DÜNÝÄ

Pakistanda täze Premýer-ministr saýlandy

Pakistanyň Musulman ligasynyň ýolbaşçysy Şahbaz Şarif ýurduň täze Premýer-ministri wezipesine saýlandy. Ýurduň Milli geňeşinde (parlamentiň aşaky palatasy) geçirilen ses berişlik Pakistanyň teleýaýlymynda göni ýaýlymda alnyp berildi.

Şahbaz Şarif üçin täze deputat düzüminiň 201-si ses berdi. Parlamentiň aşaky palatasynda 336 deputat bar. Şarifiň bu wezipedäki esasy bäsde’i “Adalat üçin hereket” partiýasynyň baş sekretary Omar Aýýub Han boldy.

Şahbaz Şarif şu gün kasam kabul edip, resmi taýdan wezipesine girişer. Şarif 2022-nji ýylyň aprelinden 2023-nji ýylyň awgusty aralygynda Pakistanyň hökümet baştutany wezipesini alyp barypdy.

Şahbaz Şerif (doly ady Mian Muhammet Şahbaz Şerif) 1951-nji ýylyň 23-nji sentýabrynda Pakistanyň demirgazyk-gündogaryndaky Penjap welaýatynyň paýtagty Lahorda senagatçy Mian Muhammet Şerifiň maşgalasynda dünýä indi. Uly dogany Nawaz Şerif üç gezek ýurduň hökümetine ýolbaşçylyk edipdi.

Related posts

Türkmenistan-Ýaponiýa: infrastruktura ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça ähtnama gol çekildi

Ata Watan Eserleri

Iýmit önümleri hakynda täsin maglumatlar

Türkmenistanda Sindzo Abe hatyralandy

Ata Watan Eserleri