SPORT

Ronaldo karýerasynda 14-nji gezek bir ýylda 40 gol geçirdi

Saud Arabystanynyň “Al-Nasr” klubynyň hüjümçisi Kristiano Ronaldo professional karýerasynda 14-nji gezek bir senenama ýylynyň dowamynda 40 gol geçirmegi başardy.

27-nji dekabrda portugaliýaly futbolçy Saud Arabystanynyň çempionatynyň 11-nji tapgyrynda “Al-Ohdud” topary bilen geçirilen duşuşykda (3:0) 2 gol geçirip, bu görkezijä ýetdi.

Şuňa meňzeş netije Ronaldo üçin 2010–2018-nji ýyllarda, şeýle-de 2020-nji, 2021-nji, 2023-nji we 2024-nji ýyllarda hasaba alyndy. Portugaliýaly futbolçynyň iň gowy netijesi 2013-nji ýylda geçiren 63 goludyr.

Belläp geçsek, Ronaldo karýerasynyň dowamynda jemi 956 gol geçirdi.

“Al-Nasr” Saud Arabystanynyň çempionatynyň ilkinji 10 tapgyrynda mümkin bolan 30 utukdan 30-syny toplap, ýaryş tablisasynyň birinji ornunda ýerleşýär. Ikinji orunda duran “Al-Hilal” topary dört utuk yza galýar.

 

Ýene-de okaň

Türkiýä 24 ýyldan soňra dünýä çempionatyna gatnaşar

Ata Watan Eserleri

44 gün tälimçilik etdi

Türkiýäniň ýygyndysyna dünýä çempionatyna bir ädim galdy

Ata Watan Eserleri

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi

Özbek futbolçy “Mançester Siti” topary bilen ilkinji kubogyny gazandy