SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Pekin, Almaty we Deli ugurlary boýunça biletleriň onlaýn satuwy başlady

Düýn we şu gün habar berşimiz ýaly, “Türkmenistan” awiakompaniýasy halkara uçar gatnawlarynyň ugurlaryny giňeldýär. Ilkinji nobatda, Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý, Russiýanyň Tatarystan Respublikasynyň Kazan, Russiýanyň Moskwa, Türkiýäniň Stambul we Germaniýanyň Frankfurt şäherlerine halkara adaty uçar gatnawlary ýola goýuldy.

“Türkmenistan” awiakompaniýasy halkara gatnawlarynyň ugurlarynyň has-da artdyrmak bilen mart aýynyň ahyrynda we aprel aýlarynda Tailandyň Bangkok, Belarusyň Minsk, Hindistanyň Deli, Gazagystanyň Almaty, Russiýanyň Sankt-Peterburg, Türkiýäniň Ankara, Fransiýanyň Pariž, Koreýa Respublikasynyň Seul we Ýaponiýanyň Tokio şäherlerine halkara uçar gatnawlaryny täzeden dikelmegi meýilleşdirýär.

Halkara uçar gatnawlarynyň ugurlary koronawirus pandemiýasyndan ozalky derejesine ýetirmek üçun tagalla edilýär.

Ine, halkara howa gatnawlarynyň kem-kemden täze ugurlar bilen dikeldilýän döwründe Aşgabatdan Gazagystanyň Almaty, Hindistanyň Deli we Hytaýyň Pekin şäherlerine awiapetekleriň onlaýn söwdasy başlady.

“Türkmenportal” neşiriniň habaryna görä, bu ugurlar boýunça biletleriň sawuty 2023-nji ýylyň oktýabrynyň ahyryna çenli açykdyr.

2023-nji ýylyň 9-njy martyndaky ýagdaýa görä:

  • Aşgabat — Almaty: 3587 manat 50 tenge
  • Aşgabat – Deli: 4611 manat 30 tenge
  • A;gabat-Pekin: 9047 manat 50 tenge

Bu tarifler diňe bir tarapy üçin degişlidir.

Bu gatnawlaryň rejesi we biletleri satyn almak üçin has giňişleýin maglumatlary “Türkmenistan” awiakompaniýasynyň resmi saýtyndan alyp bolar.

Awiabiletleriň onlaýn satyn almak üçin gitjek ugry saýlamak bilen “Altyn asyr” bank karty arkaly tölemek bolar. Raýatlar bu onlaýn bilet ulgamyna biometrik pasportunyň maglumatlaryny girizmelidir.

 

2023-nji ýylyň 26-nji martyndan Aşgabat halkara howa menzilinden amala aşyrylýan halkara ýolagçy howa gatnawlaryň tertibi
Uçuşyň ugry Gatnaw belgisi Uçýan güni Uçyan wagty Gonýan wagty
Aşgabat – Alma-Ata T5-715 2 22-30 *02-00
Aşgabat – Alma-Ata T5-717 4 09-05 12-35
Aşgabat – Dubaý T5-817 1 12-00 13-30
Aşgabat – Dubaý T5-811 5 17-00 18-30
Aşgabat – Deli T5-537 7 05-15 09-05
Aşgabat – Frankfurt T5-463 6 11-20 14-20
Aşgabat – Kazan T5-737 3 15-15 16-30
Aşgabat – London T5-421 3 13-00 15-50
Aşgabat – Moskwa T5-703 2 19-15 21-15
Aşgabat – Moskwa T5-723 5 05-05 07-05
Aşgabat – Moskwa T5-725 3 18-50 20-50
Aşgabat – Pekin T5-603 2 01-20 10-50
Aşgabat – Pekin T5-607 5 17-20 *03-20
Aşgabat – Pekin T5-605 7 02-50 12-20
Aşgabat – Stambul T5-901 3 05-50 08-10
Aşgabat – Stambul T5-921 1,4,5 18-40 20-40
Aşgabat – Stambul T5-985 6 14-10 16-10
Aşgabat – Stambul T5-927 7 22-20 *00-20
Alma-Ata – Aşgabat T5-716 3 03-40 05-10
Alma-Ata – Aşgabat T5-718 4 14-00 15-50
Dubaý – Aşgabat T5-818 1 14-45 18-15
Dubaý – Aşgabat T5-812 5 19-50 23-20
Deli – Aşgabat T5-538 7 10-35 14-15
Frankfurt – Aşgabat T5-464 6 15-50 *00-20
Kazan – Aşgabat T5-738 3 18-05 23-05
London – Aşgabat T5-422 3 17-50 *04-00
Moskwa – Aşgabat T5-704 2 22-45 *04-35
Moskwa – Aşgabat T5-724 5 08-35 14-25
Moskwa – Aşgabat T5-726 4 22-20 *04-10
Pekin – Aşgabat T5-604 2 12-20 16-20
Pekin – Aşgabat T5-608 6 04-50 08-50
Pekin – Aşgabat T5-606 7 13-50 17-50
Stambul – Aşgabat T5-902 3 09-45 15-35
Stambul – Aşgabat T5-922 1,4,5 22-15 *04-05
Stambul – Aşgabat T5-986 6 17-40 23-30
Stambul – Aşgabat T5-928 1 02-00 07-50
Bellik: Her aeroport üçin ýerli wagt görkezilen;
* – Gonýan wagty indiki gün

 

Ýene-de okaň

Türkıýe – gepleşıklerıñ we gıň gerımlı çärelerıň geçırılýän mekany

Aşgabat-Deli ugry boýunça goşmaça gatnawlar guralar

Türkiýe 2025-nji ýylda syýahatçylykdan 64 milliard dollar girdejä garaşýar

Azerbaýjanyň syýahatçylyk mümkinçilikleri

Ata Watan Eserleri

Aşgabat-Moskwa rejeli gatnawlaryň togtadylmagy dowam edýär

XII Türkmen-german forumy geçiriler