BILIM

Robotlaryň olimpiadasy: mekdep okuwçylarymyz Panamada geçiriljek halkara ýaryşa gatnaşar

Ýurdumyzyň mekdep okuwçylaryndan düzülen topar robot tehnologiýasy boýunça Panama Respublikasynda geçiriljek “First Global Challenge 2025” atly halkara bäsleşigine gatnaşar. “Robotlaryň Olimpiadasy” diýlip hem atlandyrylýan bu bäsleşik şu ýylyň 29-njy oktýabryndan 1-nji noýabry aralygynda geçiriler. Oňa 190 döwletiň ýaşlarynyň gatnaşmagyna garaşylýar.

Halkara bäsleşige gatnaşjak topar Aşgabat şäheriniň dil dersleri çuňlaşdyryp öwredilýän ýöriteleşdirilen 97-nji orta mekdebiniň okuwçylaryndan ybarat. Ady – “Oguzrobot”. Ol Çaryýew Ysmaýyl, Gylyçmuhammedow Emirhan, Çolukow Aznawur, Gulow Şirmuhammet, Orazgeldiýew Gurbangeldi dagysyndan düzülen. Topara tejribeli mugallym Myrat Sähetgulyýew ýolbaşçylyk edýär.

Okuwçylar soňky birnäçe aýyň dowamynda bu halkara ýaryşa “Kämil bilim” okuw merkezinde doly taýynlyk gördüler. Oguz hanyň zehinli nesilleri robotlaryň dizaýnyny taýýarlamagyň, programma üpjünçiligini ýazmagyň we olary synagdan geçirmegiň dürli tapgyrlaryny alyp bardylar.

 Okuwçylarymyzyň bäsleşige taýýarlyk derejesi ýokary. Gowy netijelere garaşýarys. Şeýle uly bäsleşige gatnaşmak, ilkinji nobatda, ýaşlarymyzyň halkara tejribesini artdyrýar, olaryň döredijilik we inženerçilik ukyplaryny kämilleşdirýär – diýip, toparyň ýolbaşçysy Myrat mugallym gürrüň berdi.

“First Global Challenge” – Olimpiýa oýunlary görnüşinde guralýan robot tehnologiýasy boýunça halkara bäsleşik bolup durýar. Ol bu gezek ekoulgamyň deňagramlylygyna bagyşlanyp, dünýä ýaşlaryna daşky gurşawy goramak boýunça täze çözgütleri hödürlemegi maksat edinýär.

 

 

Ýene-de okaň

Aşgabatda Lu Ban ussahanasyny açmak boýunça iş maslahaty geçirildi

Türkmen mugallymy Hytaýda türkmen dili dersi boýunça talyplara bilim berýär

Türkmenistan halkara matematika olimpiadasynda 211 medal gazandy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň intellektual eýeçilik ulgamyny ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Konsepsiýasy tassyklanyldy

Ykdysady taslamalar boýunça Startup bäsleşigi geçirildi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň bilim ministri Parižde GEM 2026 hasabatynyň tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşdy