Kristiano Ronaldo Saud Arabystany «Al-Nasr» futbol kluby bilen şertnamasyny 2027-nji ýyla çenli uzaltdy. Bu bolsa onuň 40 ýaşynda hem futbol oýnamagyny dowam etdirýändigini aňladýar.
Kristianonyň aýlygy öňküsi ýaly – möwsüm üçin 200 million ýewro. Şeýle ýaşda şeýle girdejini gazanmak hem üstünlikdir.
Sosial ulgamlarda onuň ýyllyk girdejisiniň 400 million ýewro (hatda günde 1,1 million, sekuntda 13 ýewro) diýip ýazylýar, ýöne bu maglumatlar resmi taýdan tassyklanmady. Şeýle hem bolsa, Ronaldo dünýäniň iň ýokary aýlyk alýan türgeni bolmagynda galýar.
«Al-Nasr» ilkinji başda oňa diňe bir ýyllyk şertnama hödürläpdi, ýöne soň karary Ronaldonyň özüniň kabul etmegine rugsat berdiler. Ronaldo islän zatlarynyň hemmesini aldy.
Ronaldo diňe bir ýokary aýlyk we goşmaçalar bilen çäklenmän, eýsem «Al-Nasr» klubynyň 15% paýnamasyny hem alar – bu bolsa 35 million ýewro diýlip baha berilýär.
Kristiano Ronaldo Saud Arabystanynda 2023-nji ýylyň ýanwaryndan bäri oýnaýar. Öňki möwsümde çempionatda 30 oýun, 25 gol bilen çykyş etdi. Ondan öňki ýylda has netijeli çykyş edipdi – 35 gol geçiripdi.
Ýöne esasy mesele – «Al-Nasr» bilen Ronaldonyň gazanmakda şowsuzlygy bolup durýar.
● Ronaldo Saud ligasynda iki gezek ikinji boldy – elbetde, «Al-Ittihad» we «Al-Hilal» klublaryndan yzda galdy. Saud Arabystanynda üç uly klub bar, ýöne diňe «Al-Nasr» altyn medal gazanyp bilmedi. Öňki möwsümde hem hiç hili mümkinçilige eýe bolman üçünji bolup tamamlandylar.
● Ýerli kubokda hem üstünlik ýok: bir gezek finalda oýnadylar, iki gezek pleý-offda ýeňildiler. Şeýle hem Saud Arabystanynyň Superkubogynda hem şowsuzlyk boldy.
● Aziýa Çempionlar Ligasynda Ronaldo bilen «Al-Nasr» finala çykyp bilmedi. Öňki möwsümde BAE-den «Al-Aýn» toparyna garşy ýarym finalda ýeňildiler. Bu möwsüm has gowy mümkinçilik bardy. Ýene-de bolmady.
● Ronaldonyň «Al-Nasr» bilen alan ýeke-täk kubogy – 2023-nji ýylda gazanylan Arap çempionlar kubogy bolup durýar.