TESWIRLER

Pyýada ýöreýänlere pul baýragy berler

Özbegistan Respublikasynyň ýaşaýjylarynyň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek babatda täze bir başlangyç ýola goýuldy. Ýurduň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew pyýada ýöremek maksatnamasyny ýola goýup, munuň üçin raýatlara uly bolmadyk möçberde pul sylaglaryny bermek göz öňünde tutuldy. Bu babatda degişli karar kabul edildi.

Şol karara laýyklykda, ýurduň 18 ýaşdan ýokary bolan raýatlaryň günde azyndan 10 müň ädim ýol ýörenler üçin döwlet tarapyndan pul baýraklaryny alyp bilerler diýip bellenilýär. Maksatnama gatnaşmak üçin ýurduň raýatlary “Sagdyn durmuş ýörelgesi” web sahypasynda hasaba durmaly. Ol ýerde geçilen ädimleri ölçelip, şoňa görä elektron gapjyga pul geçirerler diýip, “Sputnik Özbegistan” internet sahypasynda habar berilýär.

Gatnaşyjynyň bir günüň dowamynda geçen 10 müň ädimine 3000 som tölener. Mundan başga-da aýyň dowamynda has işjeňlik görkezenler hem pul baýragyny alyp bilerler. Şäheriň raýatlarynyň arasynda iň köp ýol ýörän ýaşaýja 300 müň som, oba ýaşaýjysyna 500 müň som pul baýragy berler.  Ýurt boýunça has köp menzil aşan ýaşaýja 1 million som pul baýragy göz öňünde tutuldy.

Teswirler Sahypamyz

Hünärmenleriň teswirlerini okamak üçin bu sahypamyza yzygiderli gelip duruň!

Ykdysadyýet sahypamyz

Ýurdumyzda we dünýäde bolup geçýän ykdysadyýete degişli täzeliklerden “habardar” bolmak isleýän bolsaňyz, bu sahypa Siziň üçin!

Ýene-de okaň

14 möjek nähili 94 milliard dollarlyk bähbit emele getirdi?

Ata Watan Eserleri

“Durmuşda iň gymmatly zat näme?”

Tanamaýan birine sesli habar ýa-da tekst ýazmazdan öň nämäni göz öňünde tutmaly?

Ogluň kakasy bilen synagy

Ata Watan Eserleri

“Ýalan söýgä ynanyp, gezipdirin begenip”

“Bahylyň bagy gögermez, gögerse-de miwe bermez”

Ata Watan Eserleri