DÜNÝÄ

Russiýanyň iň güýçli adamynyň rekordy

“Russiýanyň iň güýçli adamy” adyna eýe bolan Elbrus Nigmatulin täze rekordy goýdy, ol Russiýanyň Ufa şäherindäki halkara howa menzilinde 36 tonna agramly uçary duran ýerinden süýşürmegi başardy. Bu güýçli adam ertirlik üçin et önümi bilen iýmitlenendigini habarçylara aýtdy we synagdan öň sport türgenleşik işlerini geçirdi. Soňra bolsa öz bedenine, uçara berkidilen ýüpi berkidip, uçary çekmäge başlady. Bu rekordy synaga baş eminlik eden Wasiliý Grişenko tarapyndan hasaba aldy. Nigmatulina gowşurylan şahadatnamada güýçli türgeniň 44.58 sekuntda, 36 tonna agramy bolan “Boeing 737-500” kysymly uçaryny, 25 metr çekip süýşürdi we rekord goýandygy barada aýdylýar. Nigmatulin türgenleşik wagtlarynda şeýle uçarlary süýşürip bilmedi, emma bu gazanan netijeden hoşaldygyny nygtady. Bu rekordy Nigmatulin merhum bolan Ufa şäheriniň häkimi Ulfat Mustafina bagyşlady. Ufa şäheriniň halkara howa menzilinde Nigmatullini bu rekordy bilen gutladylar.

 

Umumy Sahypamyz

Siz bu sahypada gündelik syýasata degişli habarlary okap bilersiňiz!

 

Ýene-de okaň

Gruziýanyň Parlamentinde duşuşyk: parlamentara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary

ABŞ-nyň ýörite wekili Türkmenistanyň daşary işler ministri bilen duşuşdy

Atçylyk sporty ulgamynda hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

FAO-nyň Baş direktorynyň Türkmenistandaky duşuşyklary

Türkmenistan GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň ýanyndaky Ykdysady meseleler boýunça toparynda başlyklygy kabul etdi

«Merkezi Aziýa – Russiýa» formatyndaky ýokary derejeli geňeşmeler geçirildi