SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Raýatlarymyz ýurdumyza getiriler: Çäklendirmeler we möhletler

Türkmenistanyň hökümeti koronawirus pandemiýasy sebäpli daşary ýurtlarda galan Türkmenistanyň raýatlaryny ata Watanymyza getirmek işlerini yzygiderli ýagdaýda dowam etdirýär.

Saýtymyza öň ýerleşdiren habarymyza görä, Russiýadaky, Ukrainadaky hem-de Germaniýadaky türkmen raýatlary ýurdumyza gelerler.

Ertir Russiýadan raýatlarymyz geler

Ilki bilen 7-nji oktýabrda “Türkmenhowaýollary” agentliginiň “Boeing-777-200” kysymly uçary bilen Aşgabat-Moskwa-Türkmenabat ugry arkaly 277 raýatymyz ýurdumyza geler.

Germaniýadan raýatlarymyz geler

9-njy oktýabrda Aşgabat-Mýunhen ugry boýunça amala aşyryljak gatnaw arkaly türkmen paýtagtyndaky diplomatik wekilhanalaryň işgärlerini hem-de beýleki daşary ýurt raýatlaryny we olaryň maşgalalaryny äkitmek göz öňünde tutulýar.

11-nji oktýabrda bolsa, Mýunhen-Türkmenabat ugry bilen türkmen we daşary ýurt raýatlaryny Türkmenistana getirmek meýilleşdirilýär.

Kiýewdäki raýatlarymyz Ata Watanymyza geler

Soňra 10-njy oktýabrda “Boeing-777-200” kysymly uçary bilen Aşgabat-Kiýew-Türkmenabat ugry arkaly ýene-de 277 raýatymyz ata Watanymyza dolanar.

Türkmenistana gelýän ähli raýatlarymyz düzgünlere laýyklykda, Türkmenabat şäherinde 2 hepdelik karantin çärelerine tabyn bolarlar.

Mundan ozal, Türkmenistana Russiýa, Türkiýe, Belarus we Hindistan ýaly döwletlerden türkmen raýatlary getirildi.

Azerbaýjandaky raýatlarymyz parom bilen geler

Oktýabr  aýynyň birinji on günlüginde Azerbaýjandaky türkmen raýatlary parom arkaly gelerler. 100 sany türkmen raýaty Türkmenbaşy-Alýat-Türkmenbaşy parom gatnawy arkay ata Watanymyza gelerler.  Pandemiýa döwründe parom arkaly ilkinji gezek türkmen raýatlary getirmek işi amala aşyrylar.

Gazagystandaky raýatlarymyz  hem geler

Şeýle hem oktýabr aýynyň birinji ýarymynda Gazagystan Respublikasynda wagtlaýyn bolýan raýatlarymyzyň 50-si “Garabogaz” gözegçilik-geçiriş nokadyndan öýlerine gaýdyp gelerler. Raýatlarymyzyň yzyna dolanmagy ýokanç kesellerden goranmagyň düzgünlerini berk nerjaý etmek arkaly amala aşyrylar.

Ýokaryda belläp geçen uçar gatnawlarymyz adaty uçar gatnawlary bolman, eýsem, ýörite bir gezeklik ýa-da birnäçe gezeklik gurnalýan uçar gatnawlarydyr.

Halkara uçar gatnawlary haçana çenli togtadyldy?

Mälim bolşy ýaly, “Türkmenhowaýollarynyň” Russiýadaky wekilhanasy “https://turkmenistanairlines.ru/” internet saýtynda berlen habara görä,  COVID-19 koronawirus pandemiýasy bilen baglanyşykly awiakompaniýanyň ähli halkara gatnawlarynyň ýatyrylmagy 2020-nji ýylyň 31-nji oktýabryna çenli uzaldyldy.

Türkhowaýollarynyň Aşgabat gatnawlary haçan başlaýar?

Türkiýäniň “Türkhowayollary” kompaniýasynyň Aşgabat gatnawy barada täze maglumat mälim edildi. “Türkhowayollary” kompaniýasynyň Aşgabatdaky şahamçasynyň “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com saýtyna beren maglumatyna görä,  dünýädäki epidomologik ýagdaý göz öňünde tutulyp, Aşgabat ugry boýunça amala aşyrylýan gatnawlaryň 2020-nji ýylyň 31-nji oktýabryna çenli togtadylýandygy bellenildi.

Türkmenistan daşary ýurtlardan raýatlaryny getirýän wagty ýurduň çäginde hem käbir çözgütler kabul edildi. Geliň indi bulary gysgaça belläp geçeýliň!

Dellekhanalar we tikinçilik kärhanalaryň iş tertibi

Türkmenistanda dellekhana we tikinçilik kärhanalarynyň işiniň ähmiýetini göz öňünde tutup, olaryň işine 1-nji noýabra çenli rugsat bermek göz öňünde tutuldy.

Bu iş ýerleriniň 09:00-dan 20:00-a çenli sanitariýa we arassaçylyk düzgünlerine laýyklykda hereket etmegi zerur bolup durýar.

Otly we awtobus gatnawlary haçana çenli togtadyldy

Türkmenistanda otly gatnawlary 1-nji noýabra çenli duruzylýar. Mundan ozal berlen habarlara görä, otly gatnawlary 1-nji oktýabra çenli togtadylypdy. Türkmenistanda şäherara awtobus gatnawlary  hem 1-nji noýabra çenli çäklendirilýär.

Metjitlerdäki çäklendirmeler…

Türkmenistanda sebitdäki we dünýädäki epidemiologik ýagdaý göz öňünde tutulyp, metjitlerde we namazhanalarda ybadat etmegini, zyýarathanalarda sadaka bermegini, zyýarat etmegini çäklendirme möhleti uzadyldy. Munuň 2020-nji ýylyň 1-nji noýabryna çenli uzaldylandygy mälim edildi.

Awazada dynç almak mümkinmi?

Dünýädäki we sebitdäki durnuksyz epidemiologiki ýagdaý sebäpli Türkmenistanda Hazar deňziniň kenarynda dynç almak we suwa düşmek üçin çäklendirmeler möhleti uzadyldy. 2020-nji ýylyň 1-nji oktýabryna çenli Awaza milli syýahatçylyk zolagynda dynç almak hem-de suwa düşmek çäklendiriler. Bugün saýtymyza ýerleşdiren habarymyzdan hem mälim bolşy ýaly, oktýabr aýyndan başlap, Hazaryň kenarynda diňe “Awaza” şypahanasynda dynç almaga rugsat berildi.

Restoranda we kafelerde çäklendirmeler

Türkmenistanda azyk we sarp ediş harytlary dükanlaryndan başga jemgyýetçilik hyzmat merkezleriniň, naharhanalaryň, banket zallarynyň, restoranlaryň, kafeleriň we garbanyşhanalaryň  we şuňa meňzeşleriň işiniň wagtlaýyn çäklendirmeleri 15-nji oktýabryna çenli uzaldyldy.

Şuňa meňzeş çäklendirmeler hyzmat ediş desgalaryna merkezlerine (kinoteatrlar, teatrlar, oýun attraksionlary, muzeýler, gözellik salonlary, hammamlar), sport desgalary (basseýnler, fitnes we aerobika klublary), eýeçilik  görnüşlerine garamazdan we oýun merkezlerine gysga möhletli kurslarada degişlidir.

Hazarda balyk tutup bolarmy?

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi hem-de Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrligi, şeýle hem Döwlet Serhet gullugy we Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşigi bilen Hazar deňzinde senagat balykçylygyny guramagyň tertibi barada ylalaşdy, şondan soň degişli rugsatnama kabul edildi.

Halkara uçar gatnawlary baradaky habarlary we beýleki habarlary aňsat okamak üçin Täze Applikasiýa: Ata Watan Türkmenistan applikasiýany özüňiziň Android ulgamly mobil telefonyňyza ýükläň! Ýakyn wagtda IOS ulgamynda hem applikasyýamyz hereket edip başlar. Applikasiýany ýüklemek üçin aşakdaky suratyň üstüne basyň ýa-da Google Play-dan “Atavatan Turkmenistan”  ýazyp gözleg ediň!

Meşhur sungat işgärleri Ata Watan Türkmenistanda myhmançylykda

Ýene-de okaň

Hytaý emeli adada dünýäniň iň uly howa menzilini gurar

Türkmenistanyň raýatlarynyň dykgatyna: Türkiýäniň wizasy üçin täze bildiriş

Türkmenistan bilen Gazagystan uçar gatnawlaryny täzeden ýola goýmagy meýilleşdirýär

Ata Watan Eserleri

Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde çagalaryň 985-sine dikeldiş bejergisi geçirildi

Kolosseýde Göbekli depe Artefaktlaryna bagyşlanan sergi açyldy

Awiasiýa howpsuzlygy üpjün etmegiň Döwlet maksatnamasy taýýarlandy