SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Rus sanjymynyň nobatdaky eksport ugry

“Sputnik V” – bu häzirki wagtda dünýäde dörän pandemiýa garşy Russiýanyň Gamaleýa ylmy-barlag merkezi tarapyndan işlenip düzülen sanjym bolup durýar. Hil taýdan synaglary üstünlikli doly derejede geçen sanjym eýýäm dünýäniň köp ýurtlary muňa gyzyklanma bilen garaýarlar, hat-da satyn hem almaga girişdiler.

Russiýanyň maýa goýum gaznasy “Sputnik V” sanjymy maliýeleşdirijisi hökmünde Russiýanyň Gamaleýa ylmy-barlag instituty tarapyndan işlenip düzülen koronawirus sanjymyny “Landsteiner Scientific” derman kärhanasy bilen 32 million dozasyny Meksika döwletine bermek barada şertnama gol çekişdi. Beriljek bu möçber Meksika döwletiniň ilatynyň 25% göterimini pandemiýadan halas edip boljakdygyny mälim edildi.

Rus sanjymyna gyzyklanma bildiren we satyn almak babatda başlangyç bilen çykyş eden ilkinji ýurt Belarus Respublikasy bolupdy.

Mälim bolşy ýaly, 2020-nji ýylyň 11-nji awgustynda Russiýa dünýäde ilkinji bolup, täze görnüşli koronawirusyň sanjymyny hasaba aldy we oňy “Sputnik V” diýip atlandyrdy. Bu sanjymyň kliniki barlaglarynyň 3-nji tapgyryna 9-njy sentýabrda girişildi. Bu tapgyra ähli ýaş toparlaryndan meýletinçileriň 40 müňden gowragynyň gatnaşmagyna garaşylýar.

Syýahatçylyk Sahypamyz

Global pandemiýa şertleri tamamlanandan soňra haýsy ýurda syýahata gitsem diýýänler we syýahat etmegi söýýänleriň sahypasy

Ýene-de okaň

Hytaý ýaş hünärmenler üçin täze wiza görnüşini girizýär

AÖB Türkmenistanda şepagatçylyk işini ösdürmek üçin $77 mln maýa goýýar

«Türkmenistan» awiakompaniýasy içerki gatnawlaryň tertibine düzediş girizer

Türkmenistanyň uçarmanlary Ýewropanyň standartlaryna göra taýýarlanar

Ata Watan Eserleri

Saglygy goraýyş, bilim we sport boýunça halkara sergi geçiriler

Pakistan Türkmenistanyň bilen göni howa gatnawlaryny dikeltmegi teklip edýär