DÜNÝÄ

Paragwaý gurakçylyga sezewar boldy

Günorta Amerikada 2019-njy ýylda başlanan gurakçylygyň iň köp täsir eden ýurdy bolan Paragwaýda alymlar öz aladalaryny beýan etdiler. Hünärmenler 2 ýyl bäri dowam edýän gurakçylygyň howanyň üýtgemegi bilen baglanyşyklydygyny we ýurtdaky tokaý ýerleriniň günsaýyn azalýandygyny mälim etdiler. Esasan-da, Braziliýa, Paragwaý we Argentinanyň üstünden geçýän Parana derýasy, 117 ýyldan bäri iň pes derejä düşdi. Paragwaý bolsa guramagy sebäpli ykdysady kynçylyklara sezewar boldy.Ýurduň paýtagty Asunsion uly gurakçylyga sezewar boldy. Meteorologiýa we gidrologiýa gözegçilikleriň müdiri Oskar Hugo Rodriges Salcedo, suw derejesiniň paýtagtda 1904-nji ýyldan bäri iň pes derejededigini aýtdy.Paragwaýda, Parana derýasynyň üstünden derýa flotunyň söwdasy ykdysadyýetiň möhüm bölegini emele getirýär, ýüzlerçe maşgala bolsa derýa balykçylygyndan gazanç edýär.Ýurduň gündogaryndaky Atlantik tokaýynyň we günbatardaky Çako tokaýynyň hem guraklyk bilen göreşýändigi mälim edildi.

Samsunda medeni çäre : Garaşsyzlyk baýramy

 

Ýene-de okaň

Türkiýäniň Demokratiýa we milli agzybirlik güni Aşgabatda bellendi

Tiranozawr Reksiň skeleti 50,1 million ABŞ dollaryna satyldy

Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasynda hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna gol çekildi

Jakartada syýasy geňeşmeler we ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesi geçirildi

Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Ýorkdaky ýokary derejeli syýasy foruma gatnaşýar

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasarynyň Indoneziýa Respublikasyna iş sapary