MEDENIÝET

Russiýanyň meşhur sirk artistleri Arkadag şäherinde çykyşlaryny görkezerler

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň iýul aýynda geçiriljek medeni çäreleriň maksatnamasy barada hasabat berildi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, öňümizdäki aýda ýurdumyzyň welaýatlarynda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde birnäçe medeni-köpçülikleýin çäreler, forumlar, brifingler we maslahatlar geçiriler.

8-nji iýulda Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynda ýurdumyzyň wäşileriniň çykyşlary guralar.

15-nji iýulda Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda maslahat we neşir önümleriniň sergisi geçiriler.

3-9-njy iýul aralygynda Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkinde, 10-31-nji iýul aralygynda Türkmenistanyň döwlet sirkinde Russiýanyň meşhur sirk artistleriniň, şeýle hem “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň bilelikdäki çykyşlaryny guramak göz öňünde tutulýar.

 

Russiýanyň sirk artistleri Türkmenistana gelerler

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň medeni mirasy Täjigistanyň Döwlet medeniýet we sungat institutynda görkezildi

Aşgabatda Russiýanyň kino festiwaly açyldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda aprel aýynda geçiriljek medeni çäreler

Ýur­du­myz­da des­san­çy bag­şy­la­ryň fes­ti­wa­ly ge­çi­ril­ýär

Türkmen suratkeşleriniň halkara üstünligi

Dünýä belli aktýor Çak Norris aradan çykdy