IŞ ORUNLARY & TENDERLER

“Petronas” täze boş iş orunlaryny hödürleýär

Gyýanly obasynda işlemek üçin hünärmen (nebitgaz desgalarynda inženerçilik desgalarynyň taslamalaşdyrylmagy we gurluşygy boýunça).

Bildirilýän talaplar: dalaşgärler özleri barada maglumatlary we aşakdaky bentlere degişli resminamalary bermelidirler:

Bilimi: görkezilen ugur boýunça ýokary bilimi bolmaly.

Iş tejribesi: nebitgaz pudagynda 5 ýyl iş tejribesi bolmaly.

Dil ukyplary: iňlis, türkmen, rus dillerinde erkin gürläp we ýazyp bilmeli.

Endikleri we başarnyklary: «MS Office» («MS Word», «MS Excel») programmalary bilen işlemegi başarmaly.

Aşgabat şäherinde işlemek üçin bölüm kömekçisi (kreditorlyk we debitorlyk bergisi boýunça).

Bildirilyän talaplar: dalaşgärler özleri barada doly maglumatlary we aşakdaky bentlere degişli resminamalary bermelidirler:

Bilimi: buhgalter hasaby we maliýe pudagynda şahadatnamasy ýa-da deň derejeli resminamasy bolmaly.

Iş tejribesi: 2 ýyldan 5 ýyla çenli degişli pudakda iş tejribesi bolmaly.

Dil ukyplary: iňlis dilinde erkin gürläp we ýazyp bilmeli.

Endikleri we başarnyklary: «SAP» we «MS Office» programmalaryny bilmeli.

Gyýanly obasynda işlemek üçin kömekçi (materiallary we galyndylary gaýtadan işlemegi dolandyrmak boýunça).

Bildirilýän talaplar: dalaşgärler özleri barada doly maglumatlary we aşakdaky bentlere degişli resminamalary bermelidirler:

Bilimi: ýörite orta bilim barada diplom. Işewürligi dolandyrmak boýunça goşmaça diplom artykmaçlyk hasaplanýar.

Iş tejribesi: ammary we materiallary dolandyrmak boýunça 5 ýyl iş tejribesi bolmaly.

Dil ukyplary: iňlis, türkmen, rus dillerinde erkin gürläp we ýazyp bilmeli.

Endikleri we başarnyklary: «MS Office» (MS Word, MS Excel) programmalary bilen işlemegi başarmaly.

Gyýanly obasynda işlemek üçin tehnik (barlaghana üçin).

Bildirilýän talaplar: dalaşgärler özleri baradaky doly maglumatlary we aşakdaky bentlere degişli resminamalary bermelidirler:

Bilimi: islendik degişli hünärment ýa-da tehniki orta okuw mekdebiniň diplomy bolmaly.

Iş tejribesi: 2 ýyldan 5 ýyla çenli nebitgaz pudagynyň barlaghanasynda işlän iş tejribesi bolmaly.

Dil ukyplary: iňlis, türkmen we rus dillerinde erkin gürläp we ýazyp bilmeli.

Endikleri we başarnyklary: degişli ugur boýunça hünär taýýarlygy bolmaly hem-de «MS Office» programmasynda işlemegi başarmaly.

Sowalnamalary https://shorturl.at/epCP2 elektron salgysy boýunça ýa-da «PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasynyň Aşgabat şäheriniň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy şaýolunyň 81-nji jaýynda ýerleşýän («B» blok) edara binasyndan alyp bilersiňiz.

Doldurylan sowalnamalar şu habaryň çap edilen gününden başlap, 2 hepdeden gijä galman «PÇ(T)SB» kompaniýasyna dalaşgäriň doly ady, familiýasy görkezilip tabşyrylmalydyr ýa-da recruitment.tm@petronas.com.my еlektron salgysy boýunça ugradylyp bilner.

Diňe talaplara laýyk gelýän dalaşgärler söhbetdeşlige çagyrylar.

Ýene-de okaň

Baýramaly etrabynyň çäginde ýerleşýän kärhanalarda boş iş orunlary hödürlenýär

Ata Watan Eserleri

Mary welaýatynda boş iş orunlary hödürlenýär

Lebap welaýatynda boş iş orunlary hödürlenýär

Balkan welaýatynda boş iş orunlary hödürlenýär

Ata Watan Eserleri

Daşoguz welaýatynda boş iş orunlary hödürlenýär

“PETRONAS Çarigali”: ökde hünärmenleri işe çagyrýar