IŞ ORUNLARY & TENDERLER

“PETRONAS Çarigali”: ökde hünärmenleri işe çagyrýar

“PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd” kompaniýasy ökde hünärli dalaşgärleri işe çagyrýar:

Gyýanly obasynda işlemek üçin tehnik (tehnologik proses boýunça)

Bildirilyän talaplar:

dalaşgärler özleri barada maglumatlary we aşakdaky bentlere degişli resminamalary bermelidirler:

Bilimi: islendik degişli hünär mekdebiniň ýa-da tehniki orta okuw mekdebiniň sertifikaty bolmaly.

Iş tejribesi: degişli pudakda azyndan 3 ýyl iş tejribesi bolmaly.

Dil ukyplary: iňlis, türkmen, rus dillerinde erkin gepläp we ýazyp bilmeli.

Endikleri we başarnyklary: “MS Office” programmasynda işlemegi başarmaly.

Gyýanly obasynda işlemek üçin hünärmen (terjimeçi)

Bildirilyän talaplar:

dalaşgärler özleri barada maglumatlary we aşakdaky bentlere degişli resminamalary bermelidirler:

Bilimi: lingwistika boýunça ýokary bilimli bolmaly.

Iş tejribesi: ýazmaça, dilden terjimeçi wezipesinde azyndan 2 ýyl iş tejribesi bolmaly.

Dil ukyplary: iňlis, türkmen, rus dillerinde erkin gepläp we ýazyp bilmeli.

Endikleri we başarnyklary: “MS Office” programmasynda işlemegi başarmaly.

Sowalnamalary “PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd” kompaniýasynyň Aşgabat şäheriniň Saparmyrat Türkmenbaşy şaýolunyň 81-nji jaýynda ýerleşýän (“B” blok) edara binasyndan alyp bilersiňiz.

Doldurylan sowalnamalar şu habaryň çap edilen gününden başlap, bir hepdeden gijä galman, «PÇ(T)SB” kompaniýasyna dalaşgäriň doly ady, familiýasy görkezilip tabşyrylmalydyr ýa-da recruitment.tm@petronas.com.my еlektron salgysy boýunça ugradylyp bilner.

Diňe talaplara laýyk gelýän dalaşgärler söhbetdeşlige çagyrylar.

Ýene-de okaň

Baýramaly etrabynyň çäginde ýerleşýän kärhanalarda boş iş orunlary hödürlenýär

Ata Watan Eserleri

Mary welaýatynda boş iş orunlary hödürlenýär

Lebap welaýatynda boş iş orunlary hödürlenýär

Balkan welaýatynda boş iş orunlary hödürlenýär

Ata Watan Eserleri

Daşoguz welaýatynda boş iş orunlary hödürlenýär

“Petronas” täze boş iş orunlaryny hödürleýär