SPORT

Parapauerlifting: Ýewropanyň açyk çempionatyndan 6 medal

Türkmenistanly sport janköýerlerini begendirjek nobatdaky hoş habar Gruziýanyň paýtagty Tbilisi şäherinden gelip gowuşdy. Bu şäherde parapauerlifting boýunça geçirilen Ýewropanyň açyk çempionatynda ildeşlerimiz medallaryň altysyna mynasyp boldular.

Ýaryşyň «Pariž — 2024» Paralimpiýa oýunlarynyň ikinji saýlama tapgyry bolandygyny aýratyn nygtamak gerek. Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Tahyr Şorahanowyň şägirtleri bu abraýly ýaryşdan altyn medallaryň 3-si, kümüş medallaryň 2-si we bir bürünç medal bilen gaýdyp geldiler.

Paýtagtly parapauerliftingçiler Sergeý Meladze bilen Maýagözel Ekäýewanyň ýokary netije gazanyp, Pariže sary barýan ýoluň üçünji saýlama tapgyryna hem gatnaşmaga hukuk gazanandyklaryny aýratyn nygtamak gerek. Nobatdaky synaglar indiki ýylda geçiriler. Ýeri gelende, türgenleriň Paralimpiýa oýunlarynda çykyş etmek üçin şeýle saýlama tapgyrlaryň dördüsini geçmeli boljakdyklaryny bellemelidiris.

Anyk maglumatlara salgylansak, Sergeý Meladze 72 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edip, 165 kilogramlyk şahsy netijesi bilen iň gowy bäş türgeniň arasyna girdi. Ýaryşdaky umumy netijesi 480 kilograma ýeten ildeşimiz bürünç medalyň eýesi boldy.

79 kilogram agram derejesinde Ýewropanyň açyk çempionatyna gatnaşan Maýagözel Ekäýewa (şahsy görkezijisi — 106 kilogram, umumylykda — 208 kilogram) kümüş medallaryň ikisini gazandy.

Halkara ýaryşlara ilkinji gezek gatnaşýan 15 ýaşly Aýnur Orazowa 55 kilograma çenli agram derejesinde güýjüni synap, ýetginjekleriň ýaryşynyň altyn medalyny eýeledi. 50 ýaşly Baýramgeldi Saparow bolsa uly ýaşlylaryň arasynda 80 kilograma çenli agram derejesinde iki altyn medala mynasyp boldy. Onuň şahsy görkezijisi 160, umumy netijesi bolsa 465 kilograma ýetdi.

Ýene-de okaň

Döwletjan Ýagşymyradow amerikaly Kori Anderson bilen tutluşyga çykar

Ata Watan Eserleri

“Al-Nasr” Kingsli Koman bilen şertnama baglaşdy

AFK-nyň Çempionlar ligasy – 2: «Arkadag» hem-de «Ahal» toparlarynyň garşydaşlary belli boldy

Türkmenistanyň zenanlar küşt ýygyndysy halkara reýtingde ilkinji 50-lige girdi

«PSŽ» ilkinji gezek UEFA-nyň Superkubogyny gazandy

“Ahal” topary AFK-nyň ikinji Çempionlar ligasyna gatnaşar