Russiýa Federasiýasynyň “Russiýanyň demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň baş direktory Oleg Belozerow Türkmenistanda saparda boldy. Ol saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň baş direktory Mämmethan Çakyýew bilen duşuşyklar geçirdi. Bu barada rus demirýollary edarasynyň metbugat gullugy habar berýär.
Duşuşyklaryň barşynda Russiýanyň, Gazagystanyň, Türkmenistanyň we Eýranyň çäginden geçýän “Demirgazyk-Günorta” halkara ulag geçelgesiniň gündogara şahasyny ösdürmegiň ugurlary maslahatlaşyldy.
Berlen maglumata görä, Russiýanyň logistika kompaniýalary bilen Türkmenistanyň demirýol agentliginiň arasynda ýakyn wagtda yzygiderli konteýner hyzmatlaryny ýola goýmak göz öňünde tutulýar.
Şeýle hem Russiýanyň koks, metallurgiýa we beýleki harytlaryny Türkmenistanyň üsti bilen Eýran, BAE, Türkiýe we beýleki birnäçe ýurtlara ibermegi guramak barada pikir alşyldy.
Taraplar “Demirgazyk-Günorta” halkara ulag geçelgesi arkaly ýük daşamalaryň möçberini artdyrmak maksady bilen Türkmenistanda bilelikdäki infrastruktura tasmalaryny durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerine garadylar. Bu babatda Türkmenistanyň demirýl ulgamyny sanlylaşdyrmak we işgärleriň hünär derejesini kämilleşdirmek ýaly taslamalar göz öňünde tutulyp bilner.
Deslapky maglumatlara görä, 2025-nji ýylda Russiýadan gündogar ugry boýunça “Demirgazyk-Günorta” halkara ulag geçelgesi arklay eksport ugurly ýük daşamalaryň möçberini ýylda 5 million tonna ýetirmek göz öňünde tutulýar.
Bu ugurda ilkinji synag otlusynyň gatnawy amala aşyryldy. Ol hem Russiýanyň mineral dökünden ybarat ýük konteýnerleri Eýranyň Bender-Abbas porty bilen Hindistana iberildi.
