SPORT

Ronaldo maşynlaryny Turinden alyp çykdy. Bu näme many berýär?

Italiýanyň “Ýuwentus” kluby we Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Kristiano Ronaldo ähli awtoulaglaryny Turin şäherinden alyp çykdy. Awtoulaglary daşamak “Lissabon” kompaniýasy tarapyndan amala aşyryldy. Kompaniýa Ronaldo degişli ýedi sany awtoulagy Italiýadan alyp gidipdir. “Ýuwentus” Italiýanyň A Seriýasynyň 37-nji tapgyrynda “Inter” bilen geçirilen oýunda 3: 2 hasabynda ýeňiş gazandy. Emma bu ýeňiş, klubyň Çempionlar ligasynyň saýlama zolagyna gaýdyp gelmegi üçin ýeterlik däldi. Häzirki wagtda ” Ýuwentus” ligada bäşinji orunda durýar. Klub “Napoli” bilen “Milandan” bir utuk, “Atalantadan” üç utuk yzda. Günbatar metbugaty bolsa möwsümiň ahyrynda Ronaldonyň “Ýuwentusdan” çykjakdygyna ynanýarlar. Käbir çeşmelere görä, ol ýene Angliýanyň “Mançester Ýunaýted” klubyna gaýtmagy mümkin. Ronaldo 2003-2009-njy ýyllar aralygynda “Mançester Ýunited”klubynda oýnady. Klubyň bir bölegi hökmünde üç gezek Angliýa çempionatynda, Döwlet kubogynda we Super kubokda ýeňiji boldy. Iki gezek Liga kubogyny aldy. Şeýle hem Çempionlar ligasynda we klublar arasyndaky dünýä çempionatynda ýeňiji boldy. Ronaldo bäş gezek “Altyn topuň” ýeňijisidir. Ol 2016-njy ýylda  Portugaliýanyň milli ýygyndysy bilen Fransiýada geçirilen Ýewropa çempionatynda ýeňiji boldy.

 

Ogulabat ejäniň kalbynyň mähri siňen sungat

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Kubogy ugrunda bäsleşik badalga aldy

Ýaşlaryň arasynda Türkmenistanyň birinjiliginiň senenamasy

Türkmenistanyň futbol çempionaty 4-nji aprelde badalga alar

Ata Watan Eserleri

Tramp Messi bilen duşuşdy: “Belki Peleden has gowusyň?”

Dünýä çempionatynyň açylyş dabarasynda Meksikanyň Prezidentine meksikaly gyzjagaz wekilçilik eder

Meşhur rus küştçisi Sergeý Karýakiniň Türkmenistanda küşt kluby açylar

Ata Watan Eserleri