JEMGYÝET

Putin Türkmen Liderini doglan güni bilen gutlady

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Russiýanyň Prezidentiniň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, Wladimir Putin Gurbanguly Berdimuhamedowy doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlady.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda iki ýurduň döwlet Baştutanlary söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk hem-de koronawirus ýokanjyna garşy göreşmek ýaly gün tertibiniň esasy wakalary boýunça pikir alyşdylar.

Döwlet Baştutanlary türkmen-rus strategik hyzmatdaşlygyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine her iki tarapyň hem ygrarlydygyny tassykladylar.

Mälim bolşy ýaly, Russiýanyň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidentine doglan güni mynasybetli gutlag hatyny hem iberipdi.

Onda hususan-da şeýle diýilýär:

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Siziň doglan günüňiz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň!

Siziň baştutanlygyňyzda Türkmenistan durmuş-ykdysady ösüş ýoly bilen ynamly öňe gidip, sebit we halkara işlerde möhüm orun eýeleýär.

Biziň döwletlerimiziň arasynda strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen tagallalaryňyza ýokary baha berýäris. Bilelikdäki tagallalarymyz bilen hemme ugurlarda özara bähbitli rus-türkmen gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürjekdigimize ynanýaryn. Munuň özi biziň dostlukly halklarymyzyň bähbitlerine laýyk gelýär we Merkezi Aziýada hem-de Hazar deňzi sebitinde durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmäge gönükdirilendir.

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagt, abadançylyk hem-de üstünlikler arzuw edýärin!

 

Hormatly Prezidentimize doglan güni mynasybetli gutlaglar

Ýene-de okaň

Ýusuf Azmun: täze kitap iňlis we türkmen dili üçin gymmatly gollanma

Donald Tramp Türkmenistanyň Prezidentini Nowruz baýramy bilen gutlady

Gruziýa türkmen gazyny we nebitini üstaşyr geçirmekde goldaw bermäge taýýar

Türkmenistan Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň Müdiriýetiniň mejlisine gatnaşdy

Aziýa Kubogy–2027: ertir Türkmenistan Tailand bilen duşuşar.

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarynyň Gruziýanyň Premýer-ministri bilen duşuşygy