanyň “S7” awiakompaniýasy gatnawlaryny Aşgabada hem amala aşyrar

Russiýanyň “S7” awiakompaniýasy uçar gatnawlaryny Aşgabadyň halkara howa menziline hem amala aşyrar. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň “Telegram” jemgyýetçilik torunda bellenilip geçilýär.

Habar berlişine göre, rus kompaniýasy 2023-nji ýylyň 20-nji fewralyndan duşenbe günlerindäki uçar gatnawlaryny Aşgabat şäheriniň howa menziline amala aşyrar.

Şol bir wagtda awiakompaniýanyň Türkmenbaşy ugry boýunça-da gatnawlary göz öňünde tutulandyr. Ýagny, duşenbe günleri Aşgabat, perşenbe günleri Türkmenbaşy ugry boýunça gatnawlar ýerine ýetiriler.

Kompaniýanyň uçar gatnawlarynyň rejesi şeýle:

Duşenbe güni 

  • Moskwa-Aşgabat, “S7” 3235 gatnawy, 09:05-de gonýar
  • Aşgabat-Moskwa, “S7” 3236 gatnawy, 10:05-de uçýar

Penşenbe güni

  • Moskwa-Türkmenbaşy, “S7” 3237 uçar gatnawy, 09:05-de gonýar
  • Türkmenbaşy-Moskwa, “S7” 3238 uçar gatnawy, 10:05-de uçýar

Ýene-de okaň

Türkmenistan Bütindünýä saglyk gününi sport çäreleri bilen bellär

Özbegistanda syýahatçylyk çalt ösýär: täze strategiýa ykdysady ösüşi güýçlendirýär

Türkmenistanda “Turkmentravel-2026” atly halkara syýahatçylyk sergisi geçiriler

Alanýa sizi ultra trail halkara marafona çagyrýar

«ITB BERLIN – 2026» halkara sergisinde Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçilikleri tanyşdyryldy

Daşary ýurt awiakompaniýalary Türkmenistanyň üsti bilen üstaşyr gatnawlary artdyrýarlar