BILIM

“QS World University Rankings 2025”: dünýäniň öňdebayrjy uniwersitetleriniň sanawy

Her ýyl dünýäniň öňdebaryjy uniwersitetleriniň sanawy düzülýär. Bu sanawda ýokary okuw mekdepleriniň birnäçe görkezijileri göz öňünde tutulýar. Olar uniwersitetleriň akademik üstünlikleri, uçurym bolýan talyplaryň iş üpjünçiligi, innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy ýaly ugurlar göz öňünde tutulýar.

Şu görkezijilere esaslanyp, “QS Dünýä uniwersitetiniň reýtingi”, şeýle hem “Times Higher Education” guramasynyň bütindünýä uniwersitetiniň reýtingi düzülýär.

Bu guramalaryň reýtingleri Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň daşary ýurt uniwersitetleriniň diplomlary ykrar edilende göz öňünde tutulýar.

Şoňa görä-de, “QS Dünýä uniwersitetiniň reýtingi” 2025-nji ýyldaky sanawy taýýarlandy. 2025-nji ýylyň sanawy mundan ozalky ýyllara garanyňda, has giňişleýin esasda düzüldi. Oňa 105 ýokary bilim ulgamynyň 1500 uniwersiteti goşuldy.

Bu sanawda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň uniwersitetleri has köp möçberde wekilçilik etdi. Sanawda ABŞ-dan 197 ýokary okuw mekdebi, ikinji orundaky Birleşen Patyşalykdan 90, Hytaýdna 71 uniwersitet goşuldy.

13 ýyl bäri ABŞ-nyň dünýä belli Massaçustes Tehnologiýa instituty birinji orny eýeläp gelýär. Londonyň Imperial kolleži 4 basgançak ýokary çykyp, ikinji orny eýeledi. Şeýlelikde, Oksford we Garward uniwersitetleri degişlilikde 3-nji we 4-nji orunlary eýeledi. Kembrij uniwersiteti bolsa, 5-nji orny eýelemegi başardy.

Ýene-de okaň

Wengriýa her ýyl Özbegistanyň raýatlary üçin 200-e çenli talyp hakyny bölüp berer

ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçihanasy kitap sergisini gurnaýar

Türkmen okuwçylary halkara himiýa olimpiadasynda 3 medal gazandy

Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetine 500 talyp kabul ediler

Türkmenistanda 2025-2026-njy okuw ýylynda 16 müň 782 talyp okuwa kabul ediler

Türkmenistanda Hytaýyň Lu Ban ussahanasynyň işi ýola goýlar