Türkmen nusgawy edebiýatynyň halypasy Magtymguly Pyragynyň şygryýet älemi ynsanperwer pikirleri ösdürýän umumyadamzat ähmiýetli gymmaty bilen dünýä edebiýatynda mynasyp orun aldy. Akyldar şahyryň edebi mirasynyň dürli döwürlerde daşary ýurt dillerine terjime edilmegi onuň şygyrlaryna siňen türkmen halkynyň ynsanperwerlik ýörelgesini äleme ýaýdy. Magtymguly Pyragynyň ölmez-ýitmez watançylyk aýdymy bilen dünýä halklaryny tanyşdyrdy. Mysal üçin, dana şahyryň “Türkmeniň” goşgusynyň iňlis dilindäki terjimesini alyp göreliň:
Between the Jeyhun and the Khazar sea,
Over the desert blows the breeze of the Turkmen.
Its rose-bud is the pupil of my black eye
From the dark mountain descends the river of the Turkmen.
Bu bentde Magtymguly Pyragynyň türkmen tebigaty bilen kalbynyň inçe baglanyşygy çeper beýan edilýär. Akyldar şahyryň şygyrlarynda esasy öňe sürülýän watançylyk temasy iňlis dilinde hem täsirli ýüze çykýar. Dana akyldaryň:
He is the son of a hero – a hero his father,
Göroghli his brother, drunken his head,
Should they pursue him on mountain or plain,
The hunters cannot take him alive, this panther’s son is the Turkmen – diýen bendinde ýatlanylýan Görogly beg türkmen edebiýatynda mertligiň, edermenligiň, watansöýüjiligiň simwoly hökmünde belli bolup, türkmen halkynyň gahrymançylykly “Görogly” eposynyň baş gahrymany bolmak bilen, onuň çeper keşbinde türkmeniň milli häsiýetleri jemlenýär. Magtymguly Pyragynyň şygrynda Görogly begiň çeper keşbine ýüzlenmegi gündogarda meşhur eposyň türkmen halkynyň taryhy, ýaşaýyş durmuşy, arzuw-islegleri bilen berk baglanyşykly bolandygyny aňladýar.
Hearts, breasts and heads are at one,
When he holds a gathering earth and mountains crumble.
When food is prepared at one table,
Exalted is the destiny of the Turkmen – diýen bentde bolsa “bir suprada taýýar kylynsa aşlar” diýmek bilen şahyryň agzybirligi ündemegi külli adamzatda dost-doganlyk düşünjesini berkidýär.
He sets out in high spirits, sorrow feels not,
He smashes through rocks, his way is not blocked
My eyes alight on none else, nor will my heart rejoice elsewhere,
Magtymguly speaks in the tongue of the Turkmen – diýip, meşhur setirlerini ýazan akyldar şahyr dünýä edebiýatynda A.S.Puşkin, W.Şekspir we beýlekileriň hatarynda mynasyp orun aldy.
Magtymguly Pyragynyň şygyrlary bilen dünýä edebiýatyny ilkinji gezek tanyşdyran Aleksandr Hodzko-Boreýkodyr. Ol 1842-nji ýylda şahyryň üç sany goşgusyny gysgajyk biografiýasy bilen Londonda neşir etdirýär. Soňra şahyryň iki sany goşgusy 1872-nji ýylda F.A.Bakulin tarapyndan rus diline terjime edilýär. Şahyryň şygyrlaryny rus diline terjime etmekde A.Tarkowskiniň, M.Tarlowskiniň, Ý.Gordienkonyň hem hyzmatlaryny bellemek gerek.
Wenger alymy A.Wamberi Budapeştde Magtymguly Pyragynyň golýazmalarynyň üstünde işläp, onuň otuz bir sany goşgusyny 1879-njy ýylda Leýpsigde neşir etdirýär. Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynyň ýygyndysy N.P.Ostrownow tarapyndan hem toplanyp, 1911-nji ýylda Taşkentde arap elipbiýinde çap edilipdir.
Türkmen halkynyň milli şahyry Magtymguly Pyragynyň goşgulary Abdyrahman Düýeji tarapyndan pars diline terjime edilýär we “Magtymguly Pyragynyň biografiýasy we saýlanan goşgulary” ady bilen neşir edilýär. Bu kitap 285 sahypadan ybarat bolup, kitapda awtoryň sözbaşysy we şahyryň 53 sany pars diline terjime edilen goşgulary ýerleşdirilipdir. Bu goşgular türkmen nusgawy edebiýatynyň halypasynyň şygryýet älemi bilen pars dilli edebiýaty, şonuň ýaly-da pars dilli halklary tanyşdyrdy.
Häzirki wagta çenli şahyryň şygyrlary 30-a golaý daşary ýurt dillerine, ýagny: iňlis, rus, belarus, ukrain, ispan, hytaý, koreý, urdu, türk, azerbaýjan, özbek, tatar, gazak, ermeni, täjik, arap, ýapon, rumyn, gruzin ýaly dillere terjime edildi. Goşgular dürli dillere terjime edilende şahyryň dünýäniň golýazma hazynalarynda saklanylýan 400-e golaý diwanynyň esasynda taýýarlanylan “Magtymguly. Eserler ýygyndysy. Sowgatlyk” atly (-Aşgabat, 2012ý.) ýygyndy esas edilip alyndy. Daşary ýurtlarda şahyryň eserleriniň tanyşdyrylyş dabaralary, onuň giň many-mazmunly döredijiligi bilen baglanyşykly halkara ylmy maslahatlar geçirildi. Türkmen halkynyň akyldar şahyrynyň edebi mirasynyň çäksiz gymmatyny göz öňünde tutup, TÜRKSOÝ guramasynyň 2024-nji ýyly “Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly” diýip yglan etmegi, dana Pyragynyň golýazmalar toplumynyň ÝUNESKO-nyň “Dünýäniň hakydasy” maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi hem möhüm taryhy wakalar boldy.
Güljahan ANNAMÄMMEDOWA,
Hydyr Derýaýew adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň iňlis dili mugallymy.
Bellik: Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny şöhratlandyrmak, ýaşlary akyldar şahyra bagyşlanan kämil eserleri döretmäge höweslendirmek maksady bilen “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnaly döredijilik bäsleşiginden ötüri “galam hakly” döredijilik işini yglan edýär. Emeli Intellektiň mümkinçiliklerinden peýdalanyp geçirilýän döredijilik işi “Ak Tam” hojalyk jemgyýetiniň hemaýat bermeginde geçirilýär.
Şeýle hem ýakyn wagtda saýtymyzdan bu makalany iňlis we türk dillerinde okap bilersiňiz. Emeli intellektiň üsti bilen ýörite wideo taýýarlap, “Atavatan Tv Youtube” kanalyna we www.atavatantv.com saýty bilen dünýäniň tomaşaçylar köpçüligine ýetireris.